Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda jenaýat ketdelerine garşy geçirilen hüjümleriň geň netijeleri


"Rawşan Zolotoý" lakamy bilen tanalýan Rawşan Muhiddinow (çepden iň çetde) Parižde geçirilen Olimpiýa ýaryşlarynda Özbegistanyň prezidentiniň kiçi giýewi Otabek Umarowyň ýanynda düşen suratyny internetde paýlaşdy, 2024-nji ýylyň oktýabry. Instagram.
"Rawşan Zolotoý" lakamy bilen tanalýan Rawşan Muhiddinow (çepden iň çetde) Parižde geçirilen Olimpiýa ýaryşlarynda Özbegistanyň prezidentiniň kiçi giýewi Otabek Umarowyň ýanynda düşen suratyny internetde paýlaşdy, 2024-nji ýylyň oktýabry. Instagram.

Daşkentde "Zarply 40 gün" kampaniýasynyň başlanmagyndan on bir aý geçensoň, jenaýat dünýäsiniň wekillerine garşy sud we şikaýatlar häzirem dowam edýär.

Bu kazyýet diňlenişiklerde derňew geçirilen wagty gynamalar we beýleki basyşlar baradaky aýyplamalar diňlenildi, emma aýyplanýanlaryň garyndaşlarynyň bu barada kanun goraýjy edaralara resmi taýdan ýüz tutandygy belli däl.

Reýdler netijesinde tussag edilen Özbegistanyň jenaýat toparynyňtanymal wekili Salim Abduwaliýewiň ("Salimboýwaçça" lakamly) haýsy türmede öz hökümini çekýändigi entegem nämälim.

Bu aralykda, jenaýat dünýäsiniň beýleki belli wekilleri, hususan-da Gafur Rahimow we onuň daşary ýurtda ýaşaýan ýegeni Raan Muhiddinow (lakamy "Raan Zolotoý") diňe bir kanun goraýjy edaralaryň ünsünden düşmän, eýsem uly sport çäresi geçirilende, Şawkat Mirziýoýewiň kiçi giýewi we Özbegistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygynyň birinji orunbasary Otabek Umarowyň ýanynda görüldi.

Şu tomusda türmä basylan Saidaziz Saidaliýew ýaňy-ýakynda Daşkendiň kazyýet zalyna getirildi.

Daşkent şäher kazyýetiniň jenaýat şikaýat işleri boýunça komiteti Saidaliýewi goraýjylarynyň şu ýylyň 5-nji awgustynda özüne çykarylan höküme garşy gozgalan arzasyna seretdiler.

Saidaziz Saidaliýew kazyýet zalynda, 2024-nji ýylyň 11-nji iýuny. Özbegistanyň Ýokary kazyýetiniň suraty
Saidaziz Saidaliýew kazyýet zalynda, 2024-nji ýylyň 11-nji iýuny. Özbegistanyň Ýokary kazyýetiniň suraty

"Saidaziz medgorodok" lakamy bilen tanalýan 36 ýaşly Saidaliýew ýaş jenaýatçylar dünýäsinde tanymallaryň biri saýylýar.

Şu ýylyň 5-nji awgustynda Daşkent şäher Ýunusabat etrap jenaýat kazyýeti Saidaliýewi 20 ýyl türme tussaglygyna höküm çykaryp, ol bu möhleti umumy düzgünli koloniýada geçirmeli edildi.

Saidaliýew Ýunusabat etrap kazyýetinde jenaýat işiniň birinji tapgyrynda, özüne garşy aýyplamalary inkär etdi.

Aýyplamalar bilen tanyş bolan Azatlyk Radiosynyň Daşkentdäki çeşmesiniň beren maglumatyna görä, Saidaliýew apellýasiýa diňlenişigine “Daştürmeden” getirilipdir.

– Derňew işi Saidaliýewi 17 bölümde aýyplady. Ol kazyýetde: «Meniň eden-etdilikde jenaýat eden bolmagym mümkin, ýöne başga jenaýatlary etmedim» diýýär. Onuň aklawçylary hem diňe 229-njy madda ("Eden-etdilik") boýunça günäkärdigini aýdyp, galan aýyplamalaryň kazyýetde tassyklanmandygyny öňe sürdüler. Jenaýatçylykly topara birleşen telekeçileriň galan bölegine garşy aýdylan aýyplamalar hem kazyýetde tassyklanmady. Emma kazy muny göz öňünde tutmady. Arza-şikaýat diňlenişiginiň nähili gutarjagy häzirlikçe belli däl – diýip, çeşme aýdýar.

Onuň sözüne görä, geçen duşenbe güni Saidaziz Saidaliýew düzediş edarasynyň içerki düzgünlerini bozandygy üçin, 10 gün jerime tussaghanasyna höküm edilipdir.

Saidaliýewiň garşysyna gynamalaryň ulanylandygy belli däl.

Ýatladyp geçsek, Saidaliýew Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 165-nji maddasy ("Talaňçylyk"), 168-nji ("Ýalançylyk") maddasy boýunça jenaýat etmekde günäli tapylypdy; 242-nji ("Jenaýatçylykly toparlanyşygy guramak"), 243-nji ("Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy"), 277-nji ("Huligançylyk") we 211-nji ("Para almakda gatnaşmak") maddalarynda aýyplandy.

Şol döwürde käbir diňlenişikler ýerli žurnalistler üçin açyk boldy. Kazyýetde sogar-jogap wagtynda, käbir täsin pursatlar agzalyp geçildi.

Hususan-da, “Saidaziz Medgorodokdan” Özbegistanyň we post-sowet sebitiniň jenaýat başlygy Salim Abduwaliýew bilen baglanyşygy barada sorag berlende: "atam ýaly ynsan" diýip taryplapdyr.

"Salimboýwaçça" lakamy bilen tanalýan Salim Abduwaliýew bikanun ýarag edinmekde aýyplanyp, şu ýylyň mart aýynda 6 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Onuň jenaýat işi ýapyk diňlenişikde geçirilensoň, bildirilen aýyplamalar köpçülige mälim däl.

Bu aralykda, Gyrgyzystanyň ýörite gulluklary Salim Abuwaliýewi başga bir gyrgyz jenaýat toparyny, ýagny aradan çykan Kamçy Asanbeki (Kolbaýew) maliýeleşdirmekde aýyplady.

Mundan daşary-da, gyrgyz tarapy Abduwaliýewi pul ýuwmakda we neşe gaçakçylygynda güman edip, halkara gözleginiň sanawyna girizdi.

ABŞ-nyň sanksiýalary astynda bolan "Kolýa-gyrgyz" lakamly Kamçy Kolbaýew geçen ýylyň 4-nji oktýabrynda Gyrgyzystanyň ýörite gulluklarynyň Bişkegiň merkezinde geçiren operasiýasynda atylyp öldürildi.

Soňky sözünde "Bahti Taşkentskiý" lakamly jenaýat ketdesi Bahtiýor Kudratullaýew kazylardan, özi bilen saklanan beýleki aýyplanýanlaryň jezasyny azaltmagy haýyş etdi.
Soňky sözünde "Bahti Taşkentskiý" lakamly jenaýat ketdesi Bahtiýor Kudratullaýew kazylardan, özi bilen saklanan beýleki aýyplanýanlaryň jezasyny azaltmagy haýyş etdi.

Kolbaýew ölenden soň, Gyrgyzystanda 200-den gowrak döwlet işgäri ogrularyň dünýäsine goşulmakda aýyplanyp, wezipesinden boşadyldy.

Gyrgyzystanda Abduwaliýew bilen jenaýatçylykly dildüwşükde şübhelenip, on çemesi tanymal adam barlaga çekildi.

Gyrgyzystan Respublikasynyň Milli howpsuzlyk Döwlet komitetiniň (MHDK) 5-nji awgustda beren beýanatynda, Bişkeginiň Oktýabr etrap kazyýetiniň Abduwaliýewiň garşysyna jenaýat işini açyp, bu iş boýunça ony halkara gözleg sanawyna girizendigi aýdylýar.

«S. Abduwaliýew özüniň göz öňünde tutýan ýaramaz maksatlaryny amala aşyrmak üçin, Gyrgyzystan Respublikasynyň we GDA ýurtlarynyň territoriýasynda täsir ediş çäklerini giňeltmek boýunça K. Asanbekiň we onuň toparynyň bikanun işlerini her bir mümkin bolan görnüşde goldap, yzygiderli maliýeleşdirdi» diýip, MHDK-nyň beýanatynda aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň käbir çeşmeleriniň aýtmagyna görä, 2023-nji ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda Özbegistanda başladylan guramaçylykly jenaýatçylara garşy hüjümlere gyrgyz ýörite gulluklary tarapyndan edilen agyr aýyplamalar sebäp bolupdyr.

Geçen ýyl özbek kanun goraýjylary jenaýat dünýäsiniň onlarça agzasyny "Zarply 40 gün" diýip atlandyrylan hüjümlerde tussag edipdi.

Häkimiýetler bu hüjümleriň ýurtda jenaýat ýagdaýyny azaltmaga gönükdirilendigini aýtdylar.

Salim Abduwaliýew 2017-nji ýyldan bäri Özbegistanyň Milli olimpiýa komitetiniň başlygynyň orunbasary boldy hem sportuň ösdürilmegine goşan goşandy üçin, köp sanly döwlet sylaglaryny aldy. 2006-njy ýylda ABŞ-nyň diplomatiýa hatlaryndan syzyp çykan maglumata görä, ol "Daşkent mafiýasynyň ýolbaşçysy" diýlip atlandyryldy. Ýokary döwlet wezipelerini çinowniklere "satypdyr" we telekeçilik kärhanalary üçin, girdejili döwlet şertnamalaryny amala aşyrypdyr.

Emma resmi Daşkent goňşy ýurtda Salim Abduwaliýewe garşy edilen aýyplamalara hiç hili reaksiýa bildirmedi.

Käbir bilermenleriň tassyklamagyna görä, Gyrgyzystanyň jenaýat ketdesi Kamçy Asanbekiň (Kolbaýew) öldürilmeginiň we Salim Abduwaliýewiň türmä basylmagynyň hakyky sebäbi iki ýurduň häkimiýetlerine ýakyn güýçleriň gizlinlikde alnyp barylýan önümleriň söwdasyny öz üstüne almak synanyşygydyr. Kontrabanda söwdasy geçen güýze çenli Gyrgyzystanda Kolbaýew, Özbegistanda bolsa Abduwaliýew tarapyndan dolandyrylýardy.

Gyrgyzystanda Kolbaýew öldürilenden soň, Hytaýdan gizlinlikde gelýän harytlaryň söwdasynyň ýurduň häzirki hökümetine ýakyn aýlawlaryň eline geçendigi barada habarlar peýda boldy.

Azatlygyň käbir söhbetdeşleri Özbegistanda höküm sürýän gatlagyň wekilleriniň ýakynda jenaýat toparlarynyň ýanynda görlendigine ünsi çekdiler.

Geçen ýyl "Graf" we "Gafurbaý" lakamlary bilen tanalýan jenaýat ketdesi Gafur Rahimow Daşkentde geçirilen uly sport çäresinde, Şawkat Mirziýoýewiň kiçi giýewi we Özbegistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygynyň birinji orunbasary Otabek Umarow bilen birlikde görüldi.

Gafur Rahimow we Otabek Umarow Daşkentdäki sport çäresinde.
Gafur Rahimow we Otabek Umarow Daşkentdäki sport çäresinde.

Özbegistanyň jenaýat ketdeleriniň arasynda Salim Abduwaliýewiň we onuň bäsdeşi, 73 ýaşly Gafur Rahimowyň aýratyn saýlanýandygyny ABŞ-nyň ilçisi Jon Purnell 2006-njy ýylda "gizlinlik" belgili kabelde habar berdi.

Şol ýazgylarda 73 ýaşly Rahimowyň Özbegistanda maýa goýýan daşary ýurt kompaniýalaryna basyş edendigi we olardan paý alýandygy aýdylýar.

2012-nji ýylda ABŞ "Doganlyk halkasy" atly guramaçylykly jenaýat toparynyň ýolbaşçylarynyň biri hökmünde, Rahimowy halkara gözlegler sanawyna girizipdi.

Ýaňy-ýakynda bolsa Otabek Umarow kriminal dünýäsinde "Rawşan Zolotoý" lakamy bilen tanalýan Rawşan Muhiddinowyň ýanynda görlüpdi.

Gafur Rahimowyň ýegeni bolan Muhiddinow 2007-nji ýylda Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 242-nji maddasyna ("Jenaýatçylykly toparlanyşygy guramak") laýyklykda, gözleg sanawynda ýerleşdirildi.

Özbegistandan giden Muhiddinow 12 ýyl bäri halkara gözleg sanawynda durýar. Daşkendiň haýyşy boýunça ol Stambulda we Dubaýda tussag edilip, türmä basyldy.

2012-nji ýylda gözleg sanawyna girizilen Rawşan Muhiddinow 2019-njy ýylyň tomsunda Özbegistanda boldy.
2012-nji ýylda gözleg sanawyna girizilen Rawşan Muhiddinow 2019-njy ýylyň tomsunda Özbegistanda boldy.

Azatlygyň çeşmesi Özbegistanyň kanun goraýjy edaralary şol döwürde Muhiddinowyň "Doganlyk halkasy" guramaçylykly jenaýatçylyk toparynyň baş agzalarynyň biri hasaplanýandygyny öňe sürüpdi.

ABŞ-nyň Hazyna departamentiniň dokumentlerine görä, "Doganlyk halkasynyň" guramaçylykly jenaýat toparynyň agzalary Ýewropada, Ýakyn Gündogarda, Afrikada we Latyn Amerikasynda hereket edýärler.

ABŞ-nyň Hazyna departamentiniň maglumatyna görä, Muhiddinowyň ene ugrundan daýysy bolan Gafur Rahimow bu jenaýat toparynyň ýolbaşçylarynyň biridir. Rahimow 2012-nji ýylda "Ýewraziýada jenaýat sindikatynyň" ýolbaşçylarynyň biri hökmünde sanksiýa düşdi.

Emma Şawkat Mirziýoýewiň häkimiýet başyna gelmeginden tas iki ýyl soň, 2018-nji ýylyň iýulynda Gafur Rahimow Özbegistanyň Içeri işler ministrliginiň "gözlenýän adamlaryň" sanawyndan çykaryldy we ol watanyna dolanyp bildi.

Bir ýyldan soň Daşkent şäheriniň polisiýa bölüminiň sülçüleri Rawşan Muhiddinowyň gözleginiň hem ýatyrylandygyny habar berdiler.

Ýakynda internetde Gafur Rahimow bilen Rawşan Muhiddinowyň özbek prezidentiniň kiçi giýewi Otabek Umarowyň ýanynda duran suratlary we wideolary ýaýbaňlandy.

Hususan-da, Muhiddinow öz Instagram sahypasynda özbek türgenlerini goldaýandygy üçin, prezidentiň giýewine minnetdarlyk bildirýän wideony paýlaşdy.

Otabek Umarow birnäçe jenaýat etmekde aýyplanyp, ABŞ-nyň we Özbegistanyň halkara gözleg sanawyna girizilen adamlaryň ýanynda peýda bolmagy barada, hiç hili düşündiriş bermedi.

Özbek häkimiýetleri hem geçen ýylyň güýzünde başlanan hüjümleriň netijeleri, hususan-da olaryň Daşkentdäki we ýurduň içindäki jenaýat ýagdaýyna nähili täsir edendigi barada hem hiç bir maglumaty aýan etmediler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG