Saud Arabystanynyň patyşasy Salmanyň Goldaw we ynsanperwer kömek merkezi tarapyndan Türkmenistana 25 tonna hurma sowgat berildi. Bu bardada türkmen hökümetine tarapdar “Turkmenportal” neşiri habar berýär.
14-nji maýda çap edilen habarda gowşurylyş dabarasynyň Saud Arabystanynyň Aşgabatdaky ilçihanasynda geçirilendigi we hurmalaryň Türkmenistandaky metjitlere we musulman jemagatlaryna paýlanjakdygy aýdylýar.
Maglumatda gowşurylyş çäresiniň çäginde Saud Arabystanynyň Aşgabatdaky ilçisi Said Osman Ahmed Suweýdiň Türkmenistanyň müftüsiniň edarasynyň wekili bilen duşuşandygy hem bellenilýär.
“Duşuşykda türkmen tarapy iki ýurduň arasyndaky berk dostluk gatnaşyklaryny alamatlandyrýan bu sahy sowgat üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi” diýip, neşiriň habarynda aýdylýar.
Bu, Saud Arabystanyň Türkmenistana hurmany ýa-da azygyň haýsydyr bir görnüşini tonnalap sowgat bermegi bilen bagly köpçülige mälim bolan ilkinji wakadyr.