Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanda dawaly “daşary ýurt agentleri” kanunyna garşy protestler dowam etdirilýär


Teklip edilýän “daşary ýurt agentleri” kanuny köpçülikleýin protestleri döretdi.
Teklip edilýän “daşary ýurt agentleri” kanuny köpçülikleýin protestleri döretdi.

Gürjüstanyň Içeri işler ministrligi 8-nji maýda giçlik paýtagt Tbiliside “Daşary ýurt agentleri” diýilýän kanun taslama garşy geçirilen ýörişiň dowamynda, üç protestçä, şol sanda oppozision bir syýasatça edilen hüjüm bilen baglylykda derňewiň açylandygyny mälim etdi.

9-njy maýda içeri işler ministr Wahtang Gomelaruiniň beren maglumatyna görä, näbelli şahslar daşary gatnaşyklar boýunça hünärmen Gia Japaridze, aktiwist Laşa Gwinianidze we Milli Hereket oppozisiýa partiýasynyň agzasy Dimitri Çikowaniýe hüjüm edipdirler. Ol hadysanyň doly derňeljekdigini aýtdy, şeýle-de “hüjümleriň ähli görnüşlerini” ýazgarýandygyny belledi.

Teklip edilýän “daşary ýurt agentleri” kanunyna garşy çykýan adamlaryň Russiýada Moskwanyň başgaça pikirlileri basyp ýatyrmak üçin ulanan repressiw kanunlaryndan ylham almakda aýyplamagy bilen, Gürjüstan birnäçe hepde bäri paýtagty çaýkan protestlere gaplandy. Polisiýa protestçileri berk görnüşde dargadyp, şol sanda rezin oklary ulandy.

“Hüjüm boldy, gynansak-da, onda adamlar ýaralandy” diýip, Gomelauri aýtdy.

Bu aralykda, 9-njy maýda polisiýa “daşary ýurt agentleri” kanunyna garşy geçirilen ýörişlere gatnaşan alty adamyň, jemgyýetçilik asudalygyny bozandygy üçin diýilýän aýyplamalar esasynda, saklanandygyny habar berdi.

Gürrüňi gidýän kanun taslamasy, eger-de kabul edilse, öz maliýe serişdeleriniň 20%-den gowragyny daşary ýurtlardan alýan guramalardan, “daşary ýurt täsirleri” hökmünde hasaba alynmagyny talap eder. Kanun taslamasyna garşy çykýanlar onuň durmuşa geçirilmeginiň ýurduň Ýewropa Bileleşigine agza bolmak ugrundaky tagallalaryna wehim salýandygyny duýdurýarlar.

Bu taslama boýunça parlamentdäki üçünji we soňky diňlenişik 13-nji maýda geçmeli.

Forum

XS
SM
MD
LG