Jalal Şirzad ýaşlygynda her ýylyň ýaz paslynda Mazari-Şerif şäherinde geçirilýän Nowruz dabaralarynyň merkezinde bolandygyny ýatlaýar. Her ýyl müňlerçe adam ýurduň dürli künjeklerinden gelip, birnäçe günläp dowam edýän toýlara gatnaşýardy.
Dabaralar özüniň gök gümmezi bilen tanalýan dini ybadadathanada baýdak galdyrmak gadymy däbi bilen başlanyp, ondan soň nahar ýarmarkalary, aýdym-saz we tans dabaralary, däp bolan sport ýaryşlary we maşgala gezelençleri bilen dowam edýärdi.
Ýöne Talyban häkimiýet başyna geleli bäri, indi Nowruz köp owgan üçin adaty günlerden tapawutlanmaýar diýip, 30 ýaşly ýazyjy Şirzad aýdýar. Ol demirgazyk Balkh welaýatynyň merkezi bolan Mazari-Şerifdendir.
Şirzad we Azatlyk Radiosy bilen gürleşen başga-da birnäçe owganystanly, Talybanyň berk çäklendirmeleri we agyr ykdysady krizis sebäpli, 20-nji marta gabat gelýän Nowruz baýramyny bu ýyl bellemek meýilleriniň ýokdugyny aýtdylar.
“Indi Nowruz bilen adaty günleriň arasynda hiç hili tapawut ýok” diýip, Şirzad aýdýar. “Adamlar Nowruzda-da işe gitmeli. Ol indi hatda döwlet baýramçylygy hem däl.”
Aşa berk Talyban 2021-nji ýylyň awgustynda Kabulda häkimiýeti ele alanyndan soň, Nowruzy resmi baýramçylyk hökmünde ýatyrdy, emma adamlara ony hususy ýagdaýda bellemäge rugsat berilýändigini aýtdy.
Talybanyň metbugat sekretary Zabiullah Mujahid şol wagt Azatlyk Radiosyna beren beýanatynda Nowruzyň döwlet derejesinde bellenmejekdigini, emma halkyň hususy ýagdaýda baýram etmegine päsgelçilik döredilmejekdigini aýdypdy.
Talyban 1990-njy ýyllarda hem häkimiýetde bolan döwründe Nowruzy “otparazlaryň baýramçylygy” hökmünde gadagan edipdi.
Nowruz pars kandelarynyň birinji güni we ýaz paslynyň başlanmagyny alamatlandyrýan baýramçylyk bolup, bu sebitde 3,000 ýyldan gowrak wagt bäri bellenilýär.
“Talyban gelenden bäri Nowruzyň şatlygy ýitdi”
Köp owgan, esasan hem zenanlar, Nowruz resmi taýdan gadagan edilmese-de, Talyban hökümetiniň girizen çäklendirmeleri sebäpli onuň manysyny ýitirendigini aýdýarlar.
Talyban häkimiýetleri aýdym-sazy gadagan etdiler, aýallaryň dynç alyş seýilgählerine we jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmagyny gadagan etdiler, zenanlardan berk geýim düzgünlerine eýermelidigini talap etdiler, galyberse-de gelin-gyzlaryň jemgyýetde sesleriniň eşidilmegine hem böwet boldular.
Kabulyň ýaşaýjysy Mursal Nowruzyň Talyban häkimiýetiniň astynda bütinleý manysyny ýitirendigini aýdýar. Ol howpsuzlyk sebäpli diňe adyny ulandy.
“Men Talyban häkimiýet başyna geleli bäri Nowruzy bellemeýärin. Biz öň maşgala we dostlarymyz bilen sähra gezelençleri gurýardyk, baýramçylygy belläp, dynç alýardyk. Indi bolsa zenanlara munuň hiç biri rugsat berilmeýär. Nowruzyň şatlygy we joşguny Talyban döwründe doly ýitdi” diýip, Mursal Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
“Hakyky Nowruz indi uzak bir ýatlama”
Nowruz üçin taýýarlyklar adaty ýagdaýda täze ýylyň başlamagyndan birnäçe gün öň başlardy. Owgan maşgalalary sumanak, ýagny gögerdilen bugdaýdan taýýarlanylýan tagam; haft mewa ýaly ýörite Nowruz tagamlaryny taýýarlaýardylar.
Emma Kabulda ýaşaýan Muhammet Tahiriň aýtmagyna görä, häzirki döwürde köp owganlar hatda gündelik azyk satyn almakda-da kynçylyk çekýärler. Nowruz üçin ýörite tagamlary taýýarlamak bolsa olaryň köplügi üçin asla mümkin däl.
“Hakyky Nowruz indi uzak ýatlama bolup galdy. Biz öň Nowruz üçin täze egin-eşik satyn alardyk, miwe satyn alardyk, baýramçylygy joşgun bilen belleýärdik. Indi bolsa bularyň hemmesi ýitip gitdi” diýip, Muhammet Tahir aýdýar.
Forum