Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidentiniň kasam kabul ediş dabaralary ýurduň taryhynda döwletiň täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýan esasy syýasy çäredir. Kapitolyň basgançagynda dabaraly kasamdan başlanyp, müňlerçe adamyň gatnaşmagyndaky dabara hem şowhunlar bilen bezelip, her bir açylyş dabarasy deňsiz-taýsyzdyr. Olaryň käbiri öň görülmedik howpsuzlyk çäreleri, käbiri bolsa tomaşanyň ululygy we milli agzybirligi bilen ýatda galýar. Amerikanyň prezidentiniň her bir inaugurasiýa dabarasynyň iň esasy pursady Mukaddes Kitaba kasam etmek saýylýar.
Soňky 100 ýylyň içinde, ABŞ-nyň prezidentleriniň kasam kabul ediş dabaralary nähili geçdi. Fotosergi

13
Bill Klinton 1993-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda kasam kabul edýär. Onuň gapdalynda aýaly Hillary we gyzy Çelsi durlar. Klinton iki prezidentlik möhletine gulluk etdi.
Täze prezidentler "prezidentiň wezipesini sap ýürek bilen dolandyrjakdygyna" söz bermeli hem-de "Birleşen Ştatlary gorap saklamaga we Konstitusiýany goramaga" hökman wada bermeli.
Täze prezidentler "prezidentiň wezipesini sap ýürek bilen dolandyrjakdygyna" söz bermeli hem-de "Birleşen Ştatlary gorap saklamaga we Konstitusiýany goramaga" hökman wada bermeli.

14
Prezident kiçi Jorj W. Buş we onuň aýaly Lora (çepde) 2001-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda kasam kabul ediş dabarasyndan soň, wise-prezident Dik Çeni we onuň aýaly Linn (sagda) bilen Kapitolyň basgançagynda. Buş iki möhlete prezident boldy.

15
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen öňki prezidenti Jorj W. Buş Kapitoldan çykyp barýarlar. Dabarada Obama ABŞ-nyň 44-nji prezidenti hökmünde kasam kabul etdi. Ol öz wezipesinde iki möhlet gulluk etdi.

16
Prezident Donald Tramp bilen baş hanym Melaniýa Tramp 2017-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda, Pensilwaniýa awende barýan dabarada