Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy, hökümetiň çykdajylaryny azaltmaga gönükdirilen ýerine ýetiriji çäreleriň bir bölegi hökmünde ABŞ-nyň Halkara Ösüş Gullugyny (USAID) ýapmak ugrunda çäreleri görýär. Halkara ynsanperwer guramalary munuň heläkçilikli netijelere getirip biljekdigini duýdurýarlar.
USAID-i ýok etmek ugrundaky inisiatiwa, Tramp tarapyndan býujetiň azaldylmagyna gözegçilik etmek üçin bellenen Elon Mask ýolbaşçylyk edýär. Mask, Birleşen Ştatlaryň administrasiýasynyň ABŞ defisitini trillion dollar azaldyp biljekdigini öňe sürýär we öz hereketlerini korrupsiýa garşy göreş hökmünde görkezýär.
2-nji fewralda USAID-iň işgärlerine agentligiň Waşington şäherindäki baş edarasynyň 3-nji fewraldan başlap ýapyk boljakdygy barada e-poçta arkaly hat iberildi. Munuň sebäbiniň “agentligiň ýolbaşçylaryndan gelen buýruga” esaslanýandygyny, CNN we Associated Press neşirleri öz çeşmelerine salgylanyp habar berdi.
Birleşen Milletler guramasynyň maglumatyna görä, dünýädäki ähli ynsanperwer kömeginiň 40 göterimini üpjün edýän USAID-iň web sahypasy 3-nji fewralda köpçülige elýeterli bolmady. Tramp bu guramanyň “bir topar radikal akylsyz adamlar tarapyndan dolandyrylýandygyny” aýtdy.
“Biz olary aýyrarys, soň bolsa USAID-iň geljegi barada karar ederis” diýip, Tramp 2-nji fewralda žurnalistlere beren maglumatynda aýtdy.
Trampyň bu sözleri, CNN we Roýter habarlar agentlikleriniň USAID-iň iki sany ýokary derejeli howpsuzlyk işgäriniň Maskyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet netijeliligi departamentiniň (DOGE) wekilleri tarapyndan agentligiň kompýuter ulgamlaryna arlaşmagyň öňüni almaga synanyşanlaryndan soň, administratiw rugsada ugradylandygy barada beren habarlaryndan soň aýtdy.
Maskyň özi USAID-i “jenaýat guramasy” diýip atlandyrdy we onuň “ölmeli wagty” geldi diýdi.
Senatyň ýokary derejeli demokratlarynyň bir topary 2-nji fewralda döwlet sekretary Marko Rubio hat iberip, Tramp administrasiýasynyň ABŞ-nyň “milli howpsuzlygyna laýyk gelýän guramalara, esasanam krizis döwründe, daşary ýurtlarda tiz kömek bermek üçin niýetlenen bir gurama garşy alyp barýan işlerine çuňňur alada bildirdi”.
Rubionyň garamagyndaky Döwlet departamenti 24-nji ýanwarda, Trampyň daşary ýurt programmalaryny öz syýasatyna laýyklaşdyrmak meýilnamasynyň çäginde, ABŞ-nyň daşary ýurt kömek maksatnamalarynyň täze maliýeleşdirmeleriniň hemmesini diýen ýaly doňdurmagy buýurdy.
Rubio geçen aý işe girişen badyna ABŞ-nyň daşary ýurt kömegi barada şeýle diýdi: “Harç edýän her bir dollarymyz, maliýeleşdirýän her bir meýilnamamyz we durmuşa geçirýän her bir syýasatymyz üç sany ýönekeý soraga jogap bolmaly: Bu Amerikany has howpsuz edýärmi? Bu Amerikany has güýçli edýärmi? Bu Amerikany has gülläp ösdürýärmi?
Trampyň buýrugy, kömegiň netijeliligini we “ABŞ-nyň daşary syýasatyna laýyklygyny” bahalandyrmak üçin 90 günlük arakesmä çagyrýar. Şeýle-de bu, Rubio “belli programmalar” üçin üç aýlyk arakesmäni aýyrmaga ygtyýar berýär.
Dünýädäki ynsanperwer toparlar we jemgyýetçilik guramalary, Trampyň ýerine ýetiriş buýrugyndan soň, USAID-iň ykbaly barada alada bildirdiler.
Owganystany maliýeleşdirmekdäki arakesme “kömege mätäç 22 milliondan gowrak owganla gerek operasiýa üçin heläkçilikli bolar” diýip, Norwegiýanyň Bosgunlar Geňeşiniň baş sekretary Ýan Egeland AÝ/AR-na beren interwýusynda aýtdy.
Russiýa 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina garşy giň gerimli urşa başlaly bäri, USAID Ukraina milliardlarça dollar gumanitar kömegini, ösüş kömegini we göni býujet goldawyny berdi.
Tramp Baýden administrasiýasynyň Ukraina beren kömeginiň mukdaryny, şol sanda milliardlarça dollarlyk ýaragy tankyt etdi.
Düýbi Kiýewde ýerleşýän, hökümetden aýry, garaşsyz Korrupsiýa garşy Komissiýanyň (NAKO) bilermeni Swetlana Musiak Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukraina gullugyna USAID-iň Ukrainadaky maliýeleşdirmeleriniň togtadylmagynyň raýat jemgyýeti maksatnamalaryna ýaramaz täsir edip biljekdigini we “ABŞ-nyň demokratik özgertmeler we ýurtdaky ykdysady durnuklylyk üçin berýän goldawynyň peselmegini” yşarat etjekdigini aýtdy.
2-nji fewralda CBS habarlar gullugynda eden çykyşynda Florida ştatynyň respublikan wekili Braýan Mast USAID ýaly guramalar üçin “dogry dolandyryş we gözegçilik mehanizminiň bardygyny” üpjün etmek üçin Rubio bilen işleşýändigini aýtdy.
ABŞ-nyň Wekiller öýüniň Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Mast, “USAID-i aýry bir departament hökmünde aradan aýrylmagyny” we onuň Döwlet departamentiniň “beýleki böleklerine” goşulmagyny goldaýandygyny aýtdy.
Senatyň uly demokratlary 2-nji fewralda Rubio ýazan hatynda “USAID-i Döwlet departamentine birleşdirmek ýa-da goşmak boýunça islendik synanyşygyň, kanun boýunça Kongresiň gözden geçirmegine, ara alyp maslahatlaşmagyna we tassyklanmagyna mätäçdir” diýdiler.
“Şeýle hem, Kongres USAID-i üýtgedip gurmak ýa-da täzeden gurmak synanyşygynyň Kongres bilen öňünden maslahatlaşmagyny we habar berilmegini talap edýändigini hem aýtdy” diýip, olar öz hatlarynda bellediler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum