Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşme: Türkmenistanyň öňki baş prokurory we Aşgabadyň prokurory saklandy


Türkmenistanyň öňki baş prokurory Serdar Mälikgulyýew
Türkmenistanyň öňki baş prokurory Serdar Mälikgulyýew

Aşgabadyň prokurory Öwezmämmet Şyhmämmedow Türkmenistanda tussag edildi. Ýokary derejeli prokuroryň tussag edilmegi barada ilkinji bolup, turkmen.news neşiri habar berdi. Azatlyk Radiosynyň çeşmesi bu maglumaty tassyklap, Şyhmämmedowyň tussag edilmeginden öň, onuň öňki başlygynyň, geçen hepdede Türkmenistanyň baş prokurory wezipesinden boşadylan Serdar Mälikgulyýewiň hem tussag edilendigini aýdýar.

Resmi türkmen habar serişdeleri 2-nji fewralda Aşgabat şäheriniň prokurory Öwezmämmet Şyhmämmedowyň “gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” wezipesinden boşadylandygyny habar berdi. Resmi habar beriş serişdeleri, adat bolşy ýaly, öňki prokuroryň işde anyk nähili kemçilikleri goýberendigini aýdyňlaşdyrmady.

Turkmen.news neşiri 3-nji fewralda özüniň çeşmelerine salgylanyp, wezipesinden boşadylmagynyň yz ýany, Şyhmämmedowyň tussag edilendigini habar berdi.

“Tussag etme gije MHM işgärleri tarapyndan ýerine ýetirildi, hatda prokuratura işgärleri hem munuň sebäplerini bilmeýärler” diýip, neşir özüniň çeşmesini sitirleýär.

4-nji fewralda Azatlygyň çeşmesi türkmen paýtagtynyň öňki prokurorynyň saklanmagy baradaky maglumaty tassyklady. Biziň çeşmämiziň sözlerine görä, 16-njy ýanwarda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde wezipesinden boşadylan Türkmenistanyň öňki baş prokurory Serdar Mälikgulyýew hem saklandy.

“Baş prokurory (Serdar Mälikgulyýewi) eýýäm geçen hepdede, onuň mejlis zalyndan kowulmagynyň edil yz ýany, sakladylar. Ähtimal, ol Şyhmämmedowyň garşysyna görkezme beren bolmaly. Ýöne, diňe bir öňki prokurory tussag etmediler, eýsem, söwda ulgamynda hem arassalaýyş barýar. Nobatdaky telewizion tobasyna taýýarlyk görülýär” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Bellesek, “gulluk borjuny talabalaýyk ýetirmändigi” sebäpli diýlen düşündiriş bilen wezipesinden boşadylan öňki prokuroryň saklanylmagy barada Azatlyga öňler ygtybarly maglumatlary beren bir çeşme habar berdi. Ýöne, bu maglumaty beýleki çeşmelere tassyklatmak heniz başartmady.

Şol bir çeşme ýokary derejeli prokuratura emeldarlarynyň wezipelerinden boşadylmagynyň hem-de olaryň tussag edilmeginiň, ilkinji nobatda, söwda pudagyndaky ogurlyklar bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

“Onuň (Şyhmämmedowyň) wezipesinden boşadylmagy, baş prokuror Mälikgulyýewiň wezipesinden boşadylmagynda bolşy ýaly, prokuraturanyň söwda ulgamyndaky ogurlyk hadysalary bilen bagly ýagdaýlary düzedip bilmezligi bilen baglanyşykly bolup durýar. Subsidirlenen azyk harytlarynyň hroniki ýetmezçiligi zerarly, jemgyýetde dartgynlylyk artýar. Bu harytlar döwlet dükanlaryna zerur möçberlerde goýberilmeýär, dükanlara baryp ýeten harytlar bolsa, dükan dolandyryjylary ýaly ownuk emeldarlar tarapyndan ogurlanýar” diýip, çeşme aýdýar.

Bulardan başga-da, onuň sözlerine görä, öňki baş prokuror oba hojalygyndaky ýaramaz ýagdaýlar zerarly “ýandy”.

“Oba hojalygyndaky çynlakaý problemalar boýunça hem baş prokurora has köp şikaýatlar bar. Geçen möwsüm harap boldy. Bugdaý planynyň hatda ýarpysy hem ýygnalmady. Pagta boýunça hem ýagdaý şeýle. Ýöne baş prokuroryň Berdimuhamedowlaryň garyndaşlary tarapyndan güýçli goldawy bar. Aýdylmagyna görä, ol Gurbanguly (Berdimuhamedowyň) merhum ejesi bilen uzak garyndaş ýaly bolup görünýär. Häzir aýal doganlardan biri onuň işine gatyşýar. Ýöne aýtmaklaryna görä, prezident onuň söwda ulgamyndaky ogurlyklaryň içine nä derejede çekilendigini görüp, gazaba münüpdir, bu bolsa onuň, maşgala bilen gatnaşygyna garamazdan, köpçüligiň öňünde saýgylanmagyna sebäp bolupdyr” diýip, çeşme aýtdy.

Bellemeli ýeri, Azatlyk Serdar Mälikgulyýewiň prezident maşgalasy bilen garyndaşlyk gatnaşygyny ýa-da beýleki gatnaşygyny tassykladyp bilmeýär.

Şeýle-de, Mälikgulyýewiň hem-de Şyhmämmedowyň öz wezipelerine 2022-nji ýylyň iýulynda, tas bir wagtda diýen ýaly bellenilmegi hem bellärliklidir.

Turkmen.news neşiriniň ýazmagyna görä, Mälikgulyýew baş prokuror wezipesinde işlän döwründe, bir ýarym ýylyň içinde, arassalaýyş geçirip, möhüm wezipelere öz adamlaryny belläp ýetişipdir.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 16-ýanwarda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň täze baş prokurory wezipesine 2013-2021-nji ýyllar aralygynda adalat ministri wezipesini eýelän Begmurat Muhamedow bellenildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG