Hytaý 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Žuhaý şäherinde gezim edýän adamlaryň üstünden awtoulagyny süren 62 ýaşly sürüji Fan Weikiu jezalandyrdy. Ol öz bilkastdan eden hereketi bilen 35 adamyň ölümine, 43 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.
“South China Morning Post” neşiriniň maglumatyna görä, kazyýet Weikiuy 27-nji dekabrda "aýylganç" we "wagşy jenaýatda" günäli tapdy we "jemgyýetiň howpsuzlygyna wehim salýandygyny" aýdyp, ölüm jezasyna höküm etdi. Hytaýly erkek 20-nji ýanwarda jezalandyrylyp öldürildi.
Fan Weikiu 11-nji noýabrda sport merkeziniň golaýynda gezim edip ýören pyýadalaryň üstünden maşyn sürdi. Bu wakada heläk bolanlaryň arasynda garry adamlar, ýetginjekler we çagalar hem bar. Sürüji jenaýatyň bolan ýerinden gaçmaga synanyşdy, ýöne polisiýa ony tussag etdi.