Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara ugurlar boýunça ýük daşaýan goşa bakly ýük ulaglarynyň ikinji bakyny aýyrtmak talap edilýär


Ýük ulaglarynyň ýangyç baklary boýunça täze talaplar ýurtda dizel gytçylygynyň dowam edýän wagtyna gabat gelýär. Illýustrasiýa suraty.
Ýük ulaglarynyň ýangyç baklary boýunça täze talaplar ýurtda dizel gytçylygynyň dowam edýän wagtyna gabat gelýär. Illýustrasiýa suraty.

Mary welaýatynda halkara ugurlary boýunça ýük daşaýan goşa bakly ýük ulaglarynyň ikinji bakyny aýyrtmak talap edilýär diýip, bir sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Men bir daşary ýurt döwletine ýük äkitmeli boldum. Emma meniň ýük ulagymyň ýangyç guýulýan baky goşa bolansoň, maňa daşary ýurda çykmaga rugsatnama berilmejekdigini aýtdylar. Baklaryň haýsy hem bolsa birini aýyrtmak tabşyryldy” diýip, ulag sürüjisi aýdýar.

Halkara ugurlary boýunça ýük daşaýan agyr awtoulaglaryň ýangyç baklary boýunça täze talaplar ýurtda dizel ýangyjynyň gytçylygynyň dowam edýän wagtyna gabat gelýär. Häkimiýetler dizel ýangyjynyň gytçylygyny halkara ugurlary boýunça ýük daşaýan agyr awtolulaglar bilen ilteşdirýärler.

Maryly sürüji ýurtda emele gelen dizel gytçylygynyň ýurduň çägindäki halkara ýük gatnawlarynyň ýygjamlaşmagy bilen, ýük ulaglarynyň köp mukdarda dizel talap etmegi we ulag sürüjileriniň serhetüsti dizel söwdasynda güman edilmegi bilen düşündirilýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanda ýük gatnawlarynyň kadaly guralmagyna “Türkmenulaggözegçilik” döwlet kärhanasy gözegçilik edýär. Bu kärhana awtoulagda ýük daşama işiniň ygtyýarlandyrylmagy babatdaky kanunçylyk talaplarynyň ýerine ýetirilişine-de gözegçilik edýär.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary noýabryň başlarynda halkara ugurlary boýunça ýük daşaýan käbir ýerli ýük ulaglarynyň Farap gümrük nokadynda saklanylýandygyny habar berdiler.

Şonda emeli usulda ulaldylan baklary bolan ýük ulaglarynyň gümrük gullukçylary tarapyndan serhetden geçmeklerine rugsat berilmeýändigi mälim boldy.

Farap gümrük nokadynda ýurtdan çykmagyna rugsat berilmedik ýük ulaglarynyň zawoddan goýberilende 400 litr göwrümi bolan ýangyç baklarynyň, emeli usullar bilen 500-550 litrlik baklara öwürdilendigi mälim bolupdy.

Maryly sürüjiler “Volvo” we “Mercedes” ýaly ýük awtoulaglarynda zawoddan goýberilende goşa ýangyç bakynyň oturdylandygyny aýdýarlar.

“Ikinji dizel bakyny goşmaça enjam hökmünde hasaplaýarlar we awtoulagdan aýyrtmagy talap edýärler” diýip, sürüjiler aýdýar.

Habarçymyzyň söhbetdeşi rugsatnama almak üçin, ahyrsoňy özüniň ýük awtoulagynyň ikinji bakyny aýyrdandygyny gürrüň berýär.

“Men awtoulagdaky ýangyç bakymyň birisini aýyrtdym. Şondan soňra çykyş rugsadyny berdiler. Men düşünişmekçi bolup, bu ýagdaýyň sebäbi bilen gyzyklandym. Meniň awtoulagymdaky ýangyç bakynyň soňundan oturdylmandygyny, onuň zawoddan çykarylanda şeýle goýberilendigini aýtdym. ‘Bolanok, gadagan’ diýdiler” diýip, maryly ýük ulag sürüjisi gürrüň berýär.

Onuň sözlerine görä, häkimiýetler halkara ugurlar boýunça gatnaýan ýük ulag sürüjilerini dizel ýangyjynyň serhetüsti söwdasynda aýyplaýarlar.

Azatlyk Radiosy täze talaplar boýunça transport resmilerinden kommentariýa alyp bilmedi.

Energiýa serişdelerine baý Türkmenistanyň dürli sebitlerinde soňky birnäçe wagt bäri dizel gytçylygy dowam edýär.

Bu ýurt içerki sarp edijilere satylýan awtolulag ýangyjynyň arzançylygy boýunça dünýäde iň öňdäki 10 ýurduň hatarynda gelýär. Ýöne, hususan-da, soňky iki ýylyň dowamynda ýurtda wagtal-wagtal awtoulag ýangyjynyň gytçylygy emele gelýär. Ýurduň dürli sebitlerindäki ýangyç beketleriniň öňünde häli-şindi awtoulag nobatlaryny synlasa bolýar.

Türkmenistanda dizel ýangyjynyň bir litri 1 manat 35 teňňeden, A-95 görnüşli benzin 1 manat 50 teňňeden, A-80 görnüşli benzin 1 manat 15 teňňeden satylýar.

Galyberse-de, Farap gümrük nokadynda käbir ýerli ýük ulaglarynyň saklanylmagy hem-de Mary welaýatynda goşa bakly ýük ulaglarynyň ýurtdan çykmagyna rugsat berilmezligi ýurduň iri halkara ulag-üstaşyr geçelgelerine goşulýandygyny yglan edýän wagtlaryna gabat gelýär. Şol bir wagtda, ýurtda halkara ýük ulaglary boýunça käbir täze düzgünler girizilýän mahaly, şu günler Aşgabatda “Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant” atly halkara forum geçirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG