Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Shemy": Hytaý Kremliň söweş guraly üçin möhüm minerallary nädip üpjün edýär


Täze barlag, hytaý kompaniýalarynyň rus kompaniýalaryny mikroçipleri we ýarag öndürmekde ulanylýan möhüm ähmiýete eýe bolan beýleki minerallar bilen üpjün edýändigini görkezýär.
Täze barlag, hytaý kompaniýalarynyň rus kompaniýalaryny mikroçipleri we ýarag öndürmekde ulanylýan möhüm ähmiýete eýe bolan beýleki minerallar bilen üpjün edýändigini görkezýär.

Hytaý kompaniýalary, şol sanda hökümetiň bölekleýin eýeçiligindäki şirketler, rus ýarag öndürijileriniň potratçylaryna möhüm çig mal berýär. Kreml bu ýaraglary Ukraina hüjüm etmek üçin ulanýar.

2022-nji ýylyň fewral aýynda Russiýanyň Ukraina çozmagyndan soň, Günbatar ýurtlary Hytaýy Russiýany mikroçipler we beýleki möhüm goşa harytlar bilen üpjün etmek bilen "Russiýanyň gazaply agressiýa söweşine itergi bermekde" günäkärledi.

Waşington we Brýussel Kremliň söweş maşynyna iberilýän enjamlary bes etmegi maksat edinýän basyş kampaniýasynyň çäginde ýüzlerçe hytaý kompaniýasyna we şahsyýetine sanksiýa girizdi.

Emma sanksiýalar Russiýa ýarymgeçirijiler we ok-däri öndürmek üçin esasy elementler bolan gallium, germaniý we stibium satýan takmynan iki hytaý kompaniýasyna täsir etmedi. Bu seýrek toprak metallary, Moskwanyň Ukraina urmak üçin ulanýan pilotsyz uçarlaryny we raketalaryny ýasamak üçin zerurdyr.

Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň "Shemy" proýekti tarapyndan geçirilen gözleg, hytaý kompaniýalarynyň Russiýanyň harby-senagat toplumyny, şol sanda Ukraina garşy ulanylýan ýaraglaryň 80 göterimini emele getirýän döwlet eýeçiligindäki "Rosteh" konglomeratyny möhüm minerallar bilen üpjün edýändigini görkezýär.

OCCRP tarapyndan tapylan we "Shemy" tarapyndan gözden geçirilen resminamalara görä, bu üpjün edijileriň azyndan üçden bir bölegi Hytaýyň hökümetine degişlidir. Hytaý Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan söweşini "öjükdirendigini" ýa-da konflikte "ýangyna ot goşandygyny" aç-açan inkär edýär.

Hytaýdan metallary satyn alýanlaryň arasynda ýaponlara degişli rus kompaniýasy bar. "Shemy" tarapyndan seljerilen gümrük we salgyt resminamalaryna laýyklykda ol rus harby mikroelektronika öndürijilerine kremniý plastinalaryny satypdyr. Ýaponiýa Russiýanyň agressiýasyna garşy öz sanksiýalaryny Waşington we Brýussel bilen utgaşdyrypdy.

Russiýanyň Ukraina çozmagyndan soň ABŞ we ÝB Russiýa galiý, germaniý we stibium eksportyna çäklendirmeleri girizdi. Ýöne Hytaý Günbataryň Moskwa garşy girizen sanksiýalaryna goşulmady, bu bolsa çäreleriň netijeliliginiň çäklidigini aňladýar.

“Hytaý we Russiýa kompaniýalary gönüden-göni hyzmatdaşlyk etseler, günbatarly hyzmatdaşlaryň sanksiýalary göni täsir etmeýär. Olar hyzmatdaşlygyny dowam etdirip bilýär" diýip, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň sanksiýalar syýasaty boýunça komissary Wladislaw Wlasýuk "Shemy" proýektine aýtdy.

Şeýle-de bolsa, Wlasýuk sanksiýalaryň rus goşunynyň üpjünçilik zynjyryny çylşyrymlaşdyrmakda möhüm rol oýnaýandygyny belledi.

Adaty we ýadro ýaraglary

Dünýäniň köp ýurtlary, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlary we ÝB agzalary mikroelektronikada we harby tehnologiýada ähmiýeti bolan galiý, germaniý we stibium ätiýaçlyklaryny üpjün edip, saklaýarlar.

"Bu elementleriň hemmesi islendik elektron ulgamyň bir bölegi ... esasan-da söweş meýdanynda, harby desgalarda, islendik goranyş ulgamynda" - diýip, Kiýewiň awiasiýa institutynyň awiasiýa bölüminiň baş mugallymy Tatýana Solomaha aýtdy.

Galiý ýarymgeçirijileri, raketa ulgamlary, emeli hemra we beýleki ýokary tehnologiýaly we harby enjamlary öndürmek üçin giňden ulanylýar.
Galiý ýarymgeçirijileri, raketa ulgamlary, emeli hemra we beýleki ýokary tehnologiýaly we harby enjamlary öndürmek üçin giňden ulanylýar.

Minerallar ýadro ýaraglarynda, gije görüş enjamlarynda, lazer dolandyryş ulgamlarynda, pilotsyz uçarlarda we söweş gämileri, uçarlar, raketalar hem-de tanklar üçin infragyzyl datçiklerde ulanylýar.

"Bu metallar mikroprosessorlarda ulanylýar. "Uçuş gözegçiligi bolmadyk we bu mikroprosessorsyz pilotsyz uçar uçup bilmez" -diýip, dron öndürýän Ukrainanyň Lab 418 kompaniýasynyň esaslandyryjysy Anton Pobuta "Shema" düşündirdi.

Dünýäde iň uly galiý, germaniý we stibium öndüriji bolan Hytaý Pekine gönükdirilen täze amerikan sanksiýalaryna jogap edip, geçen aýda öz kompaniýalaryna bu üç mineraly ABŞ-a eksport etmegi gadagan edeninde, hytaý resmileri çig malyň harby ulanylyşyna salgylandy.

Russiýada seýrek toprak minerallarynyň bazarynda Pekiniň berk orny bar, bu ýerde onuň hyrydarlarynyň arasynda ABŞ-nyň sanksiýalaryna sezewar bolan köp sanly kompaniýa bar.

Sanksiýalar şertlerinde Hytaý 2023-nji ýylda Russiýa galliý we germaniý öndürýän ýeke-täk daşary ýurt üpjünçisi boldy we "Shemy" proýektine gowşan rus gümrük maglumatlaryna görä, stibium bilen üpjün edýän esasy ýurt bolup galýar.

Hytaýyň seýrek minerallaryny Russiýanyň goranyş pudagyna iberýän we “Rosteh” bilen baglanyşykly bolan kompaniýalaryň arasynda “Rosteh” -iň golçur kärhanasy “AO Germanium” we “Rosteh” bilen işjeň iş alyp barýan “Germanium and Applications” atly hususy firma bar.

"Shemy" tarapyndan gözden geçirilen resminamalar "Germaniý we application" kompaniýasynyň öz gezeginde Hytaýyň seýrek toprak elementlerini Russiýanyň harby uçarlary we dikuçarlary üçin optiki enjamlary öndürýän Uralyň optiki-mehaniki zawody ýaly dürli kompaniýalara iberýändigini görkezýär.

ABŞ we ÝB tarapyndan girizilen sanksiýa astyndaky Uralyň optiki- mehaniki zawody, özüni rus goşuny üçin "optiki ulgamlaryň esasy üpjünçisi" diýip atlandyrýar.

Hytaýyň mineral serişdelerini import edýän we ABŞ-nyň sanksiýalary astynda galýan beýleki kompanýalaryň arasynda “Kriotrade Engineering” bar. Bu elektronika öndürijisiniň zawodyna geçen ýyl Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin barypdy. Bu kompaniýa "Rosteh" we Russiýanyň harby-senagat toplumynyň beýleki kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Döwlet satyn alyş maglumatlary, Hytaýdan galliý import ediji “Kriotrade Engineering” -iň ABŞ-nyň sanksiýasyna sezewar edilen birnäçe rus gözleg institutlary bilen hyzmatdaşlyk edýändigini görkezýär. Mysal üçin, Putiniň ýakyn ýaranlarynyň ýolbaşçylygyndaky ýadro ýaragyny öndüriji Kurçatow instituty bilen. Galiý atom bombalarynda plutoniýi durnuklaşdyrmak üçin ulanylýar.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (ortada) Sankt-Peterburgdaky pilotsyz önümçilik zawodyna sapar wagtynda. 2024-nji ýylyň sentýabry
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (ortada) Sankt-Peterburgdaky pilotsyz önümçilik zawodyna sapar wagtynda. 2024-nji ýylyň sentýabry

Galiý we germaniý, rus ýaraglary üçin möhüm tehnologiýalarda, şol sanda Moskwanyň Ukrainada ulanýan "Orlan-30" gözleg pilotsyz uçaryndaky lazer dolandyryş ulgamlarynda ulanylýar.

Noýabr aýynda Russiýanyň Goranmak ministrligi “Orlan-30” uzak aralyga niýetlenen lazer nyşan görkezijisiniň “howa bombasy ýa-da artilleriýa zarbasy bolsun, oky takyk nyşana almaga mümkinçilik berýändigini” mälim etdi.

Ýaponiýa bilen bagly üpjünçilik zynjyry

Şeýle hem, "Shemy" tarapyndan gözden geçirilen materiallar mikroçipler üçin kremniý komponentlerini öndürýän ýapon “Ferrotec” kompaniýasynyň rus golçur kärhanasynyň Hytaýdan stibium import edip, harby maksatlar üçin rus mikroelektronika öndürijilerine kremniý plastinalaryny satýandygyny görkezýär.

Moskwada ýerleşýän “Ferrotek Nord” golçur kärhanasy soňky dört ýylda Hytaýyň “VITAL Technology Group” toparynyň kompaniýalaryndan stibium satyn alypdyr. Agzalan kompaniýanyň 25 göterimi Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki kärhanalara degişlidir.

"Shemy" proýektine elýeterli bolan gümrük ýazgylarynda görkezilen bu söwda Russiýanyň giň gerimli çozuşyndan iki ýyl soň, 2024-nji ýylyň fewralyna degişli.

"Shemy", "Ferrotec" ýapon kompaniýasyndan Hytaýdan seýrek minerallaryň getirilmegi we Russiýanyň harby-senagat toplumynyň potratçylary bilen işleşmegi barada düşündiriş sorady.

Makalanyň neşir edilen pursadyna çenli hiç hili jogap gelip gowuşmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG