Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanyň Fransiýadaky ilçisi “daşary ýurt agentleri” kanunyna protest edip, wezipesinden gitdi


Gürjüstanyň Fransiýadaky ilçisi Goça Jawakhişwili
Gürjüstanyň Fransiýadaky ilçisi Goça Jawakhişwili

Gürjüstanyň Fransiýadaky ilçisi “daşary ýurt agentleri” diýilýän kanun taslama garşy protest bildirip, wezipesinden çetleşdi. Hödürlenýän kanuna garşy paýtagt Tbiliside dowam etdirilýän demonstrasiýalaryň arasynda, bu ýokary derejeli ilkinji bir resminiň şeýle etmegi boldy.

Goça Jawakhişwili 9-njy maýda Facebook hasabynda ýerleşdiren ýazgysynda, hödürlenýän kanunyň Gürjüstany Ýewropa bilen integrasiýadan hasam uzaklaşdyrjakdygyny belledi. Gürjüstanyň parlamenti bu taslama boýunça eýýäm iki gezek diňlenişik geçirdi.

“Häzirki dartgynlylyk, şeýle-de gün tertibine getirilen kanun-taslama bilen baglylykda biziň daşary ýurtly dostlarymyz we hyzmatdaşlarymyz bilen dörän klimat... wezipe borçlarymy mundan beýläk dowam etdirip bilmegimi juda kynlaşdyrýar” diýip, Jawakhişwili ýazdy. Ol Gürjüstanyň Fransiýadaky ilçisi wezipesine 2022-nji ýylda bellenipdi.

Ol “Russiýa açyk tarapdar” bolan gürjüstanly resmiler ýa-da diplomatlar barada bilmese-de, kanun-taslamanyň “käbir anyk maksatlary durmuşa geçirmek üçin taktikanyň bir görnüşiniň bolup biljekdigine” ynanýandygyny nygtady.

Tankytçylaryň “Russiýanyň kanuny” atlandyrýan bu taslama, ýurt boýunça tutaşan gahar-gazaba garamazdan, häkimiýet başyndaky “Gürji Arzuwy” partiýasy tarapyndan öňe ilerledilýär. Muňa garşy birnäçe hepde bäri dowam etdirilýän protestler polisiýanyň berk gaýtawulyna sezewar bolýar. Mundan başga, köçedäki ykmanda garakçylaryň toparlary protestçileri nyşana alýarlar.

9-njy maýda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Mattýu Miller (Matthhew Miller) Birleşen Ştatlaryň kanun taslama garşy çykyş edýän adamlara garşy görülýän çäreler boýunça düýpli alada galýandygyny mälim etdi.

“Biz raýat jemgyýetine, şeýle-de oppozisiýa aktiwistlerine we žurnalistlere garşy edilýän basyşlar, şeýle-de fiziki hüjümler baradaky artýan maglumatlar barada bilýäris. Biz muny ýazgarýarys, şeýle-de biz doly, garaşsyz we öz wagtynda geçirilmeli derňewe çagyrýarys” diýip, Miller aýtdy.

Miller Waşingtonyň Gürjüstan bilen aradaky 30 ýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlykdan hoşaldygyny we muny bu görnüşde dowam etdirmegi isleýändigini aýtdy.

“Gürjüstan bilen bilelikde işleşmek üçin ýene wagt bar, ýöne munuň amal bolmagy üçin Gürjüstanyň hökümeti ugruny üýtgetmeli” diýip, ol sözüne goşdy.

Bu aralykda, Gürjüstanda kanun taslama garşy protestler we munuň bilen bagly basyşlar dowam edýär.

Gürjüstanyň Içeri işler ministrligi 8-nji maýda giçlik paýtagt Tbiliside “Daşary ýurt agentleri” diýilýän kanun taslama garşy geçirilen ýörişiň dowamynda, üç protestçä, şol sanda oppozision bir syýasatça edilen hüjüm bilen baglylykda derňewiň açylandygyny mälim etdi.

9-njy maýda içeri işler ministr Wahtang Gomelaruiniň beren maglumatyna görä, näbelli şahslar daşary gatnaşyklar boýunça hünärmen Gia Japaridze, aktiwist Laşa Gwinianidze we Milli Hereket oppozisiýa partiýasynyň agzasy Dimitri Çikowaniýe hüjüm edipdirler. Ol hadysanyň doly derňeljekdigini aýtdy, şeýle-de “hüjümleriň ähli görnüşlerini” ýazgarýandygyny belledi.

“Hüjüm boldy, gynansak-da, onda adamlar ýaralandy” diýip, Gomelauri aýtdy.

Bu aralykda, 9-njy maýda polisiýa “daşary ýurt agentleri” kanunyna garşy geçirilen ýörişlere gatnaşan alty adamyň, jemgyýetçilik asudalygyny bozandygy üçin diýilýän aýyplamalar esasynda saklanandygyny habar berdi.

Tbilisiniň polisiýasynyň maglumatyna görä, bu alty adam kanun goraýjy işgärlere hüjüm etmekde we şahsy emläge zyýan ýetirmekde aýyplanýar.

Teklip edilýän “daşary ýurt agentleri” kanunyna garşy çykýan adamlaryň Russiýada Moskwanyň başgaça pikirlileri basyp ýatyrmak üçin ulanan repressiw kanunlaryndan ylham almakda aýyplamagy bilen, Gürjüstan birnäçe hepde bäri paýtagty çaýkan onlarça müň adamlyk protestlere gaplandy. Polisiýa protestçileri berk görnüşde dargatdy, şol sanda himiki spreýleri we göz ýaşyrdyjy gazlary ulandy. Kanun goraýjylaryň rezin oklary atandygy barada hem maglumatlar bar.

Hökümet rezin oklary ulanandygyny ret edýär, emma ençeme protestçi şu görnüşli hüjümlere çalymdaş ýara yzlaryny görkezdiler.

Gürrüňi gidýän kanun taslamasy, eger-de kabul edilse, öz maliýe serişdeleriniň 20%-den gowragyny daşary ýurtlardan alýan guramalardan, “daşary ýurt täsirleri” hökmünde hasaba alynmagyny talap eder. Kanun taslamasyna garşy çykýanlar onuň durmuşa geçirilmeginiň ýurduň Ýewropa Bileleşigine agza bolmak ugrundaky tagallalaryna wehim salýandygyny duýdurýarlar.

Gürjüstanyň hökümeti kanunyň Ýewropa Bileleşiginiň standartlaryna gabat gelýändigini aýdyp, munuň “aýdyňlygy” artdyrmaga we “zyýanly daşary ýurduň” täsirinden goramaga gönükdirilendigini nygtaýar.

Emma 9-njy maýda adam hukuklaryna gözegçilik edýän Human Rights Watch guramasy bu öňe sürmäni ret edip, munuň ýurtdaky fundamental hukuklara wehim salýandygyny aýtdy.

Bu taslama boýunça parlamentdäki üçünji we soňky diňlenişik 13-nji maýda geçmeli.

Forum

XS
SM
MD
LG