Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Nowruz baýramy aýdym-sazsyz, durgun görnüşde bellenilip geçildi. Şol bir wagtda, şäherde polisiýanyň raýatlara gözegçiligi güýçlendirildi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji martda sebitden maglumat berdi.
“21-nji martda Türkmenabatda aýdym-saz ýa-da konsert dabarasy bolmady. Şäheriň hiç bir ýerinde adamlaryň toplanyşyp, Nowruz baýramyny belleýändigini göze ilmedi. Ýaşaýjylar bu güni bir dynç güni ýaly geçirdiler” diýip, habarçymyz aýtdy.
Günortan sagat 12 töwereginde Bitaraplyk we Bahar seýilgählerinde çagalar üçin niýetlenen güýmenje desgalary işläp başlady.
Ýöne bu seýilgähler we şäheriň ähli kafedir restoranlary, barlary, garbanyşhanalary, söwda merkezleri, uly marketleri we ýaşlaryň oýun oýnaýan merkezleri agşam sagat 9-da ýapylmaly edildi.
“Gije sagat 10-dan soň köçede adamlaryň hereketi ýiti çäklendirildi. Gije sagat 10:15 töwereklerinde köçeden geçip barýan adam görünmedi, diňe awtoulaglar hereket edýärdi” diýip, ýagdaýlardan habarly türkmenabatly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.
Günüň dowamynda polisiýa işgärleri güýçlendirilen iş tertibinde işlediler. Olar Türkmenabadyň tas ähli kafedir restoranlarynyň, garbanyşhanalarynyň golaýynda gizlenip durup, çilim çekýän we alkogolly içgileri içen raýatlary gözlediler.
“Polisiýa işgärleri baýramçylygy bellemek üçin restoranlara baran adamlary awladylar” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy aýtdy.
Şäher ýaşaýjylarynyň ençemesi bu günüň “polisiýanyň raýatlardan para almak gününe öwrülendigini” aýdýar.
“Adamlar çilim çekmek üçin restoranyň daşyna çykanda, polisiýa işgärleri olary dessine polisiýanyň ulagyna mündürdiler. Polisiýa işgärleri olaryň agzyny ysgap, olara polisiýa bölümine äkidiljekdiklerini, köpçülik ýerinde çilim çekendigi we serhoşdygy barada jerime ýazjakdyklaryny aýdýarlar. Polisiýa bölümine alnyp gidilen raýatyň maşgala agzasyndan onuň pasportyny getirmek talap edilýär. Köp adam baýramçylyk gününde maşgala agzalaryny biynjalyk etmejek bolup, 100 manat jerimäni para görnüşinde bermäge razy boldy” diýip, ýagdaýlardan habarly başga bir türkmenabatly ýaşaýjy aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada welaýatyň Polisiýa müdirliginden teswir alyp bilmedi.
Türkmen häkimiýetleri ýurtda bellenilýän möhüm baýramçylyklarda güýçlendirilen iş tertibini ylgan edýärler. Köçelerde kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň sany artdyrylýar we agşam sagat 9-10-dan soňra ýaşaýjylaryň pyýada hereketi çäklendirilýär. Häkimiýetler tarapyndan şeýle çäreler soňky gezek Täze ýyl baýramynda güýje girizilipdi.
Şol bir wagtda, döwlet telewideniýesi baýramçylyklarda ýurduň dürli künjeginde aýdym-sazly dabaralaryň geçirilendigi barada birnäçe gün öňünden ýazgy edilip goýlan reportažlary görkezýär.
“Watan” habarlary gepleşiginiň 21-nji martdaky sanynda ýurduň welaýatlarynda, şol sanda Lebapda Nowruz baýramynyň şowhun bilen köpçülikleýin bellenilendigi baradaky reportažlar efire berildi.
Lebapdaky habarçylarymyz ýerli häkimiýetleriň dört-bäş gün öňünden, ýagny 17-nji martda Nowruz baýramçylygy mynasybetli köpçülik çäräni gurnap, döwlet telewideniýesine wideo ýazgy edendigini şu hepdäniň başynda habar berdiler.
“Ak öý” binasynyň öňünde 500 çemesi býujet işgäriniň, talyp ýaşlaryň we ýokary klas mekdep okuwçylarynyň gatnaşdyrylmagynda geçirilen çäre bäş sagat töweregi dowam edipdi.
Türkmen häkimiýetleri we mediasy möhüm baýramçylyklara öňünden görülýän taýýarlyklar, şeýle-de, gözegçiligiň güýçlendirilmegi we bularyň raýatlara ýetirýän täsirleri barada hiç zat aýtmaýarlar.
Türkmenistanda 21-22-nji martda Milli bahar baýramy hökmünde bellenip geçilýän Halkara Nowruz gününde kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işlenilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum