Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Odesa uran zarbasynda 4 adam öldi. Zelenski Şolz bilen duşuşýar


11-nji oktýabrda Russiýanyň Odesa uran zarbasynyň netijesinde ýaralanan zenan.
11-nji oktýabrda Russiýanyň Odesa uran zarbasynyň netijesinde ýaralanan zenan.

Prezident Wolodymyr Zelenskiýiň, Ukrainanyň ýewropaly esasy ýaranlaryna edýän saparynyň çäginde, Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz we rim papasy Fransis bilen duşuşmagyna garaşylýar. Bu aralykda, 11-nji oktýabrda irden Russiýanyň Ukrainanyň Odesa şäherine uran zarbasy netijesinde asuda ilatyň arasyndan azyndan dört adam, şol sanda bir ýetginjek heläk boldy.

Zelenski Russiýanyň Ukrainanyň gündogar sebitlerinde haýal bolsa hem, öňe ilerlemeginiň arasynda, Ýewropadaky ýaran ýurtlaryna sapar edip, Kiýew üçin goşmaça harby we maliýe hemaýatynyň berilmegi ugrunda tagalla edýär.

Zelenski Watikanda rim papasy bilen duşuşykdan soň, Berlinde Şolz we german prezidenti Frank-Walter Şteýnmeýer bilen hem gepleşikleri geçirer.

Zelenski 10-njy oktýabrda Londona, Pariže we Rime hem sapar edip, Ukrainanyň ýewropaly ýakyn ýaranlaryna özüniň “ýeňiş plany” atlandyrylýan meýilnamasyny hödürledi.

Ol Londonda britan premýer-ministri Keir Starmer we NATO-nyň baş sekretary Mark Rutte bilen duşuşandan soňra, Parižde fransuz prezidenti Emmanuel Makron bilen gepleşikleri geçirdi. Mundan öň, Zelenski Rimde Italiýanyň premýer-ministri Jorjiýa Meloni bilen duşuşdy.

Zelenski X sosial ulgamynda ýerleşdiren ýazgysynda, gepleşikleriň dowamynda Russiýanyň güýçlerini ýeňmek boýunça özüniň hödürleýän “ýeňiş planynyň” “detallaryny nygtap geçendigini” aýtdy. Ol özüniň we beýleki liderleriň planyň üstünde bile işleşmek barada ylalaşandyklaryny aýtdy, ýöne başga goşmaça jikme-jik bermedi.

Zelenskiniň bu sapary 12-nji oktýabrda Ukrainanyň esasy goldawçylarynyň gatnaşmagynda geçmeli Ramştaýn toparynyň sammitiniň gysga wagtyň içinde ýatyrylmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Sammit ABŞ resmileriniň, şol sanda prezident Jo Baýdeniň Birleşen Ştatlaryň günorta sebitlerine Milton tupanynyň aralaşmagy sebäpli, özleriniň syýahat planlaryny üýtgetmeginden soň ýatyryldy.

Bu aralykda, 11-nji oktýabrda irden Russiýanyň güýçleriniň Ukrainanyň günortasyndaky Odesa şäherine ganatly raketa bilen eden hüjüminiň netijesinde, parahat ilatyň arasyndan azyndan dört adam, şol sanda bir ýetginjek öldi, başga-da 10 ýaşaýjy ýaralandy. Bu barada häkim Oleh Kiper Telegramda mälim etdi. Ol dört adamyň agyr ýagdaýda keselhana ýerleşdirilendigini hem sözüne goşdy.

Mundan başga, Kiýewiň häkimi Witaliý Kliçko 11-nji oktýabrda irden rus dronlarynyň paýtagta atylandygyny habar berdi. Kiýewiň harby administrasiýasy, takyk sanlary getirmän, ähli dronlaryň urlup düşürilendigini aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG