Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazly suwlaryň 'utuşly lotereýasy' çagalarda höwes, maşgalalarda alada döretdi


Gazly suw satýan dükanyň tekjesi. Aşgabat (Illýustrasiýa)
Gazly suw satýan dükanyň tekjesi. Aşgabat (Illýustrasiýa)

Marynyň söwda nokatlarynda süýji gazly suwlaryň hyrydary birden köpeldi. Bu ýagdaý gazly suwlaryň birnäçe görnüşlerinde 'utuşly lotereýanyň' yglan edilmegine gabat geldi. Emma söwdany janlandyrmak üçin edilýän bu adaty çäräniň alyjylara ýetiren ýaramaz täsirleriniň hem bolandygyna habarçylar ünsi çekýärler.

Ýarym litrlik plastik gaba gaplanan süýji suw ýerli kärhananyň önümi bolup, onuň gapaklarynda dürli utuşlar ýerleşdirilipdir.

Azatlygyň ýerli çeşmeleriniň sözlerine görä, lotereýada agzalan awtoulag ýaly uly utuşlaryň wada berilmegi alyjylarda, esasan hem çagalarda uly höwes döredipdir.

"Häzir adamlar ol şerbet suwlarynyň gapagyna 10 sany 'Toyota Highlander' kysymly awtoulag goýulandygyna ynanyp, dükanlardan aşa köp suw satyn alýarlar. Bul maddy ýagdaýy agyr we günde çöregini zordan tapýan hojalyklara hem gelip degdi" diýip, çeşmeleriň biri aýdýar.

Anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan ýerli çeşmeler şol lotereýanyň maddy taýdan agyr ýagdaýdaky hojalyklarda hem gatnaşmak höwesini öjükdirendigini belleýärler.

"Irdenden agşama çenli plastik gaplary, şerap çüýşelerini, karton kagyzlaryny, plastik we polietilen paketleri çöpläp-tabşyryp, öýlerine çörek alýan adamlar hem şol ujypsyz gazanjynyň ujundan gädip, şol suwlary satyn alýarlar. Ýaş okuwçy çagalar hem öýlerinden pul ogurlap, şerbet suwlaryny satyn alýarlar. Käbirleri öz içip biljeginden artyk satyn alan suwlaryny öýlerine äkidip bilmän, ýere dökýärler" diýip, maryly çeşmeleriň ýene biri gürrüň berdi.

Lotereýa gatnaşýan gazly suwlaryň üç görnüşi bar. Azatlyk Radiosy olaryň atlaryny agzamakdan saklanýar. Bu suwlar Mary welaýatynyň dükanlarynyň tas ählisinde reklama edilýär we internet platformalarynda hem giňden paýlaşylýar.

Gazly suwlary satyn alan adamlaryň höwesi şol önümiň özüne däl-de, wada berlen utuş bilen bagly diýip ýaşaýjylar aýdýarlar. Agzalan suwlarda yglan edilen lotereýada utan adamlar barada entek habar bolmady.

"Adamlaryň arasynda şu wagta çenli bir şerbet suwyndan utuş utdym diýip aýdyp bilýäni ýok. Gapaklaryň iç ýüzinde 'noş bolsun', 'bagtyňy täzeden synlap gör', 'tagamyny duý', tagamyny haladyňmy', 'sen bet' mazmunly boş ýazgylar çykýar. Alyjylar gaharlanýar" diýip, maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Alyjylaryň käbiri utuşyň ýokdugyny görüp, dowam etdirmekden el çekýän bolsa, beýlekileri hasam öjükýär, şol sanda çagalar.

"Käbir adamlar ynamsyzlyk bildirip, lotereýadaky awtoulagy soňunda şol firmanyň öz adamlary utdy diýlip yglan ederler diýýärler. Ilat köpçüligi in soňkuja puluny şerbet suwyna sarp eden mätäç hojalyklara, gün-güzeranyny zordan görýän maşgalalara, ejesi-kakasy tussaglykdaky çagalara ýa-da daşary ýurtlardaky ýakynlarynyň eklenjine garaşly adamlara hiç zat düşmez diýip pikir edýärler" diýip, ýerli çeşmeleriň ýene biri aýtdy.

Azatlygyň Marydaky habarçysynyň sözlerine görä, "utuş nesibämize" diýip, bir bada 150 manatlyk çykdaýjy edip gazly suw satyn alýan we hiç zat çykmandygyny görüp, özüni erbet duýýan, saglygy erbetleşýän adamlar az däl.

Bu aralykda lotereýa gatnaşmaýan beýleki süýji suwlaryň satylman galýandygyny maryly telekeçiler aýdýarlar.

Adatça gazly süýji suwlaryň ýerli önümlerine hyrydar köp bolmaýar. Mundan öň ýurduň içinde öndürilen gazly suwaryň hilinden şikaýatlaryň köpdügi barada hem habar berlipdi.

Harytlaryň has köp satyn alynmagy üçin lotereýalar öňem bolupdy.

Olaryň biri Mary welaýatynda 2022-nji ýylyň awgust aýynda jorap söwdasy bilen bagly bolupdy. 15-nji awgustda Mary şäherindäki "Belent" söwda merkeziniň daşynda müňlerçe adam söwda nokady tarapyndan gurnalan lotereýa oýnunda özlerine wada berlen baýraklaryň çykmandygyna köpçülikleýin nägilelik bildirenden soň, käbir raýatlaryň puly yzyna berildi.

Şonda şol ýagdaý häkimiýetleriň şeýle lotereýalary gadagan etmegi bilen tamamlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG