Lebabyň Çärjew etrabynyň Ýasy depe obasynyň ýaşaýjylary ýerli kärendeçileriň golaýdan geçýän kanalyň öňüni böwetlemegi netijesinde, suwuň agyp töwerekdäki ýaşaýjyş jaýlaryny basýandygyny, emläklerini harap edýändigini aýdýarlar.
Lebap daýhan birleşiginiň düzümindäki obanyň ýaşaýjylary bu mesele boýunça ýerli häkimlige ençeme aýlap ýüz tutandyklaryny, emma netijesiz synanyşyklaryndan soň, prokuratura köpçülikleýin arza ýazandyklaryny aýdýarlar.
Habarçymyz gürrüňi gidýän sebitdäki kanalyň Halaç we Garabekewul etraplarynyň bar zeý suwlaryny toplap, Türkmenabadyň günortasyndan, Zerger etrapçasyndan geçip, Dänewe tarap akyp gidýändigini aýdýar.
“Kanalyň Ýasy depe obasynyň deňinden geçýän bölegine ýörite turbalar goýuldy. Şaly we pagta ekiş möwsümi, kärendeçiler olaryň öňüni böwetläp, suwy 3-4 metr galdyryp, ony melleklerine akdyrýardylar. Bu her gije sagat 21:00-dan daňdan sagat 06:00-a çenli amal edilýär. Emma indi soňky üç aýdan bäri suw agyp, oba akyp başlady” diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri 22-nji awgustda habarçymyza gürrüň berdi.
Ol golaýdaky howly jaýlarynyň ençemesini zeý suwunyň basandygyny, netijede jaýlaryň fundamentiniň owranyp başlandygyny, hojalyklaryndaky bakja we miweli ekinleriniň harap bolandygyny, şeýle-de nejasat yslarynyň aňkap durandygyny belledi.
“Biz bu ýagdaýlar boýunça kärendiçileriň özlerine-de, häkimlige-de ýüz tutduk. Olary diňe plan borçnamasy gyzyklandyrýar. Indi ýaşaýjylar bolup, bu ýagdaýlar boýunça prokuratura ýüz tutduk. Arzamyzy kabul etdiler. Häzirlikçe habar-hatyr tutan bolmady” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.
Azatlyk bu dörän ýagdaýlar boýunça sebitiň häkimliklerinden we prokuratura edarasyndan maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi. Muňa garamazdan, Azatlyk Ýasy depe obasyndaky ýagdaýlary yzarlamagy dowam etdirer.
Şol bir wagtda, kärendiçiler ekerançylyk suwlarynyň ýiti ýetmezçiligi bilen ýyllarboýy ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny aýdýarlar.
Azatlyk mundan öň, şol sanda Çärjew etrabyndaky daýhanlaryň ýerli oba hojalyk resmilerinden kömegiň ýokdugyny belläp, suw ýetmezçiligine özbaşdak çykalga tapmaga çalyşýandyklary barada habar beripdi.
Olar öz maddy serişdeleriniň hasabyna tehnikalary hakyna tutup, gowaça we şaly meýdanlaryna barýan ýaplary gazdyrýarlar. Käbir daýhanlar suw nasoslaryny gurnaýarlar.
Kärendeçiler we türkmenistanlylaryň ençemesi şu ýyl ýurtda suw üpjünçiligi bilen bagly meseläniň, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, has-da ýaramazdygyny aýdýarlar.
BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça edarasy 2021-nji ýylda çap eden hasabatynda Türkmenistanyň suw resurslaryna agram düşýändigini duýdurdy.
Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri ýurtda suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyny gözegçilikde saklamak meselesini wagtal-wagtal gozgaýarlar. Ýöne olar suw üpjünçiligindäki problemalary aç-açan boýun almaýarlar.
Bu aralykda, “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümeti 2022-nji ýylyň martynda Amyderýanyň akabasynyň ugrunda ägirt uly Koştepe kanalynyň gurluşygyna girişdi. Hünärmenler bu kanalyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, ilkinji nobatda Türkmenistanyň we Özbegistanyň suw üpjünçiligine howp saljakdygyny duýdurýarlar. Kanalyň gurluşygynyň bäş ýylda tamamlanmagyna garaşylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.
Forum