Günorta Koreýanyň hökümetiniň korrupsiýa garşy göreş gullugynyň (CIO) derňewçileri, prezidentiň howpsuzlyk gullugynyň işgärleri bilen bäş sagatlap dowam eden gapma-garşylykdan soň, Ýun Sok-Ýoly tussag etmek synanyşygyny togtatdy diýip, "Yonhap" habar gullugy habar berýär.
CIO press-relizinde "Biz, dowam edýän gapma-garşylyklar sebäpli, tussag etmek baradaky buýrugyň ýerine ýetirilmegi iş ýüzünde mümkin däl diýen netije geldik we gapma-garşylyk ýerindäki polisiýa işgärleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, onuň ýerine ýetirilmegini togtatdyk" diýip, derňewçiler metbugata aýtdy.
Şeýle-de, derňewçiler ýagdaýy seljermegi we mundan beýläk görülmeli çäreleri görmegi meýilleşdirýändiklerini aýtdylar.
CIO-nyň metbugat wekili žurnalistlere derňewçileriň ýaşaýyş binasynyň 200 metr golaýyna gelendigini, ýöne olara şondan aňryk ýakynlaşmagyň başartmandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, 10-dan gowrak ulag, şeýle-de 200 harby gullukçy we prezidentiň howpsuzlyk gullugynyň işgärleri olaryň ýoluny bagladylar.
Buýrugy ýerine ýetirýän topar korrupsiýa garşy göreş gullugynyň 20 işgärinden we 80 polisiýa işgärinden ybaratdy. Olaryň aýtmagyna görä, üç prokuror prezidentiň ýaşaýyş binasynyň öňüne barmagy başardy, ýöne içerik girip bilmedi. Şu sebäpden Ýun Sok Ýolyň binanyň içinde bolandygy ýa-da ýokdugy belli bolman galdy.