Lebabyň edara-kärhanalarynyň işgärlerine 20-nji awgustdan başlap pagta ýygymyna çekilip başlanjakdyklary duýdurylýar.
Bu barada lebaply býujet işgärleri we Türkmenabat şäher häkimligindäki çeşmämiz 5-nji awgustda Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdiler.
“Edara ýolbaşçylary bu ýyl býujet işgärleriniň pagta ýygymy üçin her hepde pul bermelidigini, şol bir wagtda-da, olaryň pagta ýygymyna hem gitmelidigini aýdýarlar. Üstesine-de, öz wezipe borçlaryňy hem doly ýerine ýetirmek talap edilýär. Gul eýeçilik zamanasy” diýip, lebaply mugallym anonimlik şertinde aýtdy.
Şäheriň 5-nji, 8-nji we 10-njy Ýaşaýyş jaý üpjünçilik bölümleriniň işgärleriniň we orta mekdepleriň mugallymlarynyň ençemesi özlerinden her hepde alynjak puluň möçberi barada häzirlikçe anyk bir maglumatyň ýokdugyny belleýärler.
“Işgäriň maddy mümkinçiligine seretmeýärler. Diňe talap edilýär. Halk hem gorkunjyna dymýar. Sebäbi işinden kowlup, gazanjyny ýitirmekden gorkýar. Adamlaryň gözüniň ody alnan” diýip, Ýaşaýyş jaý üpjünçilik bölümleriniň biriniň işgäri aýtdy.
Bu maglumaty Türkmenabadyň häkimligindäki çeşmämiz hem tassyklaýar. Ol býujet işgärlerini tapgyrlaýyn esasda pagta ýygymyna çekmek barada edara-kärhanalaryň gizlin sanawynyň düzülendigini belledi.
“Gizlin sanawyň düzülmegi Halkara zähmet guramasy bilen baglanyşykly. Häkimiýetler muny guramanyň Türkmenistanda býujet işgärleriniň mejbury zähmete çekilýändigini bilmezligi üçin edýär” diýip, çeşmämiz aýtdy.
Ol býujet işgärlerinden pagta ýygymy üçin her hepde toplanjak puluň möçberiniň 60 manada barabar boljakdygyny belledi. Maglumat üçin aýtsak, geçen ýyllarda bu serişde takmynan 40 manada barabardy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Türkmenabadyň häkimliginden we oba hojalygy bölüminden teswir alyp bilmedi.
Ýöne bu maglumat, Lebapda pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş nokatlaryny, pagta ýygýan kombaýnlary pagta ýygymy möwsümine taýýarlamak işleriniň dowam edýän mahalyna gabat geldi.
Adatça Türkmenistanda pagta ýygymy möwsümi resmi derejede sentýabr aýynda başlanýar. Ýöne Azatlygyň habarçylary we garaşsyz neşirler bu möwsümiň näresmi derejede awgust aýynda başlanýandygyny we dekabr aýynyň başyna çenli dowam edýändigini ýyllarboýy aýdyp gelýärler.
Bu döwürde býujet işgärleri, talyplar, esgerler pagta ýygymyna gatnaşmaga, öz deregine hakyna adam tutmaga we pul tabşyrmaga mejbur edilýärler.
Bulardan boýun gaçyranlar işden kowulmak, okuwdan çykarylmak bilen ýüzbe-ýüz bolup, basyşlara we gorkuzmalara sezewar edilýär. Mundan başga-da, býujeti işgärleri pagtanyň otag we çürtüm işlerine hem mejbury çekilýärler.
Dünýäniň pagta öndürýän esasy ýurtlarynyň onlugyna girýän Türkmenistanyň hökümeti halkara hukuk goraýjy toparlar tarapyndan özüniň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda ýyllarboýy tankyt edilýär.
Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň Adam gaçakçylygy boýunça 2024-nji ýyldaky ýyllyk hasabatynyň Türkmenistan bölüminde, türkmen hökümetiniň mejbury zähmeti ulanmak, ululary we çagalary her ýyl mejbury pagta ýygymyna çekmek, jemgyýetçilik çärelerinde we beýleki ugurlarda ulanmak syýasatyny dowam etdirendigi aýdylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum