Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Synçy: Türkmen jemgyýetinde esasan 'ilçilik kadalary' adam gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar


Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Dünýä Türkmenleri geçen gepleşiklerimiziň iki sanynda yzly-yzyna täze türkmen jemgyýetinde emele gelen sosial synplary öwrenmäge çalyşdy. Biz bu tema boýunça taýýarlanýan iň soňky gepleşigimiziň üçünji sanyny siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Geçen gepleşiklerimiziň iki sany yzly-yzyna täze türkmen jemgyýetinde emele gelen sosial synplary öwrenmäge çalyşdy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary we ýerli synçylar otuz ýyldan gowrak garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda emele gelen sosial gatlaklary, gatlaklaryň arasyndaky gatnaşyklary seljerdiler.

Şol bir wagtda, jemgyýetde adamyň statusyny kesgitlemekde uly rol oýnaýan kapitalyň görnüşleri barada gürrüň gozgadyk.

Eýsem, jemgyýetde adamyň statusyny näme kesgitleýär, kesgitleýji faktorlar türkmen jemgyýetinde her bir adama nä derejede elýeterli? Adamlarda adalata we deňlige bolan ynam nä derejede güýçli? Il we ilçilik düşünjesi, ilçilik kadalary türkmenlerde nähili manylary özünde jemleýär?

Biz bu tema boýunça taýýarlanýan iň soňky gepleşigimiziň üçünji sanyny siziň dykgatyňyza ýetirýäris. Bu gepleşikde Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally täze türkmen jemgyýetinde emele gelen gatlaklar, sosial synplar baradaky pikir-garaýyşlaryny beýan edýär.

Synçy: Türkmen jemgyýetinde esasan 'ilçilik kadalary' adam gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Forum

XS
SM
MD
LG