Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidentiniň kasam kabul ediş dabaralary ýurduň taryhynda döwletiň täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýan esasy syýasy çäredir. Kapitolyň basgançagynda dabaraly kasamdan başlanyp, müňlerçe adamyň gatnaşmagyndaky dabara hem şowhunlar bilen bezelip, her bir açylyş dabarasy deňsiz-taýsyzdyr. Olaryň käbiri öň görülmedik howpsuzlyk çäreleri, käbiri bolsa tomaşanyň ululygy we milli agzybirligi bilen ýatda galýar. Amerikanyň prezidentiniň her bir inaugurasiýa dabarasynyň iň esasy pursady Mukaddes Kitaba kasam etmek saýylýar.
Soňky 100 ýylyň içinde, ABŞ-nyň prezidentleriniň kasam kabul ediş dabaralary nähili geçdi. Fotosergi

17
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we onuň aýaly Jill 2021-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda kasam kabul ediş dabarasyndan soň, ýygnananlar bilen salamlaşdylar.