Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan, Türkmenistan erkin söwda tertibini girizýär


Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň döwlet baýdaklary. Arhiw suraty.
Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň döwlet baýdaklary. Arhiw suraty.

Özbegistan we Türkmenistan iki ýurduň arasynda erkin söwda tertibini girizýär diýip, Özbegistanyň Maýa goýum, senagat we söwda ministrliginiň metbugat gullugy aýtdy.

Bu tertip 2025-nji ýylyň 25-nji fewralyndan başlap güýje girdi.

“Munuň netijesinde, iki ýurduň çäklerinde öndürilen önümlere degişli gümrük paçlary ýatyryldy” diýip, ministrligiň beýanatynda aýdylýar. Beýanatda bu düzgüniň käbir önümleri öz içine almaýandygy bellenýär.

Galyberse-de, harytlaryň özara söwdasy boýunça bar bolan çäklendirmeler ýatyrylyp, söwda proseduralary sadalaşdyrylypdyr.

Hususan-da, Türkmenistana import edilýän sement önümleri, dokma önümleri, mebel, aýna önümleri, suw gyzdyryjylar, plastika we polipropilen önümleri, galyberse-de, et önümleri, pagta ýagy ýaly harytlara degişli gümrük paçlary ýatyrylypdyr.

Iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 2024-nji ýylda 1,14 milliard dollara barabar bolup, bu görkeziji ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende 5.5 % artdy diýip, ministrlik aýdýar.

XS
SM
MD
LG