Gazagystanda syýasy özgertmeler ugrunda işleýän raýat hereketi, “Oýan, Gazagystan” 2022-nji ýylyň başynda bolup geçen ýanwar wakalary (Kaňtar) boýunça halkara derňewiniň geçirilmegini talap edýär.
Sosial ulgamlardaky sahypasynda ýüzlenme çap eden hereket Gazagystanyň häkimiýetlerini we halkara jemgyýetçiligini 2022-nji ýylyň ýanwarynda bolup geçen gandöküşikli wakany garaşsyz, halkara derejesinde derňemäge çagyrdy.
“2022-niň ýanwary häkimiýetleriň hakyky ýüzüni açdy. Häkimiýetler halky onlarça ýyllap azatlykdan we mynasyp durmuşdan mahrum etdiler. Garyplykdan we korrupsiýadan bizar bolan raýatlar köçelere çykyp, özgertmeleri talap etdiler. Häkimiýetler halkyň sesine zorluk bilen jogap berdiler: ot açdylar, interneti petiklediler, köpçülikleýin tussag etmelere we gynamalara ýüz urdular. Döwlet, raýatlaryny goramagyň ýerine, olara garşy esasy howp boldy. "Kaňtar (ýanwar) häkimiýetleriň jogapkärçiliksizliginiň we zalymlygynyň nyşanyna öwrüldi" diýip, ýüzlenmede aýdylýar.
“Oýan, Gazagystan” hereketiniň sözlerine görä, "öz borçlaryny ýerine ýetirmegiň deregine, häkimiýetler bigünä adamlara garşy toslama işleri açyp, raýatlary terrorist diýip yglan etdiler we öz eden jenaýatlaryny aklamak üçin propaganda ulandylar".