Mary welaýatynda awtoulag ýangyjynyň gytçylygy ýitileşdi. Sebitiň ýangyç guýýan beketlerinde A-95 we A-92 görnüşli benzin tapdyrmaýar.
Şol bir wagtda, A-80 görnüşli ýangyç hem adam başyna 20 litr möçberde, çäklendirilen görnüşde satylyp başlandy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 5-nji awgustda sebitden maglumat berdiler.
“4-nji awgustdan bäri Marynyñ etraplaryndaky ýangyç beketleriniň aglabasynda benzin düýbünden ýok. Hatda A-80 görnüşli benzin hem tapdyrmaýar. Garagum etrabynyň ýaşaýjylary Baýramaly etrabyna gaýdyp, benzin guýýan beketlerde ençeme sagatlap nobata durýarlar” diýip, baýramalyly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Marynyň merkezi şäherinde hem ýagdaý şuňa meňzeş bolup, ýangyç beketleriniň diňe käbirinde benzin satylýar. Bu ýerlerde benzin nobatyna duran ulaglaryň uzynlygy azyndan bir kilometre ýetýär.
“Ýangyç beketlerinde diňe bir sany benzokolonka işleýär. Bulardan her bir sürüjä A-80 görnüşli benzinden diňe 20 litr satylýar. Sürüjiler gijesi bilen nobata durýarlar. Käbir sürüjiler öýlerine jaň edip, nobatynyň şu gün ýetjeginiň hem belli däldigini aýdyp, özlerine suw, çörek ibermegi soraýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly şäher ýaşaýjysy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Ýerli häkimiýetler benzin gytçylygynyň sebäbini düşündirmeýärler. Türkmenistanyň çägindäki ýangyç beketlerini nebit önümleri bilen üpjün edýän “Türkmennebitönümleri” kärhanasy hem, Maryda ýitileşen benzin gytçylygy barada beýanat bermeýär.
Baýramalynyň we Marynyň ýangyç beketleriniň işgärleri gytçylygyň sebäbi barada özlerine hem hiç hili maglumat berilmeýändigini aýdýarlar.
“Nobatlaryň öňüni almak we A-80 görnüşli benziniň has köp ulaga ýetmegini üpjün etmek maksady bilen, ony çäklendirilen görnüşde satmak tabşyryldy” diýip, işgärleriň biri anonimlik şertinde habarçymyza aýtdy.
Azatlygyň bu barada “Türkmennebitönümleri” kärhanasynyň ýerli edarasyndan we Mary welaýat häkimliginden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary başa barmady.
Bu aralykda, Mary şäherindäki beketlerde nobata duran raýatlaryň arasynda ulaglaryndaky benzin gutarandan soň, olary nobatdan çykman, haýallyk bilen itekläp barýan sürüjilere hem köp duş gelse bolýar.
“Benzini gutaran awtoulag eýeleri ellerine 1 litr plastik gap alyp, her geçip barýan ulagyň sürüjisinden benzin satmagy soraýarlar. Olaryň köpüsi öýlerine aşar ýaly möçberde benzin satmagy haýyş edýärler. Ýöne benzin satýan adam gaty az” diýip, maryly sürüji anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Habarçylarymyz käbir ýangyç beketleriniň benzin satmagy duýdansyz bes edendigini hem aýdýarlar.
"Benzin nobatynda duran ulaglaryny hiç ýere sürüp bilmän, olaryň ýoluň ugrunda goýup gidýän sürüjiler hem köp" diýip, maryly habarçymyz belledi.
Ýangyç serişdelerine baý Türkmenistanda soňky birnäçe ýylyň dowamynda awtoulag benzininiň gytçylygy ýygy-ýygydan emele gelýär. Bu gytçylyk soňky aýlarda has-da ýitileşdi.
26-njy iýulda Lebapdaky habarçymyz benziniň her bir ulaga 10 litr möçberinde, çäklendirilen görnüşde satylyp başlanandygyny habar berdi. Geçen aýyň başynda Balkanyň Türkmenbaşy şäherinde, iýunyň ahyrynda bolsa, Lebapda we Maryda emele gelen benzin gytçylygy barada maglumatlar gelip gowuşdy.
Ýurtda benzin gytçylygynyň ýitileşmeginiň arasynda, Türkmenistan nebit önümleriniň eksportyny dowam etdirýär.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig birža maglumatlaryna görä, daşary ýurtly işewürler nebithimiýa önümlerini, awtoulag ýangyjyny has köp satyn aldylar. TDH 29-njy iýulda çap eden habarynda geleşikleriň jemi bahasynyň ABŞ-nyň 38 million 723 müň dollaryndan gowrak bolandygyny mälim etdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum