Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öz ýakynlarynyň Russiýanyň türmesinde zamun alyjylar bolmagy täjik maşgalalaryny 'sarsdyrdy’


Nawruzi Rustamçonyň kakasynyň öýünde goýlan suraty
Nawruzi Rustamçonyň kakasynyň öýünde goýlan suraty

Rus häkimiýetleriniň aýtmagyna görä, rus türmesinde dört goragçyny öldürip, birnäçe adamy zamun alan dört tussagyň arasynda, täjikler Nawruzi Rustamçon we Nazirjon Toşow bolupdyr. Olaryň Täjigistandaky garyndaşlary bu habara haýran galýarlar. Bu waka “Krokusda” bolan gandöküşikli terrorçylykly hüjüme gatnaşandygy üçin, Russiýada beýleki täjikleriň tussag edilmeginden bäş aý geçenden soň peýda boldy.

Rustamçon Dawlatow ogly Nawruziniň ýogalanyna ýas tutýar, ýöne onuň hasratyna "haýran galma bilen ynamsyzlyk" hem garyşýar. Onuň 23 ýaşly ýigit ýeten ogly rus türmesinde öldürmek howpy bilen adamy zamun almaga gatnaşdy diýilýär.

Rustam Dawlatow
Rustam Dawlatow

«Biz bu ýerde, uzakda. Olar o ýerde dört diwaryň arasynda [türmede]; ol ýerde näme bolup biljegini göz öňüne-de getirip bilemok – diýip, Dawlatow gözýaşyna zordan erk edip aýdýar. – Ýöne men näme edip bilerin?!»

Russiýanyň dürli saýtlarynda ýerleşdirilen tassyklanmadyk suratlarda özlerini “Yslam döwletiniň” söweşijileri diýip atlandyrýan pyçak bilen ýaraglanan erkekler görkezilýär. Olaryň 23-nji awgustda Wolgograd oblastynyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Surowikino obasyndaky tussaghananyň kontrollygyny eýeländikleri aýdylýar.

Resmileriň aýtmagyna görä, bolan wakada dört sany türme sakçysy öldürilipdir, ýene birnäçe adam hem ýaralanypdyr.

Rus häkimiýetleri zamun alanlaryň atlaryny açyk mälim etmedi, ýöne polisiýanyň maglumatyna görä, olar ýörite güýçler tarapyndan atylyp öldürilipdir.

Şeýle-de bolsa, döwlet habar agentligi TASS Dawlatowyň ogly Nawruzi Rustamçonyň adyny berdi. Onuň bilen bir kamerada oturýan, 28 ýaşly täjigistanly Nazirjon Toşowyň, şeýle hem özbek raýatlary Ramziddin Toşewiň hem Timur Husinowyň atlaryny mälim etdi.

Nawruzi Rustamçon Wolgograd türmesinde zamun alanlaryň biri diýlip şübhelenýär.
Nawruzi Rustamçon Wolgograd türmesinde zamun alanlaryň biri diýlip şübhelenýär.

Olardan üçüsi, şol sanda iki täjik, neşe söwdasynda aýyplanyp, türme tussaglygyna höküm edilipdi. Dördünjisi bilkastdan bolmadyk ýagdaýda adam öldürmekde aýyplanypdyr.

Täjigistanyň paýtagty Duşanbede sada jaýda ýaşaýan Dawlatow şol wakadan üç gün öňinçä ogly bilen gürleşendigini aýdýar. Ol munuň adaty söhbetdeşlik bolandygyny, gürrüň dowamynda oglunyň türmeden soň, geljekki ömri baradaky arzuwlaryny ara alyp maslahatlaşandygyny düşündirjek bolup jan edýär.

«Bizden özüne gelinlik tapmagymyzy haýyş etdi. "Öýlenerin, instituta girerin" diýdi. Onuň köp maksatlary, gowy umydy bardy, emma indi bary ýitdi» diýip, Dawlatow Azatlygyň Täjik gullugyna gürrüň berdi.

Rustamçon agalarynyň we gyz doganlarynyň iň kiçisi, ýeterligi bolan sada maşgalada önüp-ösüpdir. "Mekdepde gowy okapdy, her kime hormat goýýardy" diýip, kakasy aýdýar. Dawlatow öňler drama teatrynyň aktýory bolup, häzir jemgyýetçilik iýmitinde üpjünçi bolup işleýär.

Onuň aýtmagyna görä, rus resmileri Ukrainadaky urşa gatnaşmak üçin, Rustamçony almaga çalşypdyrlar, ýöne “türmäniň agyr kynçylyklaryna garamazdan, [urşa gitmäge] razylyk berme diýip tabşyrýardyk”.

Dawlatowyň sözüne görä, Rustamçon 18 ýaşyndaka Russiýa gidip işlemegi, maşgalasyna pul ibermegi maksat edinipdir. Ulag ýuwulýan ýerde, uly ammarlarda işläpdir, 2022-nji ýyldan öňinçä, neşe söwdasy üçin, ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir.

Türmede birnäçe adamy zamun aldy diýlip görkezilýän wideodaky bölekde, özüni jeňçi diýip yglan edenleriň biri harby egin-eşikli birnäçe adamyň gana bulaşan jesetlerini görkezip, türmäniň garawullarynyň musulmanlary yzarlandygy üçin öldürilendigini aýdýar.

«Biz musulmanlary gysan we jebir berenleri öldürdik. Kimiň kitaplaryny elinden aldy, kimiň mamazlygy» diýip, wideodaky adam aýdýar.

Başga bir adam ganly ellikde “Yslam döwleti” toparynyň baýdagyna meňzeş gara baýdagy tutup dur. Rus mediasy ony Rustamçon diýip tanatdy.

Emma Rustamçonyň kakasy onuň "namaz okamandygyny, asla dindar däldigini" aýdýar.

«ÄHLI GATNAŞYKLARY KESDILER»

Nazirjon Toşowyň dogduk mekany paýtagt Duşanbeden takmynan 60 kilometr günbatarda ýerleşen Tursunzoda şäheri bolmaly. Hossarlary ol hakda gürrüň etmäge çekinýärler.

Olaryň aýtmagyna görä, Toşowyň ejesi ýogalypdyr, kakasy bolsa mundan birnäçe ýyl öň şäheri terk edipdir. Toşowyň öňki aýaly 2021-nji ýylda nikasy bozulandan soň, kiçijik gyzyny alyp, Russiýa gidipdir.

Nazirjon Toşowyň aslynyň Tursunzoda şäherindendigi aýdylýar.
Nazirjon Toşowyň aslynyň Tursunzoda şäherindendigi aýdylýar.

Toşowyň öňki aýalynyň mamasy Mähri Saidowa (Rahimowa) onuň zamun alan wideodaky şekilini görmändigini aýdýar.

«Men bu barada gyzymdan eşitdim — diýip, ol aýal Azatlyga gürrüň berdi. — Munuň barysynyň beýle gutarjagyny biz bilmedik».

Saidowanyň aýtmagyna görä, Orsýet tussaghanasyndaky dartgynlylyk belli bolandan soň, täjik hökümet resmileri ony soraga çekipdirler.

Ýöne garry mama Toşowyň soňky ýyllardaky durmuşy barada kän zat bilmeýändigini öňe sürüpdir, sebäbi olar «ähli gatnaşyklary kesdiler».

Tursunzoda şäheriniň resmileri düşündiriş bermekden saklandylar.

Duşanbe hökümetiniň 23-nji awgustda beren beýanatynda, "bu jenaýaty eden terror guramanyň beýleki agzalaryny anyklamak we tussag etmek" boýunça, özleriniň rus häkimiýet edaralary bilen hyzmatdaşlyk edýändigini mälim etdi.

Emma beýanatda täjik graždanlarynyň ölüm howpy abanýan zamunlara gatnaşygy barada hiç zat aýdylmaýar.

Bu waka Moskwanyň golaýyndaky "Crocus City Holl" konsert zalynda guralan terrorçylykly hüjüm bilen baglylykda 10 täjik raýatynyň tussag edilmeginden bäş aý geçenden soň boldy. Şol terror hüjümiň netijesinde 145 adam öldi.

Gandöküşikli terrorçylyk hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” topary öz üstüne aldy. Bu Orsýetde Merkezi Aziýadan gelen täjiklere we beýleki zähmet migrantlaryna garşy ýigrenjiň artmagyna getirdi. Täjigistanyň müňlerçe graždany Orsýetden çykaryldy ýa-da girmäge rugsat berilmedi. Beýlekiler bolsa, ýerli ýaşaýjylaryň haýbat atandygy ýa-da ýowuz daraşylandygy sebäpli öýlerine dolandylar.

Zähmet migrantlary Wolgograd sebitinde türmedäki zamun alynmadan soň, Russiýadaky Merkezi Aziýadan bolan millionlarça gastrabaýterleriň onsuzam kyn ýagdaýyny has-da agyrlaşdyrar diýip gorkýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG