Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde Ýokary gözegçilik edarasynyň iki işgäri ýol heläkçiligi sebäpli ýogaldy, ýene-de üç adam ýaralandy. Heläkçilik 16-njy awgustda prezident Serdar Berdimuhamedowyň ol ýere saparynyň öňüsyrasynda, Garabogazdaky gümrük postuny barlamak üçin, Ýokary gözegçilik edarasynyň işgärleriniň eden saparynyň dowamynda bolupdyr. Azatlygyň çeşmesiniň maglumatyna görä, prezident ol ýerdäki gümrük postunyň gaýtadan dikeldilen binasyny açmaly eken. Beýleki bir maglumata görä, eýýäm prezidentiň sapary tamamlanandan soň, prezidentiň başpenalary heläkçilige uçrapdyr.
Azatlygyň Türkmenistanyň Goranmak ministrligindäki çeşmesiniň tassyklamagyna görä, 16-njy awgustda Türkmenbaşy şäherinden 200 km çemesi demirgazykda bolan ýol heläkçiliginde, Ýokary gözegçilik edarasynyň azyndan iki işgäri ýogalypdyr. Üç adam şikes alyp, olaryň biri agyr ýagdaýda keselhana düşüpdir.
Çeşmämiziň maglumatyna görä, Ýokary gözegçilik edarasynyň işgärleriniň bir topary türkmen-gazak serhedinde, gaýtadan dikeldilen gümrük postunyň binasyny barlap, gaýdyp gelýärkäler heläkçilige uçrapdyrlar.
"Maňa mälim bolşuna görä, gümrük postuny gören gözegçilik edarasynyň işgärleri kadaly ýol bolmadyk ýerden, Garabogaz şäheriniň merkezine dolanypdyrlar. Ýoluň bir böleginde howply egrem bar. Şol ýerde hem iki maşyn çaknyşypdyr. Netijede, ulagyň iki ýolagçysy heläk bolup, beýleki üçüsi ýaralanypdyr, olardan biri agyr ýagdaýda keselhana düşüpdir" diýip, çeşmämiz tassyklaýar.
Gözegçilik edarasynyň işgärleri prezident Serdar Berdimuhamedowyň gümrük postunyň açylyşyna we “Garabogazkarbamid” zawodyna saparyna taýýarlygy üpjün etmeli ekenler. Ýakyn günlerde bu desgalara prezidentiň sapary göz öňünde tutulypdyr.
Şeýle hem çeşmäniň tassyklamagyna görä, resmi taýdan Awaza dynç alyş merkezinde rugsatda bolýan prezident näbelli sebäbe görä, geçen hepde iş rugsadyny bölüp, Aşgabada gidipdir.
"Ol Awazadaky rezidensiýasyna 20-nji awgustda, sişenbe güni dolanyp geldi. Ýakyn günlerde bolsa, täze gümrük binasyny we karbamid zawodyny görmek üçin, Garabogaza gitmelidi" diýip, çeşme tassyklaýar.
Bellemeli ýeri, bu habar diňe bir çeşmäniň maglumatlaryna esaslanýar we Azatlyk Radiosyna beýleki garaşsyz çeşmelerinden muny tassyklatmak häzirlikçe mümkin bolmady.
Türkmen-gazak serhedine barýan ýolda bolan heläkçilik barada ilkinji gezek turkmen.news habar berdi. Emma neşiriň maglumatlaryna görä, heläkçilik prezidentiň başpenalarynyň gatnaşmagynda bolupdyr, olaryň biri ýogalyp, ikinjisi reanimasiýa düşüpdir.
Şeýle-de, turkmen.news-iň maglumatyna görä, prezident Berdimuhamedowyň Garabogazda täze abatlanan gümrük binasyna we “Garabogazkarbamid” zawodyna sapary eýýäm geçipdir. Neşir prezidentiň bu saparynyň öňünden mälim edilmändigini we resmi mediada bu barada habar berilmändigini belleýär.
Türkmenistan dünýäde iň ýapyk we gizlin ýurtlaryň biri bolany üçin, resmi edaralardan haýsydyr bir maglumaty almak mümkin däl.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum