Harby gulluga şertnama boýunça goşulan adamlaryň sany 114 müň boldy, ýene 52 müň adam gulluga meýletin goşuldy diýip, Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde aýtdy. Ýöne ol bu adamlaryň harby gulluga girişen wagtyny aýtmady.
Şoýgunyň sözlerine görä, her günde ortaça 1336 adam şertnama baglaşýar. "Ýagny, biz her gün bir polka eýe bolýarys" diýip, ministr aýtdy. Şu sebäpden, "edara täze meýletinçileriň zerurlygyny görmeýär" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Mundan başga, Russiýa iýun aýynyň aýagyna çenli ätiýaçlyk goşunyny döreder we ýakyn wagtda goşun korpusy düzüler diýip, ministr habar berdi.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bir hepde ozal şu ýyl harby gulluk üçin 150 000 adamyň şertnama baglaşandygyny, mundan başga 6000 meýletinçiniň bardygyny aýtdy.
Ol bu adamlaryň "ähli söweş missiýalarynyň ýerine ýetirilmegi üçin ýeterlikdigini" aýtdy.
Şoýgu bilen Putiniň kimleri “meýletinçi” hasaplaýandygy anyklaşdyrylmaýar.