Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Tramp Russiýa garşy sanksiýa girizmäge taýýardygyny aýtdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ikinji gün Wladimir Putin Ukrainadaky urşuň bes edilmegi barada gepleşik geçirmekden ýüz öwürse, öz administrasiýasynyň Russiýa garşy sanksiýa girizmeginiň ähtimaldygyny aýtdy diýip, “Roýters” habar gullugy habar berdi.

Trampyň sözlerine görä, onuň administrasiýasy Ukraina ýarag ibermegi hem nazarda tutýar. Prezident, öz pikiriçe, Ýewropa Bileleşiginiň Ukraina has köp kömek bermelidigini aýtdy.

"Biz Wolodymyr Zelenski bilen gürleşýäris, ýakyn wagtda prezident Putin bilen hem gürleşmekçi bolýarys” diýip, Donald Tramp aýtdy.

Bir gün öň, prezident wezipesine girişeninden birnäçe sagat soň žurnalistleriň soraglaryna jogap berende, Tramp Putiniň Russiýany weýran edýändigini, Ukraina çozmagy netijesinde Russiýanyň mazaly gowşandygyny, Putiniň işiniň gowy däldigini aýtdy. Günbatar synçylary bularyň Donald Trampyň Wladimir Putine garşy eden iň berk tankydy bellikleriniň biridigini bellediler.

XS
SM
MD
LG