Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HPG: Türkmenistanyň JIÖ ösüşiniň hakyky derejesi aýdylanynyň üçden birine hem ýetmedi


Aşgabat, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty
Aşgabat, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty

2023-nji ýylda Türkmenistanda jemi içerki önüm ösüşiniň derejesi resmi taýdan jar edilen sanlaryň üçden birine hem ýetmedi diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” Halkara pul gaznasynyň hünärmenleriniň 27-nji martdan 9-njy aprele çenli aralykda Türkmenistanda geçiren barlagynyň netijesine salgylanyp habar berýär.

Ykdysatçylar Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň ep-esli haýallandygyny bellediler.

Pandemiýadan soň, 2022-nji ýylda ýurduň jemi içerki önüminiň ösüşi birden 5,3% -e çenli ýokarlandy (bu ykdysadyýetiň ondan öňki ýylda 0,3% peselmegi bilen baglanyşykly), ýöne 2023-nji ýylda JIÖÖ-i 2% -e çenli pese düşdi.

Bu görkezijiniň 2024-nji we 2025-nji ýyllarda 2,3% bolmagyna garaşylýar.

Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow fewral aýynda Türkmenistanyň soňky 15 ýyldaky ösüşiniň jemlerini jemläp, 2023-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3% bolandygyny, ýagny HPG-nyň çaklamasyndan 3,15 esse köp bolandygyny aýtdy.

Gazna 2023-nji ýyldaky jemi içerki önümiň mukdaryny 263,87 milliard manat diýip çaklady; 2024-nji ýylda bu görkezijiniň 286,634 milliard manada çenli ýokarlanmagyna garaşylýar.

Ozal habar berlişi ýaly, ygtybarsyzlygy sebäpli, HPG Türkmenistanyň çap edýän statistiki maglumatlaryny ulanmaýar we ykdysadyýete baha bermek üçin başga ulgam döretdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG