Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyz 23 ýaşdan kiçimi? Daşary ýurda gitmek gadagan! Gyrgyzystan daşary ýurtlara gidýänlere ýene-de çäklendirme girizmegi teklip edýär


Türkiýede hususy pudakda işleýän gyrgyzystanly zenan
Türkiýede hususy pudakda işleýän gyrgyzystanly zenan

Gyrgyzystan Merkezi Aziýada aýal migrant işçileriň sany erkekleriň sanyndan geçýän ýeke-täk ýurt bolup durýar, şol bir wagtyň özünde, migrantlaryň uly göterimi 20 ýaşa ýetmedik gyzlardyr.

Käbir syýasatçylar daşary ýurt pullaryna bagly maşgalalardan, durmuşa çykmadyk ýaş gyzlara ýekelikde ýurtdan çykyp işe gitmegine çäklendirme girizmekçi boar.

Syýasatçylaryň aýtmagyna görä, zähmet migrasiýasy bilen bagly köplenç ýagdaýda, gyzlar ezilişe duçar bolýarlar we başga kynçylyklara duşýar.

Geçen aýda konserwator deputat Nadira Narmatowa azyndan 23 ýaşa ýetmedik aýallaryň daşary ýurda işlemäge gitmegini gadagan edýän teklibi öňe sürdi.

Gyrgyz parlamentiniň 24-nji maýda geçiren zenanlar we migrasiýa baradaky söhbetdeşliginde çykyş eden Narmatowa erkekleri tankyt etdi, onuň sözüne görä, erkekler öýde galyp, aýallaryny we gyzlaryny daşary ýurda işlemäge iberýärler.

Gyrgyzystanyň raýatlary Moskwanyň aeroportynda
Gyrgyzystanyň raýatlary Moskwanyň aeroportynda

Parlamentde çykyş eden beýleki bir konserwatiw deputat Şaýloobek Atazow daşary ýurda gidýän gyzlaryň ilki bilen häkimiýetlere hasabat bermelidigini we gitmeginiň sebäbini hem-de nirä gitjekdigini düşündirmelidigini aýtdy.

Geçen ýyl 23 ýaşa ýetmedik we durmuşa çykmadyk gyzlaryň ýanynda hossary bolmasa, daşary ýurda gitmegini gadagan edýän teklibi öňe sürende, Atazow berk tankyda duçar bolupdy.

Bu teklip aktiwistleriň protestlerine sebäp boldy, beýle hereketiň aýallaryň hukuklarynyň bozulmagy boljakdygyny aýdyp, Atazowyň wezipesinden boşadylmagyny talap etdiler.

«Biz 18 ýaşly gyzlaryň howpsuzlygy barada alada etmeli diýenimizde, siz gysga ýubka geýnip, parlamentiň Ak öýüne närazylyk bildirmäge gelýärsiňiz hem ýene-de: “Biz 18 ýaşymyzda, nirä gitmelidigimizi özümiz gowy bilýäris” diýýärsiňiz» diýip, Atazow kanun çykaryjylaryň geçen ýylky teklibi barada, protestlere salgylanyp aýtdy.

AÝALLAR – EKLEÝJILER

Ýaňy-ýakynda öňe sürlen teklipler mundan 10 ýyl ozal deputat Yrgal Kadyraliýewanyň eden jedelli teklibini gaýtalaýar. Ol 23 ýaşa ýetmedik gyzlaryň hossarlarynyň rugsady bolmazdan, ýurtdan çykmagyny gadagan etmek hakynda teklibi öňe sürüpdi.

Kadyraliýewanyň ýol çäklendirmeleri barada eden teklibi diňe migrant işçileri nazarda tutup, daşary ýurtlardan takyk iş tekliplerini alan ýa-da okamaga gidýän aýal-gyzlara degişli däldi.

Kadyraliýewa öz teklibini ýaş aýal-gyzlary jynsy zorlukdan we adam söwdasy howpundan goramak islegi sebäpli öňe sürendigini aýtdy.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi Atazowyň we Narmatowanyň çagyryşlaryna jogap edip, aýallaryň hereketine şeýle çäklendirmeler Konstitusiýanyň düzgünlerini bozýar diýip beýanat ýaýratdy. Ministrlik gyrgyz migrant işçileriniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň ýollaryny agtarýandygyny aýtdy.

Goňşy Täjigistanda we Özbegistanda bolşy ýaly, Gyrgyzystandaky garyplyk sebäpli köp maşgalalar migrant işçileriň daşary ýurtlardan iberýän puluna bagly bolýarlar. Bir ýarym milliona golaý gyrgyzystanly daşary ýurtda işleýär.

Gyrgyzystanyň Zähmet we migrasiýa ministri Kudaýbergen Bazarbaýew geçen ýyl 2014-nji ýyldan bäri migrant zenanlaryň sanynyň barha artýandygyny aýtdy.

Konserwator-deputat Nadira Narmatowa 23 ýaşa ýetmedik gyzlaryň daşary ýurda işlemäge gitmegini gadagan edýän teklibi öňe sürýär.
Konserwator-deputat Nadira Narmatowa 23 ýaşa ýetmedik gyzlaryň daşary ýurda işlemäge gitmegini gadagan edýän teklibi öňe sürýär.

Käbir maglumatlara görä, daşary ýurtlarda işleýän gyrgyz zenanlarynyň 14 göterimi 20 ýaşa ýetmedikler bolmaly.

Türkiýedäki migrantlaryň köplügini, ýagny 30 müňe golaýyny gyrgyz aýallary düzýär. Olaryň köpüsi myhmanhana pudagynda hem-de hususy öýlerde şepagat uýalary, hyzmatkärler we eneke bolup işleýär.

ÖÝDE MÜMKINÇILIK DÖREDIŇ

Gyrgyzystandan bolan zähmet migranty Kanykeý häzir Orsýetiň Surgut şäherinde ýaşaýar. Onuň aýtmagyna görä, aýallara "ýurtdan çykmagy gadagan etmek" baradaky çagyryşlar iş gözläp öýünden çykýan adamlary togtatmaz.

«Biz daşary ýurtdan iş gözleýäris, sebäbi biziň öýümizde gowy [alternatiwa] ýok» diýip, diňe öz adyny aýtmak bilen çäklenen 28 ýaşly bir zenan aýdýar.

Kanykeý 18 ýaşynda, bir özi watanyny taşlap çykýar hem ozal Russiýada ornaşan daýzasynyň ýanyna barýar. Kanykeýiň kakasy iş bilen bagly maýyp bolansoň, doly wagtly işlemegini bes edipdir.

Deputat Şaýloobek Atazow geçen ýyl 23 ýaşa ýetmedik we durmuşa çykmadyk gyzlaryň hossarlary ýanynda bolmazdan, daşary ýurda gitmegini gadagan edýän teklibi öňe sürende, berk ýazgaryldy.
Deputat Şaýloobek Atazow geçen ýyl 23 ýaşa ýetmedik we durmuşa çykmadyk gyzlaryň hossarlary ýanynda bolmazdan, daşary ýurda gitmegini gadagan edýän teklibi öňe sürende, berk ýazgaryldy.

Ilkibada Kanykeý tam süpüriji bolup işe ýerleşip, köp gatly jaýlaryň birnäçesiniň girelgelerini ýuwup-arassalapdyr. Onuň girdejisi Gyrgyzystandaky hossarlaryna aýda 150 dollar ýollamaga mümkinçilik beripdir. Häzir ol uly söwda merkezinde işläp, tekjeleri harytlar bilen üpjün edýär.

«Men käbir [syýasatçylaryň] ýaş migrant-zenanlar hakda näme pikir edýänini bilemok, emma men bu ýerde işleýän gyrgyz zenanlarynyň tertiplidigini, zähmetsöýer adamlardygyny görýärin, diňe öz maşgalasyna kömek etmek isleýänler» diýip, Gyrgyzystandan bolan özi ýaly migranta durmuşa çykan Kanykeý aýdýar.

«Men ejem bilen kakamyň, kiçi jigilerimiň, uýalarymyň iýmit satyn alyp bilmegini isleýärdim. Şonuň üçin Russiýa geldim» diýip, ol aýdýar.

Kanykeýiň sözüne görä, Gyrgyzystanda mümkinçilik bolan ýagdaýynda, migrantlaryň ençemesi "öýüne dolanyp bilerdi".

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG