Sepleriň elýeterliligi

 
Gyrgyzystan nikaby gadagan edýär. Tankytçylar munuň aýallaryň käbirini jemgyýetden çetleşdirip biljekdigini duýdurýarlar
Soňky habar

Gyrgyzystan nikaby gadagan edýär. Tankytçylar munuň aýallaryň käbirini jemgyýetden çetleşdirip biljekdigini duýdurýarlar


Şu ýylyň 1-nji fewralyndan Gyrgyzystanda "şahsyýetini anyklamaga ýol bermeýän" geýime gadaganlyk güýje girýär.
Şu ýylyň 1-nji fewralyndan Gyrgyzystanda "şahsyýetini anyklamaga ýol bermeýän" geýime gadaganlyk güýje girýär.

Gyrgyzystan aýallaryň bütin bedenini doly örtýän nikaby gadagan edýär. Ýurduň häkimiýetleri bu gadagançylygyň Merkezi Aziýanyň ähli beýleki ýurtlaryndaky mekdeplerde we edaralarda geýilmäge rugsat berilmeýän musulman aýallaryň baş örtgüji bolan hijaba – aýal ýaglyklaryna degişli däldigini nygtaýarlar.

Gyrgyzystan Merkezi Aziýada nikaby, ýagny diňe gözden başga, saçyny, ýüzüni we bütin bedenini örtýän uzyn eşigi gadagan eden iň soňky ýurt boldy.

1-nji fewraldan jemgyýetçilik ýerlerinde nikaply peýda bolanlara 20 müň som (230 dollar) jerime salynýar.

Musulman aýal maşgalalaryň egin-eşikleri we erkek adamlaryň sakgal goýbermegi indi ençeme ýyldan bäri Merkezi Aziýada döwlet kampaniýalarynyň bir bölegi bolup gelýär hem jemgyýetçilik çekişmeleriniň esasy mowzugy bolup durýar. Sebäbi dünýewi häkimiýetler yslamyň gün-günden artýan täsirinden alada edýärler.

Gyrgyzystanyň deputatlary bu gadagançylygyň howpsuzlyk sebäpleri babatyndan zerurdygyny aýtdylar, sebäbi bu adamlaryň ýüzlerini görmek we şahsyýetini anyklamak üçin gerek. Ýöne muňa garşy çykýanlaryň aýtmagyna görä, gadaganlyk aýallary geýmek isleýän egin-eşiklerini saýlamak erkinlikden mahrum edýär.

«DÄBIMIZIŇ BIR BÖLEGI»

Bu gadagançylyk dini sfera baradaky kanunçylyga girizilen düzedişlerde beýan edilýär. 21-nji ýanwarda prezident Sadyr Žaparowyň gol çeken dokumentinde, ýerli gepleşikde “paranji” diýip atlandyrylýan nikap barada, gös-göni agzalmaýar.

Emma ol kanun "raýatyň kimdigini anyklamaga ýol bermeýän" egin-eşigi "döwlet edaralarynda we jemgyýetçilik ýerlerinde" geýmegi gadagan edýär. Bu öz gezeginde Merkezi Aziýada hijaba garşy ruhyçökgün kompaniýanyň bir görnüşidir. Adamyň zähmet we resmi işleri bilen baglanyşyklylykda ýa-da medisina sebäpleri boýunça ýüzüň örtülen halatlarynda, kanunda düzgünden çykma ýagdaý nazara alnypdyr.

Parlamentiň agzalary we döwlet tarapyndan goldanylýan dini ýolbaşçylar bu gadagançylygyň saçy we boýnuny örtýän, ýöne ýüzi ýapmaýan musulman başörtgüji bolan hijaba degişli däldigini öňe sürýärler.

Gyrgyzystan Merkezi Aziýada mekdeplerde we edaralarda hijap geýmäge rugsat berýän ýeke-täk döwletdi.

Gyrgyz gyzlary Bütindünýä hijap güni mynasybetli Bişkekde geçirilýän çärä gatnaşdylar.
Gyrgyz gyzlary Bütindünýä hijap güni mynasybetli Bişkekde geçirilýän çärä gatnaşdylar.

«Ýaglyk atynmaga garşy hiç hili çäklendirme bolmaz. Biziň enelerimiz we uýalarymyz elmydama ýaglyk örtünipdiler. Bu biziň dessurymyzyň we dinimiziň bir bölegi" diýip, Parlamentiň başlygy Nurlanbek Şakyýew geçen ýyl bu karary kanun çykaryjy maslahata hödürläninde, deputatlara aýtdy.

Hijap Pars aýlagynyň arap döwletlerinde giňden ýaýrandyr. Gyrgyzystanda hijap örtünmek däbi bolmasa-da, soňky ýyllarda bu eşik käbir konserwatiw pikirli zenanlaryň arasynda meşhurlyga eýe boldy.

GYZGYN JEDELLER

Gyrgyzystanda hijap meselesiniň üstünde köp wagtdan bäri köpçülikleýin gyzgyn jedel barýar. Takmynan on ýyl mundan ozal onuň gün-günden köpelýän meşhurlygy döwlet tarapyndan goldanylýan "Biz nirä barýarys?" kampaniýasyna sebäp boldy.

2023-nji ýylda deputat Şarapatkan Mažitowa ýurduň günortasyndaky Oş welaýatynda bolup görenden soň, nikaba garşy täze kampaniýa ýolbaşçylyk etdi. Ol nikap örtünen ýerli aýallaryň ençemesini görüp, haýran galandygyny aýtdy.

"Oşda aýallaryň dörtden biri paranji örtünýärler. Olaryň sany gün saýyn artýar" diýip, Mažitowa parlament mejlisinde aýtdy.

Mažitowanyň kampaniýasy dini goraýjylygyň alamaty hökmünde görülýän erkek adamlaryň sakgallaryny hem nyşana aldy. Ol hökümetden we parlamentden nikabyň we uzyn sakgal goýbermegiň gadagan edilmegini sorady hem bulary "howpsuzlyga alamat" diýip atlandyrdy.

Gyrgyzystanyň musulmanlarynyň döwlet tarapyndan goldanylýan Ruhany administrasiýasy “dinde aýallaryň hijap atynmagynyň talap edilmeýändigi” barada beýanat yglan etdi. Diniň kanunlaryna görä, aýallaryň ellerini (aýasyny), topugyndan aşagyny – aýagyny we ýüzüni (saçyndan eňegine çenli) açyk saklap bilýändiklerini aýtdy.

Emma tankytçylar gadagançylygyň hijaby halaýan aýallary jemgyýetden üzňeleşdirip, çäklendirmä salýandygyny duýdurýarlar.

Hijap atynýan 38 ýaşly öý bikesi Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna gadagançylygyň onuň durmuşyny kynlaşdyrjakdygyny aýtdy.

Adynyň aýdylmazlygyny soran iki çaganyň ejesi alty ýyl mundan ozal durmuşa çykandygyny, Russiýada işe giden ýanýoldaşynyň haýyşy boýunça hijap örtünýändigini gürrüň berdi.

“Indi bolsa gadaganlyk. Men näme etjegimi bilemok. Ýanýoldaşym öýe dolanyp gelende, näme diýjegini bilemok" diýip, Gyrgyzystanyň günortasynda ýerleşýän Kara-Suw şäheriniň ýaşaýjysy aýdýar.

«Gadalanlyk hakda internetden okanymdan soňra, zerurlyk bolmasa öýden çykmazlyk kararyna geldim. Men [daşaryk çykmaly bolanymda] ýüzümi medisina maskasy bilen örtýärin» diýip, ol sözüne goşýar.

HOWPSUZLYK ALADALARY BILEN

Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleri – Gazagystan, Täjigistan we Özbegistan mekdeplerde, edara jaýlarynda we hökümet binalarynda hijaply bolmagy gadagan etdiler.

Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň polisiýa işgärleri köçelerde we bazarlarda barlag geçirip, uzyn sakgally erkekleri saklap, olary sakgallaryny syrmaga mejbur edýärler.

Merkezi Aziýa ýurtlarynda yslamyň islendik daşky alamatlaryna garşy göreş köplenç howpsuzlyga we däp-dessurlara hormat goýmak aladasy bilen düşündirilýär.

Bu sebitiň döwletleriniň häkimiýetleri milli lybaslaryň yslamyň talaplaryna laýyk gelýändigini öňe sürýärler.

Türkmenistan hijaby resmi taýdan gadagan etmän, diňe aýallardan iş orunlarynda we jemgyýetçilik ýerlerinde däp bolan milli egin-eşik geýmegi talap edýär. Bu ýurtdan hijaba derek, ýaglyk atynmagyň buýrulýandygy barada habarlar gelip gowuşýar.

Täjigistan hem zenanlar üçin milli lybaslary yzygiderli öňe sürýär. Häkimiýetler täjiklere ýat bolan "gelmişek" lybas geýmegi gadagan edýärler. “Ýat” egin-eşik diýip, yslam geýimleri nazarda tutulýar.

Materialy taýýarlamaga Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň Oşdaky habarçysy Datkabek Şabdanbek uulu gatnaşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG