Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanlylar tapgyr 10-njy ýyl Hatyra gününi resmi däl görnüşde ýatladylar


Balkandaky gonamçylyklaryň biri. (Arhiw suraty)
Balkandaky gonamçylyklaryň biri. (Arhiw suraty)

Türkmenistanlylar bu ýyl hem, tapgyr 10-njy ýyl, 12-nji ýanwarda Hatyra gününi resmi däl görnüşde ýatladylar. Balkan welaýatynyň gonamçylyklarynyň aglabasynda ilat özbaşdak ýowar geçirip, sadaka berdi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 12-nji ýanwarda sebitden maglumat berdiler.

“Adamlar döwlet rugsat bermese-de, şu ýyl Hatyra gününi, geçen ýyla garanda, özaralarynda giňden belläp geçip, IMO we Tiktok sosial ulgamlarynda ‘Rus imperiýasy Gökdepede we Türkmenistanyň beýleki künjeklerinde gan çaýkan zalym’ hökmünde ýatlanyp, ‘şehitlerimiz gowulykda hatyralanýar, olaryň hatyralaryna aýat-töwwirler okalýar’ diýlen postlar paýlaşyldy” diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Rus imperiýasynyň harby goşunlary general Skobelewiň ýolbaşçylygynda häzirki Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşen Gökdepe galasyny syndyrdy, müňlerçe adam wepat boldy.

Türkmenistan garaşsyzlygyny alansoň, her ýylyň ýanwar aýynyň 12-sinde Gökdepe galasynyň synan güni döwlet derejesinde hatyralanyp, hökümetiň hemaýatynda sadakalar berilýärdi, Gökdepe urşunyň hem-de beýleki watançylyk söweşleriniň gahrymanlary we pidalary ýatlanýardy.

Ýöne 2015-nji ýyldan bäri bu sene ýurtda Hatyra güni hökmünde resmi derejede bellenmeýär. Oňa derek halkyň ýakyn taryhyndaky gandöküşikli gyrgynçylyklaryň hatyrasy we 1948-nji ýylda Aşgabatda bolan ýertitremäniň ýasy resmi derejede her ýylyň 6-njy oktýabr güni tutulýar. 6-njy oktýabr garaşsyzlykdan soň, Türkmenistanda Ählihalk Matam güni yglan edilipdi. Bu 2014-nji ýyldan bäri umumymilli Hatyra güni hökmünde bellenilýär.

Geçen ýylyň 6-njy oktýabrynda döwlet mediasy bu senede 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalarynyň, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlaryň hatyralanandygyny aýtdy.

Türkmenistanda 12-nji ýanwar güni Gökdepe söweşini we beýleki gyrgynçylyklary hatyralamak resmi derejede ýatyrylan hem bolsa, bu sene halk arasynda ýylyň-ýylyna ýatlanyp gelinýär.

“Balkanlylar gonamçylyklara baryp, aýatdan öten merhumlaryny hem zyýarat etdiler. Hökümet bu senäni döwlet kalendaryndan aýyran bolsa-da, adamlaryň ýüregindäki kalendardan aýryp bilmedi. Häzirki türkmen hökümeti näçe rus hökümetine ýaranjak bolup, ata-babalaryna edilen zulumy taryhdan öçürmäge synanyşsa-da, bu hakykat halkyň hakydasynda müdimi saklanyp galýar” diýip, balkanly bir ýaşaýjy belledi.

Geçen ýyllarda Azatlyk Radiosynyň habarçylary Hatyra gününde ýurduň ähli künjünde, şol sanda Gökdepe galasynda we gonamçylyklarda sakada berlip, uruş gahrymanlarynyň hem-de uruşlaryň pidalarynyň hatyralanýandygy barada maglumat beripdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG