Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň Özbek dili, edebiýaty we halk döredijiligi institutynyň alymlaryndan ybarat iş topary daşary ýurt sözlerini milli ekwiwalentleri bilen çalyşmak barada teklip hödürledi.
Bu inisiatiwanyň maksadynyň karz alnan düşünjelere milli analoglary girizip, özbek diliniň ornuny berkitmekden ybaratdygy aýdylýar.
Lingwistler şu wagta çenli diňe 30 sany daşary ýurt sözüne özbek alternatiwalaryny teklip etdiler. Sanawda esasanam şu sözler bar: gowşuryş (ýetkaziş); nawigator (ýullagiç); selfi (uzçekim); aksiýa (ýalpi harakat).
Iş toparynyň hünärmenleri halky diliň ykbalyna biperwaý garamazlyga we daşary ýurt sözleriniň milli analoglaryny ara alyp maslahatlaşmaga işjeň gatnaşmaga çagyrdylar.
Ýurduň intellektuallary özbek diliniň ýagdaýyna ençeme gezek alada bildirdiler. Hususan-da, analitik Sardor Salim Özbegistanyň dolandyryjy elitasyny dil reformasyna zyýan ýetirmekde aýyplady.
Ýatlatsak, geçen ýylyň güýzde Özbegistan Halkara rus dili guramasyna goşuldy. Ekspertler Özbegistanyň bu gurama gatnaşmagynyň özbek diliniň ýagdaýyna diýseň ýaramaz täsir etjekdigini bellediler.