Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Giň ýaýran garyplygyň arasynda döwlet dükanlaryna paýlanýan çöregiň sany azaldylýar


Illýustrasiýa suraty. Çörek daşaýan ulag.
Illýustrasiýa suraty. Çörek daşaýan ulag.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda ilatyň azyk üpjünçiligi bilen bagly ýagdaýlar ýitileşýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň günorta sebitlerinde döwlet dükanlaryna paýlanýan ýeňillikli çöregiň sanynyň azaldylandygyny habar berýärler.

“Döwlet dükanlarynyň gündelik çörek üpjünçiligi 30 göterim kemeldildi. Meselem, öňler bir döwlet dükanyna her günde 100 çörek paýlanýan bolsa, häzir 70 çörek paýlanyp başlandy” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň döwlet dükanlarynyň birinde bolup geçen ýagdaýlar barada habar berýär.

Bu çörekleriň her biriniň bahasy 60 teňňeden ilata hödürlenýän ekeni. Ýerli ýaşaýjylar çöregiň gündelik sanynyň azaldylmagynyň ýerli häkimiýetleriň başlangyçlary bilen amala aşyrylandygyny aýdýarlar.

“Oba ýerlerinde arçynlar, etrap we welaýat häkimlikleri etrap ýaşaýjylarynyň, kärendeçi daýhanlaryň pagta we bugdaý plan borçnamalaryny berjaý etmäge göwünsiz bolandyklaryny öňe sürüp, ýeňillikli azyk önümleriniň ýatyrylmagy bilen bagly teklipler bilen çykyş edip başladylar” diýip, ýagdaýdan habarly çeşmeler aýdýar.

Azatlyk Radiosy şeýle teklipler boýunça Ahal welaýatynyň häkimliginden resmi teswir alyp bilmeýär.

“Olar ýeňillikli azyk önümleriniň üpjünçiligini kemeldip, ilaty jezalandyrmak isleýärler. Olar raýatlaryň hökümetiň gadryny bilmeýändigini öňe sürýärler” diýip, ýerli häkimliklerde bolup geçen gürrüňlerden habarly çeşmeler aýdýar.

Tebigy serişdelere baý Türkmenistanda ilatyň agramly bölegi garyplykdan ejir çekýär. Hususan-da, üpjünçiligi pes hojalyklar döwlet dükanlary tarapyndan ýeňillikli satylýan azyk önümlerine mätäç bolup galýarlar.

Ýurtdan gowuşýan habarlar şeýle hojalyklaryň sanynyň az däldigini görkezýär, ýöne türkmen hökümeti ýurtdaky garyplygyň we işsizligiň derejesini hem-de ykdysady ýagdaýy pes hojalyklaryň takyk sanyny görkezýän statistikalary köpçülige äşgär etmeýär.

“Raýatlar öz watanyna hyzmat etmegiň deregine, daşary ýurtlarda ‘gul’ bolup işlemegi saýlap alýarlar” diýip, çeşmeler ýerli häkimlikleriň birinde ýokary wezipeli adamlaryň arasynda bolup geçen gürrüňlere salgylanýar.

Türkmenistanda indi ençeme ýyllardan bäri dowam edýän ykdysady krizis köp sanly ýurt raýatlaryny eklenç gözleginde daşary ýurtlara çykmaga iterdi. Görnüşinden, bu ýagdaý türkmen režiminiň göwnünden turmaýar. Üstesine, Türkmenistanyň özüniň pagtaçylyk pudagy ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalary tarapyndan ‘gulçulykda, has takygy mejbury zähmetden peýdalanmakda’ tankytlanýar. Ýöne hökümet resmileri bu ýagdaýy inkär edýärler.

Galyberse-de, türkmen häkimiýetleri soňky wagtlarda raýatlaryň hukuklaryna derek, olaryň öz üstüne alan raýatlyk wezipelerine we borçlaryna ünsi çekip başladylar.

Şeýle ritorika ýaňy-ýakynda ýurtda geçirilen Halk Maslahatynyň soňky mejlisinde eks-prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan hem dillendirildi.

Ol ýygnanlara ýüzlenip, “[biziň ýurdumyzda] döwlet adama, adam bolsa – döwlete gulluk edýär” diýdi.

Has ozal, adam hukuklary boýunça halkara ýygnaklarynyň birinde çykyş eden ýokary wezipeli türkmen resmileriniň biri hem “raýatlaryň hukuklary barada gürrüňler köp gozgalýar, ýöne olaryň wezipeleri we borçlary agzalmaýar, raýatlaryň hukuklary bilen bir hatarda olaryň wezipeleri we borçlary hem bar” diýen äheňde söz sözledi.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda häkimiýetler döwlet bilen şertnama esasynda gowaça ýa-da bugdaý ösdürip ýetişdirýän kärendeçi daýhanlaryň plan borçnamalaryny olaryň döwletiň öňündäki gulluk borçlary hökmünde düşündirýärler.

“Hökümet ýerli häkimiýetleriň tekliplerini goldap, döwlet dükanlarynda onsuz hem çäkli möçberlerde satylýan çöregiň sanyny kemeltdi” diýip, çeşmeler aýdýar.

Giň ýaýran garyplygyň arasynda türkmen raýatlary döwlet dükanlarynda ilata elýeterli bahadan çäkli möçberlerde berilýän ýeňillikli azyk önümlerine ýyllarboýy garaşly galýarlar.

Synçylara görä, türkmen halkynyň duçar bolýan hukuk kemsitmeleri we tebigy serişdelere baý ýurtda giň ýaýraýan garyplyk ne ýurt raýatlary tarapyndan aç-açan gozgalyp bilinýär, ne-de daşary ýurt hökümetleri we iri halkara guramalary tarapyndan gün tertibine getirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG