Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dronlaryň “tolkuny” Kiýewi nyşana aldy, Putin “ähli maksada” ýetiljekdigini öňe sürdi


Kiýewiň üstünde urlan Russiýanyň hüjüm drony (arhiw suraty)
Kiýewiň üstünde urlan Russiýanyň hüjüm drony (arhiw suraty)

Öten agşamyň dowamynda Ukrainanyň howa hüjüminden goranyş ulgamlary Russiýanyň paýtagt Kiýewe dronlar we raketalar bilen eden birnäçe hüjümini yza tesdirdiler diýip, ukrain resmileri habar berdi.

Kiýewiň harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Popko 30-njy sentýabrda daň sagatlarda başlanan we bäş sagata golaý dowam eden hüjümleriň “tolkuny” netijesinde, ýok edilen dronlar sebäpli zyýanyň ýüze çykmandygyny habar berdi.

Bu şu aýyň hasabyna Ukrainanyň paýtagtyna edilen Russiýanyň 10-njy hüjümi boldy.

Kiýew regionynyň harby administrasiýasynyň serkerdesi Ruslan Krawçenko urlan dronlaryň galyndylarynyň ýurduň alty sebitine gaçandygyny, ýöne bularyň netijesinde uly zyýanyň bolmandygyny, diňe ujypsyz zeperiň ýetendigini aýtdy.

Ukrain harbylarynyň maglumatyna görä, soňky 24 sagadyň dowamynda Russiýanyň ýurduň Donestk, Herson, Dnipropetrowsk we Zaporižýa regionlaryna uran zarbalary sebäpli dört adam heläk bolupdyr, ýene 37-si ýaralanypdyr.

Maglumatda öten gijäniň dowamynda Russiýanyň jemi hasapda 73 hüjüm dronuny atandygy, Ukrainanyň howa hüjüminden goranyş gulluklarynyň hem olaryň 67-sini urup düşürendigi nygtalýar.

30-njy sentýabrda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ukrainadaky öz öňünde goýan maksatlaryna ýetjekdiklerine söz berdi. Ol bu barada 2022-nji ýylda, rus goşunlary tarapyndan bölekleýin gözegçilik edilýän, Ukrainanyň dört sebitini basyp almak baradaky birtaraplaýyn beýannamasynyň ýyl dönümine gabat eden wideo-ýüzlenmesinde aýtdy.

2014-nji ýylda Russiýa Ukrainanyň Krym ýarymadasyna çozup, ony basyp alanyndan, şeýle-de ýurduň gündogaryndaky separatistleri goldap başlanyndan bäri, BMG Ukrainanyň territorial bütewiligini we özygtyýarlylygyny tassyklap, birnäçe rezolýusiýalary kabul etdi. 2022-nji ýylyň fewralynda bolsa, Moskwa Ukraina garşy doly gerimli urşa başlady.

“Hakykat biziň tarapymyzda. Öňde goýlan ähli maksatlara ýetiler” diýip, Putin çykyşynda aýtdy.

Günbataryň Ukraina üçin niýetlenen öň görlüp-eşidilmedik harby we beýleki hemaýaty, goldawçylaryň arasyndaky “Ukraina ýadawlygy” diýilýän howatyrlara hem garamazdan, dowam etdirilýär.

Putiniň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Ukrainanyň dört regionyny, ýagny Luhansky, Donetski, Herosny we Zaporižýany doly annekisýa etmek baradaky eden beýanatyndan bäri, ukrain goragçylary bu sebitleriň doly basylyp alynmagyna böwet boldular.

Awgustda ukrain güýçleri serhetden aşyp, Russiýanyň günbataryndaky Kursk regionyna girdiler. Kiýew munuň mümkin parahatçylyk gepleşiklerinde has oňaýly şertlere eýe bolmak, şeýle-de urşy russiýalylaryň öz topragyna geçirmek maksady bilen edilendigini aýtdy.

Putin öz çykyşynda Ukraina edilen esassyz hüjüm bilen ilteşikli geçmişde hem gaýta-gaýta dile getiren belliklerini, şol sanda “neo-nasisstik diktatorçylygy” aýyrmak we Ukrainanyň döwlet hökmünde bolmagyny soraga almak ýaly beýanatlaryny öňe sürdi.

Forum

XS
SM
MD
LG