Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Olara şol ýerde gowy bolar". Täjigistanda ýeke galan aýal iki çagasyny internat mekdebine ugratmak isleýär


Badahşon Safarowa
Badahşon Safarowa

Täjigistanyň Wose etrapçasynyň ýaşaýjysy 30 ýaşly Badahşon Safarowa iki çagasyny ýöriteleşdirilen ýetimler mekdebine ugratmak isleýär. Aýtmagyna görä, ol adamsyndan aýrylyşypdyr. Indi ýeke özüne hem işläp, hem ýaş çagalaryny terbiýelemek kyn düşýär. Onuň çagalary 7 hem 10 ýaşynda.

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy bilen eden gürrüňçiliginde, ol bu mejbury kararyň özi üçin aňsat düşmändigini, ýöne häzirki ýagdaýda ne bilim, ne-de terbiýe berip biljek çagalarynyň geljegi barada alada galýandygyny aýtdy.

«Men olaryň meniň takdyrymy gaýtalamaz ýaly, mekdepde okamagyny, bilim almagyny isleýärin. Öň men işde işläp ýörkäm, olara ejem seredýärdi. Emma şu ýylyň fewral aýynda ejem ýogaldy, indi men çykgynsyz ýagdaýda. Men işde bolanymda, çagalar öýde ýeke galýarlar. Mekdep üpjünçiligini satyn almaga pulum ýokdugy sebäpli, olar mekdebe gitmeýärler. Şoňa görä-de, men olary internat mekdebine ýazdyrmak isleýärin. Olara şol ýerde gowy bolar» diýip, gürrüňdeşimiz aýdýar.

Onuň aýtmagyna görä, çagalaryň kakasy ozal her bir çaga üçin aýda 125 somoni (11 dollar) möçberinde aliment töleýän eken. Emma indi ol täze maşgala gurupdyr. Soňky alty aýyň dowamynda şol puly hem tölemändir. Ol adam çagalaryny almaga taýýar, emma ejesiniň olary resmi taýdan terk etmek şerti bilen.

«Men her gezek öňki adamymdan aliment diläp ýalbaranymda, ony alyp bilsem, maňa diňe gödek sözler bilen ýüzlenýärdi. Ýöne soňky birnäçe aýyň dowamynda, gara şaýy hem tölemedi. Ol çagalary üçin asla gyzyklanmaýar. Ol meniň özümi ondan-oňa urmagymy isleýändigini aýdýar. Indi bolsa durmuşymyzy hem ýok etjek» diýip, Badahşon Safarowa aýdýar.

Dul galan çagaly aýal Duşanbe şäheriniň eteginde, kadaly ýaşaýyş şertleri bolmadyk kireýine alnan otagda ýaşaýar. Ol çörek dükanynda işleýär. Onuň gazanjy açlykdan saklanmaga zordan ýetýär. Badahşon orta mekdebiň bilimini hem alyp bilmändir, 6-njy synpa çenli okapdyr. Ol çagalaryny internat mekdebine ýazdyrmak üçin, nähili dokumentleri ýygnamalydygyny we nirä arza ýazmalydygyny-da bilmeýär.

Täjigistanyň Bilim we ylym ministrliginiň mälim etmegine görä, çagalar ýetim ýa-da ýarym ýetim bolan halatynda, internat mekdebinde hasaba alnyp bilner, ýöne ene-atasy olardan ýüz öwürmeli.

Bilim ministrliginiň sözçüsi Hurşed Mawlonow ýetimler üçin, internat mekdeplerinden başga, çagalar öýleriniň hem bardygyny, ol ýerde kabul ediş düzgünleriniň birneme tapawutlydygyny aýtdy. Onda juda ýaş ýetimler, 2 aýlykdan 7 ýaşa çenli çagalar, ýagny doglanda bäbekhanada taşlanan çagalar, perzentlige alnan, emma soň dürli sebäplere görä taşlanan çagalar şol ýerde ýaşaýarlar.

Emma Badahşon Safarowa çagalaryndan el üzmejekdigini aýdýar. Diňe iş günleriniň dowamynda, çagalaryny internat mekdebinde galdyryp, dynç günlerinde öýüne alyp gaýtmak isleýär.

Resmi maglumatlara görä, Täjigistanda 2014-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli maşgalalaryň dargamagy sebäpli 100 müňe golaý çaga ata-ene terbiýesinden mahrum bolupdyr. Şol döwrüň dowamynda, Täjigistanda 108 müňden gowrak maşgalanyň aýrylyşandygy hasaba alnypdyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG