Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Harby bölümlerdäki ýeter-ýetmezçilik üpjünçilik meselelerine ünsi çekýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň şahsy düzümi iýmit ýetmezçiligi, harby lybaslaryň ýetmezçiligi ýaly üpjünçilik meseleleri bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Ýaş esgerler çagyryş boýunça harby gullugy tamamlan raýatlaryň köne lybaslaryny geýmeli bolýarlar. Täze lybaslar möhüm senelere, baýramçylyk günlerine niýetlenilip, harby ammarlarda saklanýar.

Şu günler Türkmenistanda raýatlary harby gulluga çagyrmagyň hem-de gulluk möhletini tamamlan raýatlary harby gullukdan boşatmagyň ýazky möwsümi dowam edýär.

Ýurduň harby edaralarynyň üpjünçilik şertlerinden habarly çeşmeler harby bölümlerde iýmit ýetmezçiligi we harby lybas ýetmezçiligi ýaly problemalaryň dowam edýändigini aýdýarlar.

“Çagyryş boýunça harby gullugy tamamlaýan esgerler, serkerdeleriň tabşyrygy bilen, hossarlaryna jaň edip, özlerine raýat eşikleriniň iberilmegini haýyş edýärler. Olaryň köne uniformalary harby bölümlerdäki ammarlara tabşyrylýar. Şondan soňra, olaryň harby bölümleri terk etmegine rugsat berilýär. Köne harby lybaslar ýaş esgerlere paýlanyp berilýär” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.

Ol harby gullugyň ilkinji gününde ýaş esgerlere paýlanyp berlen täze lybaslaryň möhüm senelere, şol sanda Harby kasam kabul ediş gününe, baýramçylyklara ýa-da barlag günlerine niýetlenilip, harby ammarlarda saklanylýandygyny aýdýar.

“Ýaş esgerler özlerine paýlanyp berlen täze harby lybaslary Harby kasamda, baýramçylyk günlerinde ýa-da Goranmak ministrliginden iberilýän barlagçylaryň harby bölümlerde barlag geçirýän günlerinde geýip bilýärler. Baýramçylykdan ýa-da barlagdan soňra täze lybaslar ýaş esgerlerden ýygnalyp alynýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy çeşmäniň sözlerini sitirleýär.

Bu aralykda, ýerli synçylar ýurduň harby pudagynda dowam edýän problemalara, şol sanda üpjünçilik we terbiýeçilik meseleleri boýunça alada beýan edýärler.

Synçylara görä, Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň şahsy düzümi ençeme ýyllardan bäri dowam edýän hroniki häsiýetli problemalardan ejir çekýär.

Hökmany harby gulluk borjunyň ýerine ýetirilýän döwürlerinde, iki ýylyň dowamynda käbir esgerler, harby bölümlerde giň ýaýran agalygyň we kemsitmeleriň pidasy bolýarlar.

“Hususan-da, ejiz, saglyk ýagdaýy pes raýatlar harby gulluk döwründe fiziki we ruhy basyşlara sezewar bolýarlar. Sütem görkezilen esgerler hemişelik ruhy şikes alyp, durmuşyň geljekgi tapgyrlarynda-da kynçylyklary başdan geçirýärler” diýip, ýerli synçy aýdýar.

Ilat arasynda harby gulluk döwründe ruhy şikes alan raýatlaryň maşgala durmuşynda zorluga ýüz urýan halatlary ýüze çykýar. Hökmany harby borçlulyk döwründe ruhy basyşlara duçar bolan raýatlar raýat durmuşyna uýgunlaşmakda hem kynçylyk çekýärler diýip, synçylar aýdýar.

Türkmenistanda 18-27 ýaş aralygyndaky erkek raýatlar çagyryş boýunça hökmany harby gullugy geçýärler. Harby gullukdan boşamaga, ýa-da çagyryş möhletini yza süýşürmäge hukugy bolan raýatlar gulluga çagyrylmaýar.

Türkmenistanda raýatlary harby gulluga çagyrmagyň hem-de gullukdan boşatmagyň ýazky möwsümi 30-njy iýuna çenli dowam eder.

Raýatlar ýylda iki gezek, oktýabr-noýabr-dekabr aýlarynda hem-de aprel-maý-iýun aýlarynda harby gulluga çagyrylýarlar ýa-da gullukdan boşadylýarlar.

Türkmenistanyň kanunçylygy çagyryşa degişli raýatlar üçin alternatiw raýat gullugy mümkinçiligini hödürlemeýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýyllarboýy ýurduň harby pudagyndaky nogsanlyklar, şol sanda ýaramaz üpjünçilik şertleri, iýmit ýetmezçiligi, harby gullukdaky hukuk kemsitmeleri barada yzygiderli habar berip gelýärler.

Redaksiýa Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň şahsy düzüminiň ýaramaz üpjünçilik şertleri barada degişli harby edaralardan teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG