Gyrgyz prezidenti indiki prezident üçin ses berýär
Gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew we onuň aýaly Raisa Atambaýewa Gyrgyzystanyň 15-nji oktýabrda geçirilýän prezident saýlawlarynda ses berdiler. Bişkekde ses berýärkä ýazgy edilen saýlawçylaryň arasynda parlament spikeri Çynybaý Tursunbekow hem bar. Saýlawlarda 11 kandidat bäsleşýär. (Azatlygyň Gyrgyz gullugy)