Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda günlükçi bolup işleýän işçilerden salgyt resminamalaryny düzgünleşdirmek talap edilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň salgyt gullugynyň işgärleri Baýramaly we Garagum etraplaryndaky hususy kerpiç zawodlaryna aýlanyp, sagatlaýyn we günlükçi bolup işleýän işçileriň resminamalaryny barlaýarlar. Olar bu işçiler üçin salgyt resminamalarynyň düzgünleşdirilmelidigini aýdyp, işçilere we zawod resmilerine jerime ýazmak bilen haýbat atýarlar we olardan "para talap edýärler". Bu barada sebitdäki iki kerpiç zawodunyň işçileri Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdiler.

“Soňky iki gün bäri Döwlet salgyt gullugynyň dört işgäri kerpiç zawodlaryna aýlanyp, ähli resminamalary barlaýarlar. Olar sagatlaýyn we günlükçi bolup işleýän işçilere-de salgyt resminamalarynyň düzgünleşdirilmändigini aýdyp, her işçä 500 manat we zawoda her işçi üçin 500 manat jerime saljakdyklaryny aýtdylar” diýip, sebitdäki kerpiç zawodlarynyň biriniň işçisi aýtdy.

Birnäçe işgäriň aýtmagyna görä, zawoduň resmileri salgyt gullugynyň wekillerine mundan ozal şeýle talabyň bolmandygy sebäpli işçiler üçin salgyt resminamalarynyň açylmandygyny aýdýarlar.

“Biziň zawodumyzda sagatlaýyn we günlükçi bolup işleýän işçileriň 20-den gowragy işleýär. Zawodda işiň agyrdygy we möwsümleýindigi sebäpli olaryň arasynda dört-bäş gün işläp, soňra işe gelmeýänler hem bar. Işçiler yzygiderli üýtgäp durýar” diýip, Garagumdaky kerpiç zawoduň bir resmisi habarçymyza gürrüň berdi.

Zawod resmileri we işçiler salgyt resmilerine şu ýagdaýlary düşündirmäge synanyşandyklaryny aýdýarlar. Ýöne salgyt resmileri bulara gulak asmazdan, “gepiň keltesi, bize 4 müň manat beriň, bizem özüňizem kösemäň” diýip, para sorapdyrlar.

“Zawod resmileri zawoduň jerimäni töläp biljekdigini, ýöne işçileriň günlerini zordan aýlaýan hojalyklaryň adamlarydygyny, olaryň gündelik 30-40 manat pula işleýändigini we hojalyklarynyň 500 manat jerimäni göterip bilmejekdigini düşündirmäge synanyşdylar. Ýöne salgyt resmileri bu ýagdaýlara gulak asmadylar. Zawod ýolbaşçylarymyz-da ylalaşýandyklaryny aýdyp, 4 müň manat para bermäge razy boldular” diýip, işçi aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada Garagumdaky we Baýramalydaky kerpiç zawodlaryndan we welaýatyň hem-de etraplaryň salgyt gulluklaryndan kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde we “Salgytlar hakyndaky” kanunynda sagatlaýyn we günlükçi bolup işleýän işçileriň salgyt resminamalaryny düzgünleşdirmegiň tertibi barada anyk bir maglumat göze ilmeýär.

Galyberse-de, ýurtda hökümetiň inisiatiwasy bilen amal edilýän mejbury zähmetde günlükçi ýa-da sagatlaýyn işleýän işçilerden salgyt resminamalaryny düzgünleşdirmegiň talap edilmegi bilen bagly ýagdaýlar ýüze çykmandy.

Muňa mysal edip, býujet işgärleriniň özlerine derek hakyna adam ýa-da günlükçi tutup, pagta ýygmaga ýa ýekelemäge, şugundyr we ýeralma ýygnamaga ibermegi bilen bagly mejbury zähmetleri agzap bolar.

Sagatlaýyn ýa günlükçi bolup işleýän maryly işçiler salgyt resmileriniň nobatdaky çärelerini “häkimiýetleriň ilatdan para almagynyň we garyp ilaty talamagynyň ýene bir görnüşi” diýip häsiýetlendirýärler.

“Döwlet resmileri biz günlükçi bolup, pagta ýygmaga ýa-da şugundyr, ýeralma ýygnama gidenimizde salgyt resminamalaryny talap etmeýärler. Sebäbi döwlet pagtanyň, şugundyryň, ýeralmanyň tizden-tiz toplanyp alynmagyny isleýär. Ýöne biz hususy zawodlarda ýa-da kärhanalarda günlükçi bolup işlänimizde bizden salgyt resminamalaryny düzgünleşdirmegimizi talap edýärler. Döwlet özüne gerek bolanda düzgünleri basgylaýar, başga wagtam talap edýär” diýip, garagumly işçi aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG