Pariž Olimpiadasyna gatnaşan ugandaly ýüwrük Rebekka Çeptegeý ýaşaşýan erkegi otlanyndan soň öldi diýip, “Associated Press” habar berdi.
Çeptetegeýi bazar gününde, 1-nji sentýabrda, bedeniniň 80 göterimine golaýy ýanan görnüşde hassahana ýerleşdirdiler.
Polisiýa ertesi gün 33 ýaşly türgene halaşýan ýigidiniň hüjüm edendigini, üstüne bir kanistr benzin guýup, ony otlandygyny habar berdi.
Hüjümçiniň özi hem, ýanyk ýaralary bilen, hassahana ýerleşdirildi.