Moskwa bilen Tähranyň köp ýyllap çuňlaşdyran hyzmatdaşlygyndan soň özara gatnaşyklaryny has-da berkitmäge synanyşmagynyň arasynda, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian 17-nji ýanwarda Moskwada "giňişleýin strategiki hyzmatdaşlyk" şertnamasyna gol çeker.
Kreml şu hepdäniň başynda Pezeşkianyň Moskwa sapar edip, täze hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekjekdigini habar berdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Esmail Bagai 14-nji ýanwarda geçirilen metbugat ýygnagynda gürrüňi edilýän şertnama gol çekiljekdigini tassyk etdi.
Ol bu şertnama taýýarlyk işleriniň iki ýarym ýyl töweregi wagt alandygyny aýtdy. Bagai bu şertnamany onlarça ýyl öň taýýarlanan şertnamanyň "täzelenen teksti" diýip häsiýetlendirdi.
TASS-yň Eýranyň Russiýadaky ilçisi Kazem Jalaliniň sşzlerine salgylanyp beren habaryna görä, täze şertnamanyň häzirki möhleti 20 ýyllyk bolar.