Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gelýänler üçin garşylyk. Russiýa işçi migrantlara barha köp çäklendirme girizýär


Rus polisiýa işgäri
Rus polisiýa işgäri

Orsýetde her hepde diýen ýaly zähmet migrantlaryna garşy täze çäklendiriji çäreler girizýär. Bu kim üçin bähbitli, onuň maksady näme we ahyrky netije nähili bolup biler?

Gelýänleriň gözegçilige alynmagy

Russiýanyň Içeri işler ministrligi zähmet migrasiýasyny düzgünleşdirmek maksady bilen gelýänleri gözegçilige almak düzgünini girizmegi teklip edýär. Bu hakda Orsýetiň döwlet habar agentlikleri 28-nji noýabrda habar berdiler. Dokumentde bellenişine görä, bu düzgün Russiýada bolýan we galmaga kanuny esaslary bolmadyk daşary ýurt raýatyna ýa-da migrasiýa gullugynda hasaba alnanda, ýalan maglumat berenlere degişli bolar.

Kanun kabul edilse, Russiýanyň territoriýasynda bolan adamlara ýuridik şahslaryň döwlet hasaba alnyşyna gadaganlyk giriziler, şeýle hem aýry-aýry telekeçilere, baýlyk toplanlara we gozgalmaýan emläk edinenlere, bank hasabyny açanlara, nika ýazgysyndan geçýänlere, pul geçirýänlere, awto ulag sürüjilere we beýlekilere degişli bolar.

Bu giň kampaniýamy?

Bu kanun taslamasy şu ýylyň ýazyndan başlanan Russiýadaky migrantlara garşy giň möçberli tagallalaryň diňe bir bölegi bolup durýar. Şondan bäri dürli şäherlerde metjitlere, sport klublaryna, gurluşyk meýdançalaryna we migrantlaryň köpçülikleýin ýygnanan ýerlerine gabaw hüjümleri dowam edýär.

Zähmet migrantlary
Zähmet migrantlary

Daşary ýurtly işçilere garşy barlaglar dürli derejedäki syýasatçylaryň, jemgyýetçilik işgärleriniň, türgenleriň we ş.m. tagallalary bilen bagly giň maglumat kampaniýasyna utgaşýar. Olaryň iň işjeňleri:

Waleriý Fadeýew, adam hukuklary boýunça Geňeşiň başlygy, rus dilinde geplemeýän çagalary mekdeplere kabul etmegi gadagan etmek hakynda teklibi öňe sürdi;
Kirill Kabanow, Russiýanyň Korrupsiýa garşy göreş baradaky döwlet komitetiniň başlygy, migrantlaryň jemgyýetçilik ýerlerinde özüni alyp barmagyna düzgün girizmegi orta atdy;
Alekseý Žurawlýew, Döwlet Dumasynyň goranmak boýunça komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary, rus pasportyny alan migrantlary zor bilen harby gulluga almagy teklip etdi;
Mihail Matweýew, Russiýa Federasiýasynyň Kommunistik partiýasyndan Döwlet Dumasynyň deputaty, "täjik batalýonlaryny" döretmegi hem olary Ukrainadaky urşa sürmegi öňe sürdi hem-de migrantlara garşy birnäçe kanun aktlaryň başlangyjyny teklip etdi;
Sergeý Mironow, «Справедливая Россия» partiýasynyň başlygy, Merkezi Aziýa ýurtlaryna wiza düzgünini girizmegi teklip etdi, şeýle hem rus kanunyny bozan migrantlaryň maşgalalary babatda kollektiw jogapkärçiligi öňe sürdi;
Russiýanyň patriarhy Kirill migrasiýa howpy barada, ýygy-ýygydan çykyş edip başlady. Onuň sözüne görä, düzgünleşdirilmedik migrasiýa rus medeni däplerine howp salýar.

Maglumat platformalary

Migrantlara garşy pikir-garaýyşlar milletçi platformalar tarapyndan hem işjeň öňe sürülýär, olardan «Царьград» hem-de aşa sagçy «Многонационал» telegramm-kanaly öz web-sahypalarynda ýüzden gowrak makalany çap etdiler. Geň tarapy, milletçilikli maglumatlar köplenç daşarky wideo kameralardan operatiw alnan şekiller we wideolar bilen utgaşdyrylyp berilýär, ol ýazgylara bolsa ýönekeý adamlaryň aralaşmaga mümkinçiligi ýok.

Migrantlara garşy göreşe ýörite goşant "Rus jemagaty" diýlip atlandyrylýan hereket tarapyndan amala aşyrylýar. Olar rus medeniýetiniň we däp-dessurlarynyň saklanyp galmagyny öňe sürýärler, iş ýüzünde bolsa köplenç polisiýa hüjümleriniň geçirilýän ýerlerinde bolup, güýç ulanyjylara daşary ýurtly işçileri anyklamaga we tussag etmäge kömek edýärler hem-de ilat arasynda, keseden gelenleriň söwda nokatlaryny we jemleniş merkezlerini ret etmäge çagyrýarlar.

Basyşyň sebäbi näme?

Renat Kerimow
Renat Kerimow

Migrant işçileriň hünärmenlik birleşiginiň başlygy Renat Kerimow migrantlar bilen bagly ýagdaý Ukrainadaky wakalaryň dowam edýän fonunda barýar we Russiýanyň ilaty raýatlyk alan migrantlaryň bu agyr ýüki özleri bilen paýlaşmagyny isleýärler diýip belleýär. «Şonuň üçinem jemgyýetçilik garaýşynyň täsiri astynda, wagtal-wagtal syýasatçylar, partiýalaryň ýolbaşçylary we beýleki jemgyýetçilik işgärleri şeýle başlangyçlary oýlap tapyp, munuň migrasiýa ulgamyndaky ýagdaýy gowulandyryp biljekdigine ynanýarlar» diýip, Kerimow aýdýar.

Orsýetiň güýç ulanyjy edaralary öz hereketlerini öňüni alyş çäreleri diýip atlandyrýarlar, olaryň aýtmagyna görä, bu migrantlaryň arasynda jenaýatçylygyň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Orsýetiň kanun goraýjy edaralarynyň maglumatyna görä, 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda, Orsýetde daşary ýurtlular tarapyndan 22,4 müň jenaýat edilipdir, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,3% köp. Şonuň bilen bir wagtda, Russiýada amala aşyrylan jenaýatlaryň umumy sanynyň (ýylyň birinji ýarymynda 983,7 müň jenaýat) iki göteriminden hem az bölegi migrantlaryň (GDA raýatlarynyň) paýyna düşýär.

Migrasiýa ulgamy boýunça bilermen Kerim Alyýewiň aýtmagyna görä, Orsýetiň kanun goraýjy edaralary Ukrainadaky uruş sebäpli ýitgileriniň artmagynyň yz ýany migrantlaryň arasynda, gorky atmosferasyny döredýärler. «Munuň özi howpsuzlyk güýçleri we häkimiýetler üçin, bolup biläýjek ýaramaz ýagdaýlara garşy öňüni alyş çäreleriniň bir görnüşi» diýip, Alyýew çaklaýar.

Öňe sürülýän teklipler kanunlaşdyrylarmy?

Orsýetli taryhçysy we migrasiýa ulgamyndaky ekspert Sergeý Abaşiniň sözlerine görä, syýasatçylaryň aýdýan ähli sözi kanun görnüşinde resmileşdirilmeýär, diňe migrantlar howpy barada, has köp maglumat kontekstleri döredilýär.

Sergeý Abaşin
Sergeý Abaşin

«Şeýle garaýyş ýokar gatlagyň arasynda öň hem ýaýrapdyr, ýöne ykdysady böwet bilen onuň öwezini dolupdylar, sebäbi ykdysadyýet migrantlary özüne çekýär. Şeýle hem adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler we liberal bilermenler migrantlaryň kadaly ýagdaýdygyna çagyryş edip, ýagdaýy birneme ýeňilleşdirdiler. Emma soňky birnäçe ýylyň içinde Orsýetde konserwatiw ideologiýa güýçlendi hem iş ýüzünde аram syýasatçylar karar kabul etmekden çetleşdirildi. Söwdagärler hem öz täsirini ýitirdiler. Häzir biz syýasy giňişlikde konserwatorlaryň hem milletçi garaýyşlylaryň höküm sürýändigini görýäris, olar syýasy giňişlige we kanuna has köp eýeçilik edýärler» diýip, Abaşin aýdýar.

Onuň sözlerine görä, Orsýete gelýän migrasiýa garşy bolup biläýjek çäklendirme barada aýtmak kyn. Sebäbi döwletiň işçi güýjüne ykdysady zerurlygy bar, işçi güýjüni eksport edýän ýurtlar bilen gatnaşyklary goldamak hem zerur, şeýle hem döwlet olary harby şertnamalara gyzyklanmaga höweslendirmeli.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG