Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Türkmenistandan edýän gaz importyny artdyrýar


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň baş direktory Majid Çegini duşenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynda Türkmenistandan günde 10 million kubmetr tebigy gaz importynyň synag edilendigini aýtdy diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri “Mehr” agentligine salgylanyp habar berdi.

Şeýle-de, Majid Çegini Eýranyň Türkmenistana bergisini üç tapgyrda töländigini we bu ýurt bilen gaz alyş-çalşygynyň mukdaryny günde 4,5 milliondan 8 million kubmetre çenli artdyrandygyny aýtdy.

Majid Çegini 10 million kubmetr tebigy gazyň importy boýunça synagyň üstünlikli geçirilendigini aýdyp, Türkmenistandaky gaz çykarylyşynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň çäklerinde, gaz importynyň mukdaryny has artdyrmak mümkinçilikleriniň nazarda tutulýandygyny belledi.

Ozal habar berlişi ýaly, Eýran şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistan bilen gaz importy ylalaşygyna gol çekdi. Bu ylalaşygyň çäginde Eýran Türkmenistandan günde 20 million kubmetre çenli gaz import edip biler diýip, habarda aýdylýar.

Häzir Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan döwletleriniň arasynda gol çekilen üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşygy ylalaşygyna laýyklykda, Azerbaýjana ýylda 1,5-2 milliard kubmetre çenli türkmen gazy iberilýär.

XS
SM
MD
LG