Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidentiniň kasam kabul ediş dabaralary ýurduň taryhynda döwletiň täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýan esasy syýasy çäredir. Kapitolyň basgançagynda dabaraly kasamdan başlanyp, müňlerçe adamyň gatnaşmagyndaky dabara hem şowhunlar bilen bezelip, her bir açylyş dabarasy deňsiz-taýsyzdyr. Olaryň käbiri öň görülmedik howpsuzlyk çäreleri, käbiri bolsa tomaşanyň ululygy we milli agzybirligi bilen ýatda galýar. Amerikanyň prezidentiniň her bir inaugurasiýa dabarasynyň iň esasy pursady Mukaddes Kitaba kasam etmek saýylýar.
Soňky 100 ýylyň içinde, ABŞ-nyň prezidentleriniň kasam kabul ediş dabaralary nähili geçdi. Fotosergi

9
Jerald Ford Ak tamda ABŞ-nyň 38-nji prezidenti hökmünde kasam içýär (aýaly Betti sagda). Inaugurasiýa dabarasy 1974-nji ýylyň 9-njy awgustynda Riçard Niksonyň wezipesinden çekilen güni boldy.

10
Inaugurasiýa dabarasyna aýagy tigirli gatnaşyjy 1977-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda, prezident Jimmi Kartere salam ýollaýar.

11
Prezident Ronald Reýgan bilen ilkinji hanym Nensi 1981-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda kasam kabul ediş dabarasyndan soň, halk köpçüligini limuzin maşyndan gutladylar. Reýgan Ak tamda iki möhleti geçirdi.

12
Prezident Jorj W. Buş bilen ilkinji hanym Barbara W. Buş Pensilwaniýa awende märeke bilen salamlaşýarlar. ABŞ-yň 41-nji prezident 1989-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda wezipä girişdi.