30-njy dekabrda ABŞ-da basym wezipeden çekilmeli prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasy Ukraina 1,25 milliard dollarlyk täze harby kömek toplumyny yglan etdi. Ol "Ukrainanyň Russiýanyň agressiýasyndan özüni goramagy üçin zerur bolan maksatlara" gönükdirilýär. Bu çärede ýaraglaryň nähili görnüşleri bar?
Milliard dollarlyk ýarag. Ukraina nähili ýaraglar toplumy berilýär?

1
AT4 tanka garşy ulanylýan ýarag
Ukrainanyň harby hünärmenleri bu ýaragyň snarýady üçin, FPV dronlarynda ulanylýan özleri tarapyndan üýtgedilen raketalary peýdalanyp bilýärler.
Egniňde goýup, tanka garşy atylýan ýarag 1970-nji ýyllarda Şwesiýada taýýarlanyldy we 1980-nji ýyllarda ABŞ-nyň goşuny tarapyndan kabul edildi.

2
HAWK uçarlara garşy raketa ulgamy
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň 30-njy dekabrda çap eden beýanatynda, bu täze ýarag toplumy anyklaşdyrylman, diňe "howa goranyş ýaraglaryna" degişli diýilýär. Ýöne AP gullugy Kiýewiň HAWK ulgamlary bilen üpjün edilendigini aýdýar.
HAWK ulgamy ABŞ-nyň ýaragly güýçlerine ilkinji gezek 1959-njy ýylda berlipdi. Maglumatda aýdylyşyna görä, bu köne raketalar Eýran tarapyndan öndürilýän, çaltlygy onçakly ýokary bolmadyk, ‘Şahed’ dronlaryny ýok etmekde netijeli saýylýar.

3
Ýokary çaltlykda hereket edip bilýän HIMARS artilleriýa ulgamy
Berlen ýardam toplumynda HIMARS üçin raketalar bolar. Ukraina iberilýän HIMARS goýberijileriniň üpjünçiligi barada, doly bir zat aýdylmaýar.

4
El granatlary
Ukrainadaky uruşda el granatlary garşydaşyň garymlaryna hüjüm edilende, edil dronlar ýaly giňden ulanylýar.