Täjigistanyň hökümeti ýaşlara ekstremist we terror toparlaryna goşulmagyň howpludygyny duýdurmak üçin, müňlerçe hökümet resmilerini öýden-öýe aýlanyp wagyz etmäge ugratdy. Resmi Duşanbe dini ekstremizmiň güýçlenýändigi üçin, barha köp alada edýär: şu ýylyň özünde täjik raýatlarynyň onlarçasy Orsýetde, ABŞ-da, Ýewropa Bileleşiginde, Eýranda terrorçylykly hüjümler we gurnalan dildüwşükler bilen bagly boldy.
Täjigistanyň günortasyndaky Hatlon welaýatyna 1800-den gowrak döwlet işgäri mobilizasiýa edildi. Olar dini ekstremist toparlara goşulmagyň howpludygyny duýdurmak üçin, ýerli ýaşaýjylaryň gapysyny kakýarlar.
Sebitiň ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, şeýle resmi däl gürrüňleriň çäginde, "Gapydan – gapa" diýlip atlandyrylýan giň gerimli kampaniýanyň bir bölegi hökmünde, ýaşlara yslamy ileri sürmek isleýän onlaýn terror guramalarynyň torlaryna düşmezlik barada maslahat berýärler.
«Biziň kanun goraýjy edaralardan alýan maglumatlarymyz alada döredýär. Welaýatymyzda dini ekstremist toparlaryna goşulan ýaşlaryň sany örän ýokary» diýip, Hatlon welaýatynyň häkimi Dawlatali Said metbugat işgärlerine aýtdy. Ol anyk sanlary mälim etmedi.
Said sözüni dowam etdirip, "Gapydan – gapa" kampaniýasynyň bir bölegi hökmünde, hökümet ýolbaşçylarynyň welaýatyň ähli künjeklerinde 620-den gowrak öýe barandygyny aýtdy. Onuň sözüne görä, döwlet işgärlerinden, ýerli geňeşligiň agzalaryndan, mugallymlardan we lukmanlardan ybarat bolan topar öňünden ýörite taýýarlyk okuwlaryny geçipdirler.
Hatlon welaýatynyň ýaşaýjysy ol resmileriň gürleşýän adamlaryndan, Orsýetde işleýän dogan-garyndaşlaryna aýdylanlary ýatlatmagy haýyş edýändigini, terror guramalary üçin saýlanýanlaryň mundan ägä bolmagyň zerurlygy barada duýduryş berilýändigini Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna gürrüň berdi.
«Olar maňa hemişe daşary ýurtdan gelen ýanýoldaşyma we ogluma hemmelere ynanmazlygy, seresap bolmagy duýdurmagy, olaryň diňe öz işleri bilen bolmagyny tabşyrdylar» diýip, diňe adynyň tutulmagyny haýyş eden Gülandom aýtdy.
Häkimiýetleriň aýtmagyna görä, "Yslam döwleti" we onuň şahalary ýaly ekstremistik toparlara goşulýan täjik raýatlarynyň köpüsi Orsýetde ýüze çykýar.
«Internet ymamlary»
Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň Akademiýasynyň çap eden barlagynyň netijesine görä, täjik raýatlarynyň azyndan 85%-i Orsýetde işläp ýörkä Siriýa, Yrak, Owganystan ýaly konflikt zolaklaryndaky "Yslam döwleti" tarapyndan ol topara çekilipdir.
Geçirilen barlagyň awtorlary migrantlaryň arasynda dini ekstremist ideologiýanyň güýçlenýändigini we munuň "milli howpsuzlyga çynlakaý howp salýandygyny" aýtdylar. Olar migrant işçiler bilen aragatnaşyk saklamak üçin sosial ulgamyny ulanýan "internet ymamlaryndan" ägä bolmagy duýdurdylar.
Ýanwar aýyndan bäri 30-a golaý täjik raýaty "Yslam döwleti – Horasan" ady bilen daşary ýurtlarda hereket edýän terrorçylykly topara gatnaşykda ýa-da olaryň hereketini planlaşdyrmakda aýyplandy.
Russiýanyň resmileriniň aýtmagyna görä, 22-nji martda Moskwanyň eteginde ýerleşýän Crocus City Hall konsert zalynda bolan terrorçylykly hüjüme Täjigistanyň dört graždany gatnaşypdyr.
Beýleki 20-ä golaý şübheli – olaryň köpüsi täjikler diýip aýyplanýanlar hüjümçilere kömek edeni üçin tussag edildi. Hüjümiň jogapkärçiligini "Yslam döwleti – Horasan" öz üstüne aldy, ol hüjümde 145 adam ýogaldy.
Habar berlişine görä, 3-nji ýanwarda iki täjik raýaty Eýranyň Kirman şäherinde 91 adamyň ölümine sebäp bolan iki gezekdäki heläkçilige gatnaşypdyr.
Iýun aýynda ABŞ-nyň howpsuzlyk gullugy ABŞ-nyň topragyna terrorçylykly hüjüm guramakda şübhe bildirilen sekiz sany täjik migrantyny tussag etdi.
Ýanwar aýynda Germaniýanyň polisiýasy Germaniýada we Awstriýada buthanalara hüjüm guramakçy bolýandygyna şübhelenip, täjigistanly bir adamyň tussag edilendigini habar berdi.
Täjigistanda ýanwar aýynda hökümeti dolandyrýan Halk Demokratik partiýasynyň ýerli ýolbaşçysyna garşy edilen hüjümi "Yslam döwleti – Horasan" bilen baglanyşdyrdylar. Häkimler Hatlondaky wakany "terrorçylykly hüjüm" diýip atlandyrsalar-da, jikme-jik maglumat bermediler.
Ilaty 10 milliona golaý adamdan ybarat, esasy köplügi musulman bolan garyp ýurt Täjigistanda, lapykeç ýaşlaryň käbirini "Yslam döwleti” toparynyň ündewine duçar edýän ähli elementler bar. Olar bu ýurtda ilatyň garyp böleginiň hasabyna öz hatarlaryny köpeldýär.
Ýurt otuz ýyldan bäri işsizlikden we korrupsiýadan ejir çekýär.
Hökümet öz raýatlarynyň arasynda yslam dininiň däplerine berk gözegçilik edýär: ähli dini mekdepler we köp sanly metjitler ýapyldy, mekdeplerde we iş ýerlerinde yslam hijabynyň geýilmegi gadagan edildi. Bu çäreleriň ählisi köpleriň gaharyny getirýär.
“Samandan ýapyşmak”
«Gapydan – gapa» maksatnamasy bilen bilelikde «Obadan – oba» we «Köçeden – köçä» kampaniýalary Täjigistanda on ýyl mundan ozal döwlet syýasatyny ýaýbaňlandyrmak maksady bilen döredildi.
Resmi Duşanbeniň yslam hijabyny köki bilen ýok etmäge çalyşýandygy sebäpli, käbir sebitlerde bu kampaniýa zenanlar üçin, milli täjik egin-eşiklerini hem öňe sürýär.
Täjigistanyň paýtagtyndaky uniwersitetiň professory bu kampaniýanyň ekstremizme täzeden gönükdirilýändigini belläp, öz raýatlaryny radikal toparlara goşulmakdan saklamak üçin, hökümetiň “samandan ýapyşýandygyny” aýdýar.
«Onlaýn adam ýygnaýanlar barada her kime aýratyn duýduryş etmek üçin, adamlaryň öýlerine barmak, belki-de, netije berip biler, sebäbi Siriýa giden ýa-da Crocus City Hall konsert zalyna hüjüm eden täjikleriň ene-atasy "Yslam döwletiniň” ogullarynyň beýnisini ýuwýandygyny bilmeýändiklerini aýdýarlar» diýip, professor gizlinlik şertinde aýtdy.
«Ýöne diňe düşündiriş ýeterlikli däl – diýip, ol sözüne goşdy. – Ýaşlara mynasyp hak töleýän iş zerur. Olaryň geljegine gowy umyt döreder ýaly, beýleki ykdysady mümkinçilikler gerek. Umytsyzlyk howply bolup biler».
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum