Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda “Dokmaçylar” medeni merkeziniň açylyş dabarasynda döwletiň geçirýän köpçülik çäreleriniň aýrylmaz bölegine öwrülen Jemal Saparowany taryplap, öwgüli söz sözledi we oňa bagyşlap ýazan goşgusyny okady. Goşgy “Ýaş nesle nusgalyk Jemal bagşy Siz!” diýen setir bilen tamamlanýar. Synçylaryň käbiri bu goşgynyň soňky döwürde janlanýan jemgyýetçilik pikirleri bilen bagly bolmagynyň ähtimaldygyny öňe sürýär.
Öňki prezidentiň il içinde 'çäreçi' diýlip tanalýan aýdymçyny “halypa bagşy” atlandyryp, Maýa Kulyýewa, Medeniýet Şahberdiýewa, Nabat Nurmuhammedowa, Roza Töräýewa, Annagül Annakulyýewa ýaly hakyky ussatlara deňemegi köp adamda nägilelik döretdi diýip, Azatlygyň habarçysy habar berdi.
Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji iýunda Jemal Saparowanyň “aýdymçy, tans goýujy, kompozitor hökmünde” halkyň ýüreginde orun alandygyny öňe sürdi. Emma muňa garamazdan, Azatlyga pikirini aýdan ýerli synçylaryň köpüsi prezidentiň bu çykyşyny "boş propaganda" hökmünde häsiýetlendirdi.
Daşoguzly medeniýet işgäriniň pikiriçe, G.Berdimuhamedowyň geçmişde il-günüň hakyky söýgüsini gazanan bagşy zenanlary ýatlamagy, birinjiden, nobatdaky propaganda oýny bolup görünse, ikinjiden, öňki ussatlara hakyky döwlet sarpasynyň ýokdugyny, olara hem häzirki ‘waspçy bagşylar’ ýaly seredilýändigini görkezýär.
"Maýa Kulyýewadan beýleki ussat zenanlaryň hiç biri döwlet derejesinde ýatlanmady ýa-da olaryň atlary ebedileşdirilmedi. Ýurt ýolbaşçylary indi tanymal bagşylaryň ady bilenem öz abraýlaryny artdyrmaga synanyşýarlar" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran söhbetdeşimiz aýtdy.
Sazçylyk mekdepleriniň birinde mugallym bolup işleýän aşgabatly zenanyň pikiriçe, öňki prezident ‘ussatlyk’ hakynda eden gürrüňinde soňky otuz ýylda Maýa Kulyýewa, Medeniýet Şahberdiýewa ýaly ilhalar bagşylaryň kemala gelmändigini gytaklaýyn boýun alana meňzeýär.
“G.Berdimuhamedow Jemal Saparowany öwüp, onuň "talantly ýaş bagşylary ýetişdirendigini" nygtasa-da, bu sözüne delil getirmedi. Bu, elbetde, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň soňky ýyllarda döwlet propagandasynyň dar galybyna gapgarylandygyny, olaryň içinde öwer ýaly ussadyň ýokdugyny görkezýär” diýip, aşgabatly saz mugallymy aýtdy.
Onuň pikiriçe, Türkmenistanda häzir hakyky sungat ýa-da döredijilik erkinligi barada gürrüň etmek mümkinçiligi ýok we, öňki prezident "ussatlygyň çäginiň ýokdugy”, “sungatyň we medeniýetiň serhetsizligi” hakynda söz açyp, hakykatda berk çäklilik, "geýim we lybas galyby" babatyndaky poziziýasyny tassyklady.
Şu sebäpden, gürrüňi edilýän döredijilik wekiliniň repertuarynyň köpdürlüligi, durmuş reallyklaryny açyp görkezişi, eserleriň il içinde nähili garşylanylýandygy däl-de, döwlet derejesindäki çärelerde milli lybaslary wagyz edişi ‘esasy aýratynlyk’ hökmünde görkezildi.
"Öňki dentist we saglyk ministri 2007-nji ýylda prezident bolanyndan soň ýurtda berk geýim-eşik diktaturasynyň esaslary goýlup başlandy. G.Berdimuhamedow medeniýete we sungaty ilkinji nobatda milli lybaslaryň görkezilişi hökmünde garaýandygyny aýdyp, bilip ýa bilmän, sungat baradaky pikiriniň nähili çäklidigini görkezdi” diýip, saz mugallymy öz pikirini aýtdy.
Ikinji tarapdan, synçylaryň käbiriniň pikirine görä, öňki prezidentiň garaşsyzlykdan öňki döwrüň sungat ussatlaryny ýatlamagy, olary nusga edip görkezmegi, açyk aýtmasa-da, onuň nostalgiýada, geçen günleri küýsäp ýaşaýandygyny yşarat edýär.
"Häzirki wagtda Türkmenistanda öňküler ýaly tanymal, ilhalar bagşylar ýok. Megerem şundan, Gurbanguly Berdimuhamedow bialaç ýagdaýda geçmişi ýatlamaga mejbur bolýar" diýip, aşgabatly synçy Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Anonimlik şertinde pikirini aýdan synçynyň pikiriçe, öňki prezidentiň birden Jemal Saparowany öwüp, uly söz sözlemegi we oňa bagyşlap ýazan goşgusyny ýatdan okap bermegi soňky döwürde barha janlaýanýan meňzeýän jemgyýetçilik pikirleri, ýurtdaky birsydyrgyn durmuşdan ýadandygyny aýdýan adamlaryň köpelmegi bilen bagly bolup görünýär.
Türkmenistanda soňky onýyllyklarda diňe hökümet propagandasyna goşulan we şahsyýet kultunyň dabaralanmagyna açyk hyzmat edýän döredijilik wekilleri öňe sürülýär. Başga pikirli döredijilik wekilleri gara sanawda saklanylýar we öňki mümkinçiliklerinden kesilip, mätäçlikde ýaşamaly bolýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum