“Areti” energiýa kompaniýasynyň başlygy, milliarder Igor Makarow Russiýanyň raýatlygyndan çykdy diýip, RBK neşiri Makarowyň Amerikanyň “Forbes” web sahypasyndaky maglumatlaryna salgylanyp ýazýar.
Telekeçiniň maglumatlary onuň şu ýyl rus pasportyndan ýüz öwrendigini we indi diňe bir raýatlygynyň – Kipr raýatlygynň bardygyny görkezýär. RBK bu barada Makarowyň wekiline hem ýüz tutupdyr.
Amerikanyň “Forbes” neşiriniň maglumatyna laýyklykda, Igor Makarow häzirki wagtda dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda Kipr milliarderi hökmünde hasaba alyndy; ol Kipriň iň baý adamlarynyň arasynda bäşinji, dünýä reýtinginde bolsa 1368-nji orunda durýar.
RBK 2022-nji ýylda Makarowyň Britaniýanyň we Kanadanyň sanksiýalaryna sezewar bolandygyny, emma ÝB-niň we ABŞ-nyň sanksiýalaryndan sowulmagy başarandygyny belleýär.
“Forbesiň” ýazmagyna görä, baýlygy 2,2 milliard dollar diýlip çak edilýän Igor Makarowyň dünýäniň iň baý adamlarynyň häzirki we öňki sanawynda Kremliň Ukrainadaky çozuşy başlanandan soň rus pasportyndan ýüz öwren altynjy milliarder bolýar.
Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň awgustynda “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, russiýaly oligarh Igor Makarowy Türkmenistanyň prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň ekspert hünärmeni wezipesine belledi.
Media maglumatlaryna görä, 2015-njy ýyldan öňki ady "ITERA" bolan "ARETI" kompaniýasy 90-njy ýyllarda Türkmenistanyň gazynyň Russiýadan daşary ýurtlara eksport edilmeginde uly rol oýnady.
Düýbi Londonda ýerleşýän "Global Witness" guramasy 2010-njy ýylda Makarowyň ýolbaşçylygyndaky ITERA kompaniýasynyň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa bahasy 60 million dollara barabar bolan “Galkynyş” gämisini sowgat berendigini habar berdi.
Şu aralykda, häzir Angliýada ýaşaýan we Kipr pasporty bolan 55 ýaşly tanymal ykdysatçy Andreý Mowçan hem 29-njy iýunda Facebookda Russiýanyň raýatlygyndan ýüz öwrendigini aýtdy.