Häkimiýet başyndaky “Gürjüstan arzuwy” partiýasy bilen arazyny bozan Salome Zurabişwili, Gürjüstanyň Günbatara tarapdar prezidenti 26-njy oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynyň netijelerini ykrar etmejekdigini aýtdy we bu ýurduň, hamala, “Russiýanyň ýörite operasiýasynyň pidasy bolandygyny” öňe sürdi.
Zurabişwili 27-nji oktýabrda Tbiliside metbugata beren gysgaça beýanatynda öz aýdan zatlaryny tassyklaýan anyk subutnama görkezmedi.
"Men, bu döwletde saklanyp galan ýeke-täk garaşsyz edara hökmünde, bu saýlawy ykrar etmeýändigimi aýtmak isleýärin. Ol ykrar edilip bilinmez. Bu Russiýanyň bu ýere girmegini, Gürjüstanyň Russiýa tabyn bolmagyny ykrar etmek bilen barabar bolar” diýip, ol aýtdy.
“Men Gürjüstana [rus agalygy] üçin gelmedim. Biziň ata-babalarymyz munuň üçin ýaşamadylar. Biz muňa kaýyl bolmarys. Gürjüstan Ýewropa geljeginden mahrum edilip bilinmez” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Zurabişwili 28-nji oktýabrda, sagat 7-den başlap, soňky aýlarda “Gürjüstan arzuwy” partiýasyna garşy guralan köpçülikleýin demonstrasiýalary köp gören Günorta Kawkaz ýurdunda köçe protestlerine çagyrdy.
Tankytçylar bu partiýany rus tarapdary bolmakda we demokratik kadalary bozmakda aýyplaýarlar.
"Russiýanyň ýörite operasiýasy” atlandyrmak bilen, ol muny öz halkyna, ýurduna garşy amala aşyrylýan gibrid urşuň täze görnüşleriniň biri" hökmünde häsiýetlendirip tankyt etdi.
"Gürjüstan arzuwy" partiýasy ses berişlikde görnetin ýeňiş gazanandygyny aýtdy, emma Günbatara tarapdar oppozisiýa karam edilendigini öňe sürdi, saýlaw gözegçileri bolsa, saýlawçylary gorkuzmak we fiziki zorluk ulanmak ýaly, "düýpli hukuk bozulmalarynyň" bolandygyny aýtdylar.
Günbatarly synçylar hem aýdylýan, diýilýän bidüzgünçilikleriň derňelmegini talap etdiler.
Saýlaw uçastoklarynyň 99,6 göteriminden gowragynyň býulletenleriniň sanalmagy bilen, Gürjüstanyň Merkezi saýlaw komissiýasy “Gürjüstan arzuwynyň” 54,8 göterim ses alandygyny aýtdy.
Emma muňa garamazdan, oppozisiýanyň haýyşy esasynda geçirilen pikir soramalary milliarder Bidzina Iwanişwiliniň ýolbaşçylygyndaky “Gürjüstan arzuwy” üçin ses berenleriň has azdygyny görkezdi.
Oppozisiýa partiýalarynyň hemmesi diýen ýaly saýlaw edaralarynyň yglan eden netijelerini kabul etmekden ýüz öwürdi.
Bu ses berişlige ÝB-ne dalaş edýän ýurduň demokratik sypatlarynyň möhüm synagy hökmünde seredildi we Brýussel onuň Gürjüstanyň bu topara goşulmak mümkinçiligini kesgitläp biljekdigini aýtdy.
Şu aralykda, 27-nji oktýabrda resmiler Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orbanyň - “Gürjüstan arzuwy” liderliginiň ýaranynyň 28-29-njy oktýabr aralygynda Tbilisä sapar etjekdigini aýtdylar.
Yglan edilen netijeler barada Günbatarda bildirilýän aladalaryň arasynda, Orban sosial mediada “Gürjüstan arzuwynyň” “saldamly ýeňiş” gazanandygyny ýazdy.
Oppozisiýa agzalary, irki netijeleriň galplaşdyrylandygyny aýdyp, bu netijelere garşy çykjakdyklaryny, bu ýagdaýyň kanuny dawa-jenjelleriň we köçe nägilelikleriniň döremegine sebäp boljakdygyny aýtdylar.
Gürjüstany halas etmegiň hatyrasyna gurlan koalisiýanyň, Birleşen Milli Hereketiň başlygy Tina Bokuçawa 27-nji oktýabrda irden "biziň ogurlanan saýlawyň netijesini ykrar etmek niýetimiz ýok" diýdi.
Zurabişwili 26-njy oktýabr güni giçlik, irki netijeler belli bolan badyna sosial ulgamlarda ýazyp, dört oppozisiýa partiýasynyň parlament köplügini döretmek üçin ýeterlik ses alandyklaryny habar berdi.
Zurabişwili biraz soňra käbir saýlaw uçastoklarynda "çuňňur aladalandyrýan zorluk hadysalarynyň" bolandygyny aýtdy.
Şu aralykda, saýlaw gözegçileri tarapyndan berlen ilkinji bahalar ses berişlik günündäki elhenç ýagdaýlary suratlandyrdy.
Ýewropadaky Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropa Geňeşiniň, Ýewropa Parlamentiniň we NATO-nyň bilelikdäki synçy missiýasy saýlaw gününiň "deňsizlik şertleri, basyş we dartgynlylyk bilen bozulandygyny" aýtdy.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 27-nji oktýabrda Gürjüstanda 26-njy oktýabrda geçirilen parlament saýlawy barada aýdyp, "halkara gözegçileri we ýerli synçylar saýlaw gününiň umuman gowy gurnalandygy barada ylalaşsa-da, biz bidüzgünçilikler we aram-aram bolan zorluklar baradaky habarlary belleýäris" diýdi.
"Halkara gözegçileri netijäni azat we adalatly diýip yglan etmedi" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Blinken ABŞ resmileriniň "halkara kadalarynyň ähli bozulmasyny ýazgarýandygyny, halkara gözegçileriniň we ýerli synçylaryň saýlawlara degişli hukuk bozulmalary barada berlen ähli habary doly derňemek baradaky çagyryşlaryna goşulýandygyny" aýtdy.
ÝB Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişel ses berişlik mahalynda ýol berlendigi aýdylýan bidüzgünçilikleriň "çynlakaý aýdyňlaşdyrylmalydygyny we meseläniň çözülmelidigini" aýtdy.
Ýewropa Parlamentiniň gözegçiler wekiliýetiniň başlygy Antonio Lopez-Isturiz Waýt "Gürjüstan arzuwynyň" duşmançylykly ritorikany ulanandygyny we, "ses berişligi gowşatmak we manipulýasiýa etmek" maksady bilen, saýlawdan öň "rus dezinformasiýasyny ilerledip, dildüwşük teoriýalaryny ulanandygyny” aýtdy.
Forum