Eýranyň prezidentiniň dikuçar heläkçiliginde aradan çykmagy, Balkan welaýatynyň ilatynyň arasynda açyk pikir alyşmalary döretdi. Türkmenistan bilen 1 müň 100 kilometr çemesi serhet araçägi bolan Eýrandaky ýagdaýyň ýurtda döreden reaksiýasy barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 22-nji maýda sebitden maglumat berdiler.
“Dikuçar heläkçiligi esasan adamlaryň arasynda, şeýle-de IMO, TikTok ýaly sosial ulgamlaryň türkmen dilli ulanyjylarynyň arasynda uly çekeleşme döretdi. Olar esasan heläkçiligiň bagtsyz hadysamy ýa-da onda haýsydyr bir döwletiň eliniň bolmak ähtimallygy barada açyk, dürli pikirleri alyşdylar” diýip, habarçymyz belledi.
Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisiniň dikuçary 19-njy maýda Azerbaýjan bilen serhetdäki daglyk bir sebitde heläkçilige uçrady. Iki ýurduň umumy serhedinde azerbaýjanly kärdeşi Ylham Alyýew bilen bilelikde bent açmak dabarasyna gatnaşan Raisiniň dikuçary yzyna, Töwrize gaýdyp barýarka aragatnaşykdan kesildi. IRNA 2000-nji ýyllaryň başynda satyn alnan Bell 212 dikuçaryndaky sekiz adamyň ählisiniň ölendigini habar berdi.
Habarçylarymyz özleriniň soňky iki gün bäri şaýat bolýan pikir alyşmalaryna, maglumatlaryna esaslanyp, waka boýunça sebit ilatynyň garaýyşlarynyň üç topara bölünýändigini aýdýarlar.
“Birinji topar heläkçilikde daşary ýurtlaryň eliniň bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýar. Ýene bir topar, hususan-da, sosial ulgamlaryň türkmen dilli bölegindäki ulanyjylar heläkçilikde Eýranyň syýasatçylarynyň eliniň bolmagynyň mümkindigini öňe sürýärler” diýip, habarçymyz belledi.
Balkanlylaryň ýene bir topary bolsa, heläkçiligiň bagtsyz hadysadygyna ynanýar. Bu topary esasan 25-30 ýaşa çenli bolan raýatlar emele getirýär.
“Ýöne daşary ýurtlarda okap, işläp gelen bu ýaşdaky balkanlylar bu pikir bilen ylalaşmaýarlar” diýip, habarçymyz belledi.
Türkmen metbugat serişdeleri goňşy ýurtda bolan dikuçar heläkçiligi barada “Türkmenistanyň Eýranda bolup geçen dikuçar heläkçiligi bilen baglanyşykly ýardam bermäge taýýardygy” baradaky beýanaty, prezident Serdar Berdimuhamedowyň we onuň kakasy, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýranyň ýolbaşçylaryna bildiren gynanjyny çap etmek bilen çäklendi.
Türkmenistanyň berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdelerinde halkara habarlarynyň köpüsi çap edilmeýär. Türkmen hökümeti raýatlaryň söz-beýan azatlygyny, metbugat we maglumat azatlygyny berk çäklendirmekde ýyllarboýy tankyt edilýär.
Muňa garamazdan, habarçylarymyz soňky aýlarda türkmen halkynyň Internetde we özara duşuşyklarda açyk pikir alyşmalarynyň has işjeňleşýändigini habar berýärler.
“Nazir Habibow wakasy, golaýda paýtagtda sil suw joşmalary, indi goňşy ýurtda prezidentiň pajygaly ölümi giň ara alnyp maslahatlaşylýar. Ýöne MHM-niň bu raýatlara, şol sanda VPN-lerden peýdalanýanlara we bu hyzmaty hödürleýänlere gözegçiligi hem saklanyp galýar” diýip, habarçymyz belledi.
Türkmenistanda sosial ulgamlar we garaşsyz websaýtlar berk petik astynda galýar. Ilat petikli we ýurtda gadagan edilen websaýtlary böwsüp geçmek üçin VPN ulgamlaryndan peýdalanýar. Bu ulgamlar ulanyjynyň şahsyýetini gizläp, olaryň petiklenen websaýtlardan we sosial ulgamlardan howpsuz peýdalanmaklaryna ýardam berýär.
Ýöne türkmen häkimiýetleri ýyllarboýy ilatyň VPN hyzmatlaryndan peýdalanmagynyň öňüni alyp gelýär. Bu hyzmatlardan peýdalanýan raýatlar we olary hödürleýän ussalar yzarlanýar.
Häkimiýetler şeýle çärelerini soňky gezek geçen hepdäniň başynda ýurduň Lebap welaýatynda ýaýbaňlandyrdylar. Habarçylarymyz 14-nji maýda beren maglumatlarynda VPN ussalarynyň arasynda on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilenleriň bardygyny habar berdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum