Türkmenistanda daşary ýurda gitmek üçin pasport etdirmek isleýänleriň iki ýyla uzan nobatlaryna indi ýazylmak hem kynlaşdy. Daşogzuň migrasiýa gulluklary adamlary nobata goýmakdan ýüz öwürýärler. Azatlygyň habarçylary demirgazyk welaýatdaky ýagdaýy öwrendiler.
Iýun aýynyň 20-sinden bäri Daşoguz welaýatynyň migrasýa gullugunyň şahamçalarynda onlaýn we janly görnüşdäki nobatlara hasaba almak tertibi togtadyldy.
Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň anonim görnüşde beren düşündirişine görä, nobata durýan adamlary hasaba almak üçin žetonlar gutarypdyr, ýagny biometriki pasport edinmek üçin ýüz tutýan raýatlaryň arzalaryny 2025-nji ýylyň dowamynda kabul etmek üçin göz öňünde tutulan san dolupdyr.
"2025-nji ýyl üçin nobat doldy we hiç bir nobata hasaba almaýarys" diýip, migrasiýa ofiseri aýtdy.
Türkmenistanda biometriki pasporty almagyň nobatlary şu ýylyň başyndan bäri öň görlüp-eşidilmedik derejede uzady we martda 2025-nji ýylyň dekabrynyň aýagyna ýetipdi.
Daşogzuň migrasiýa gullugynyň işgärleriniň sözlerine görä, häzirki wagtda nobaty ýetip gelýän we tomsuň aýagyna çenli nobaty ýetjek adamlaryň arzalaryny kabul etmek işi hem wagtlaýyn bes edilipdir.
"2024-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli nobata ýazylan we nobaty gelen raýatlara pasport berilmegi 15-nji sentýabra çenli duruzuldy" diýip, migrasiýa işgäri aýtdy.
Munuň sebäpleri barada migrasiýa işgärleriniň beren düşündirişine görä, gullugyň welaýat şahamçasynda ýokary gözegçilik edarasy tarapyndan uçdan tutma barlag geçirilýär, şeýle-de biometriki pasport üçin blanklar gutarypdyr.
"Sentýabr aýynda migrasiýa şahamçasynda nobatlary azaltmak üçin zagran pasportlar üçin blanklaryň uly tapgyry geler" diýip, çeşme aýdýar.
Bu aralykda migrasiýa edarasyna resminama tabşyrmak we nobata ýazylmak üçin barýan adamlaryň yzy üzülmeýär. Adamlar migrasiýa edarasyna baryp, resminamalaryň kabul edilmeginiň wagtlaýyn togtadylandygyny bilip galýarlar.
"Adamlar özleri migrasiýa gullugyna baryp, nobatlaryň togtadylandygyny hut özleri eşitmeseler ynanmaýarlar. Her kim hem ýurtdan gidip maşgalasy üçin kadaly durmuşda ýaşar ýaly şert döretmek isleýär. Ýöne daşoguzlylaryň köpüsi pasport alyp bilmän lapykeç bolýar" diýip, anonim gürleşen daşoguzly ýaşaýjy aýdýar.
Şol bir wagtda-da, pasport nobatynyň wagtlaýyn togtadylmagy para berýänlere täsir ýetirmeýär. Onlarça müň manatlyk puly bermäge taýýar raýatlar üçin dokumentleri tabşyrmak we pasport taýýarlamak hyzmatlary dowam etdirilýär.
"Puluň we migrasiýada sözi geçýän MHM, prokuratura işgäri ýa-da başga bir tanyşyň bolsa, 7-den 10 müň manada çenli para berip, pasport almak mümkin" diýip, ýagdaýdan habarly daşoguzly çeşme aýdýar. Onuň bellemegine görä, halk köpçüliginde şeýle pul ýok, emma daşary ýurtlarda işleýän we dokumentini çalyşmak üçin gysga wagtlyk ýurduna dolanan raýatlar soralýan parany berip, pasport almaga razy bolýarlar.
Türkmenistanda giňden ýaýran parahorluk ýurduň ähli pudaklaryna degişli. Azatlygyň habarçylary ýurduň kanun goraýjy, saglygy saklaýyş, bilim we beýleki ugurlaryndaky korrupsiýa barada yzygiderli habar berýärler.
"Ýurtda ähli zadyň 'bahasy' bar. Indi öňküsi ýaly gizlin däl, pasport gerekmi goşmaça pul töleýäň we alýaň, sürüjilik şahadatnamasy gerekmi, töle. Okuwa girjekmi para ber-de gir. Para adam dogulandan, gabyryna çenli" diýip, Daşogzuň ýaşaýjysy aýdýar.
Türkmenistan halkara hasabatlarynda iň güýçli korrupsiýaly ýurtlaryň hatarynda agzalýar.
“Transparency International” guramasynyň Korrupsiýanyň indeksi boýunça 2024-nji ýylyň başynda çap eden soňky hasabatynda Türkmenistanda beýeki Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bir hatarda “hopukdyryjy suratyň” emele gelendigi bellendi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum