Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda býujet işgärlerinden gowaça meýdanlaryny arassalamak üçin ýene pul ýygnalyp başlandy


Edara ýolbaşçylary toplanan pula gowaça meýdanlarynyň arassalanjakdygyny aýdýarlar. (Arhiw suraty)
Edara ýolbaşçylary toplanan pula gowaça meýdanlarynyň arassalanjakdygyny aýdýarlar. (Arhiw suraty)

Marynyň häkimiýetleri edara-kärhanalaryň işgärlerinden, pagta önümçiligi bilen bagly, ýene pul ýygnap başladylar. Pul bermekden boýun gaçyran býujet işgärleri gorkuzmalara sezewar edilip, dil hat ýazmaga mejbur edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 13-nji dekabrda sebitden maglumat berdi.

“Bu gezekki pul gowaça meýdanlaryny arassalamak üçin ýygnalýar. Geçen hepdäniň ikinji ýarymynda her bir işgär 60 manatdan edara başlyklaryna pul tabşyrmaly boldy” diýip, maryly býujet işgäri anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Edara ýolbaşçylarynyň aýtmagyna görä, welaýatyň gowaça meýdanlarynda pagta ýygymy doly tamamlanmanka, şol ýerlerde bugdaý ekilipdir. Häzir şol meýdanlardaky gowaçalary aýyrmak talap edilýär.

“Çöplenen pula hakyna tutma işçiler tutulmaly. Olar gowaça meýdanlaryny arassalarlar” diýip, býujet işgäri edara başlygynyň aýdan sözlerini sitirledi.

Bellesek, Marynyň häkimiýetleri tas şu ýylky pagta ýygym möwsümi başlaly, ýagny üç aý çemesi wagt bäri işgärlerden pagta önümçiligi bilen bagly pul ýygnaman gelýärdi.

Sentýabryň ortalarynda habarçylarymyz sebit häkimiýetleriniň býujet işgärleriniň we talyplaryň mejbury pagta ýygymyna gatnaşmakdan, öz deregine hakyna adam tutmakdan we pul tabşyrmakdan boşadylýandygyny yglan edendigini habar berdiler.

Bu waka, sebitde mejbury pagta ýygymynyň ozal görlüp-eşidilmedik derejede güýçlendirilendigi barada Azatlygyň yzygiderli çap eden maglumatlarynyň yz ýanyna gabat gelipdi. Şonda býujet işgärleriniň ençemesi munuň wagtlaýyn kabul edilen karar bolmagyndan aladalanýandygyny aýdypdy.

Häzirki wagtda býujet işgärleriniň ençemesi häkimiýetleriň şol kararyny ýatladyp, pagta önümçiligi bilen bagly gaýtadan pul toplanyp başlanmagyna nägilelik bildirýär.

Köp işgär munuň ýene yzy üzülmez diýip, edara ýolbaşçylaryna pul bermekden boýun gaçyrýar. Bu işgärler gorkuzmalara sezewar edilip, dil hat ýazmaga mejbur edilýärler.

“Olar dil hatda köpçülikleýin geçirilýän ýowara gatnaşmakdan ýüz öwürýändiklerini ýazmaly edilýärler. Şeýle-de, edara başlyklara olara ‘prokuratura özüňiz jogap berersiňiz’ diýip gorkuzdylar” diýip, maryly býujet işgäri belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Marynyň häkimliginden we onuň oba hojalygy bölüminden kommentariý alyp bilmedi.

Dünýäniň pagta öndürýän esasy ýurtlarynyň onlugyna girýän Türkmenistanyň hökümeti halkara hukuk goraýjy toparlar tarapyndan özüniň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda ýyllarboýy tankyt edilýär.

Bu mesele soňky gezek 6-njy noýabrda Ženewada geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde hem gozgaldy.

Şonda beýleki demokratik ýurtlaryň wekilleri bilen bir hatarda fransuz wekili hem Türkmenistanda pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanylmazlygyna kepil geçilmegini teklip etdi.

Türkmenistan şu ýyl ýurt boýunça 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnamagy göz öňünde tutýar.

12-nji noýabrda Türkmenistan şu ýyl Balkan welaýaty boýunça döwlet tarapyndan kesgitlenen gowaça planynyň dolandygyny yglan etdi. Emma munuň bilen bagly, aradan bir aýdan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, beýleki sebitler boýunça hiç hili maglumat hödürlenmän gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG